20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

Aşgabat Aziada-2017 Oýunlaryna Wiza Almak Hakynda

Türkmenistana gelmek we Aşgabat 2017 Oýunlaryna barmak üçin wiza gerekmi?

Hawa, Türkmenistana syýahat edýän ähli daşary ýurtlylar üçin wiza gerek. Muňa Aşgabat 2017 Oýunlaryna baglylykda, syýahat edýänler hem degişli.
Wiza – bu daşary ýurtlylaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň kanuny gelip çykan ýurduny görkezýän resminamadyr:

i. Ýurda girmek üçin;
i. Wizalarynda görkezilen möhletlerde ýurtda wagtlaýyn galmaklary üçin;
i. Wizalarynda görkezilen möhletde ýurtdan çykmak üçin ulanylýar.

Aşgabat 2017 Oýunlary bilen baglylykda, Türkmenistana gelmezden öň, wiza bilen bagly ähli maglumatlary barlamagyň petek alýanlaryň öz jogapkärçiligindedigine ünsüňizi çekýäris. Aşgabat 2017 bilen bagly wiza maglumatlaryny okanyňyzdan soňra, islendik ikirjiňlenmeleriňiz bar bolsa ýurduňyzdaky Türkmenistanyň Ilçihanasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Türkmenistana gelmek üçin nädip wiza almaly?

Türkmenistana gelmek üçin daşary ýurtlylara wiza diplomatik wekiller, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky konsulluklary ýa-da Aşgabadyň halkara howa menziliniň konsullyk bölümi tarapyndan we şeýle-de serhetde ýerli syýahatçylyk gulluklary tarapyndan üpjün edilen çakylyk haty esasynda berilýär.
Çakylyk haty syýahatçylyk gulluklarynyň ýüz tutmasy boýunça diňe Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy tarapyndan berlip bilinýär. Çakylyk hatyny almak üçin amala aşyrylýan işler 2-3 hepde dowam edýär. Wiza işleri boýunça kömek berip biljek ýerli syýahatçylyk gulluklarynyň doly sanawyny şu ýerden görüp bilersiňiz.
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistana gelmek üçin wizany bermekligiň Türkmenistanyň kanunçylygyna, hereket edýän hukuk kadalaryna we ygtyýarlyklaryna degişlidigini ykrar we kabul etmelidirler. Şol sebäpden, Aşgabat 2017 Oýunlary üçin satyn alnan petek barada güwänama ýa-da petekler wizanyň berilmegini kepillendirmeýär. Aşgabat 2017 ýa-da beýleki degişli edaralar wizanyň berilmezligi ýa-da Türkmenistanyň çägine girmekligiň gadagan edilmegi boýunça jogapkärçilik çekmeýärler.
Bu barada jikme-jik maglumat almak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasyna we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň resmi internet sahypasyna salgylanmagyňyzy haýyş edýäris.

Türkmenistana gelmek üçin gerek bolan çakylyk hatyny almak üçin haýsy resminamalar gerek?

Çakylyk haty syýahatçylyk gulluklarynyň ýüz tutmasy boýunça diňe Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy tarapyndan berlip bilinýär. Çakylyk hatyny almak üçin amala aşyrylýan işler 2-3 hepde dowam edýär.
Çakylyk hatyny resmileşdirmek üçin aşakdaky resminamalar zerur:

i. Pasportyň skanerden geçirilen reňkli, ýokary hilli göçürme nusgasy (.jpg)

i. Pasportyň ölçegine gabat gelýän 5×6 sm skanerden geçirilen reňkli, arka tarapy ak surat (.jpg);

i. doldurylan ýüz tutma;

i. tassyklanan syýahat etjek ýerleri we galjak möhleti. Türkmenistanyň çäginde bolan möhletiniň tutuş dowamynda myhmanhanada galmak hökmanydyr.

Syýahatçy Türkmenistana gelmezinden iň az 2 hepde öňünden syýahatçylyk gullugunyň geljek senesi (gatnaw belgisi) we ýurda girjek serheti (gury ýer, deňiz, howa menzili) barada maglumat bermelidir.
Syýahatçylyk gullugy gelnen günden başlap, 3 iş günüň dowamynda wizany hasaba goýmaly. Syýahatçylar hasaba durmak üçin ýanlary bilen 2 sany reňkli surat getirmeli.
Syýahatçylar Türkmenistanyň çäginde syýahat edenlerinde, olara syýahatçylyk gullugynyň ýolbeledi ýaranlyk etmeli. Ähli çykdajylar syýahatçylaryň hasabyna bolar.

Türkmenistana gelmek üçin çakylyk hatyny almaga kim kömek edip biler?

Türkmenistana gelmek üçin wiza almak we beýleki syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän syýahatçylyk kärhanalaryň sanawy bilen şu ýerden tanyşyp bilersiňiz.

Wizanyň tölegi näçe?

Wizanyň tölegi ýurda gelende nagt görnüşde tölenmeli. Tölegler Türkmenistan bilen syýahatçynyň gelip çykan ýurdunyň arasyndaky özara gatnaşyklara baglylykda, üýtgäp biler.

Çeşme: ashgabat2017.com

Degişli makalalar

Prezidentimiz Owganystan Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Hytaý Döwleti Ýokary Hilli Akylly Telefonyny Satuwa Çykardy

Londonda Türkmenistanyň Bitaraplygy Semineri we FotoSurat Sergisi Boldy

syrach