15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Awazada Deňiz Serişdeleriniň Dolandyrylyşyna Bagyşlanan Halkara Okuw Maslahaty Badalga Aldy

Awazada Deňiz Serişdeleriniň Dolandyrylyşyna Bagyşlanan Halkara Okuw Maslahaty Badalga Aldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty işläp başlady. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri hem-de halkara bilermenler—deňiz ykdysadyýeti, syýasat, dolandyryş, ekologiýa, deňiz hukugy babatda we beýleki ugurlarda Halkara ummanlar institutynyň ylmy geňeşçileri gatnaşýarlar.

Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, Hazar bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, milli we umumy bähbitleri, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy nazara almaga esaslanýan möhüm ugurlarydyr. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” hem uly ähmiýet berilýär. Konsepsiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda oňyn we netijeli sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, Hazarýaka döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy durýar.

Ulgamlaýyn taýýarlyk, okatmak, işiniň häsiýeti boýunça Hazar bilen meşgullanýan—nebitgaz ulgamynyň, gidrometeorologiýanyň, balyk hojalygynyň, syýahatçylygyň, tebigaty goraýşyň, deňiz ulaglarynyň, serhet gullugynyň, daşary syýasat edarasynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we beýlekiler Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk etmekleriniň bir görnüşidir. “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahatynyň baş maksady hem şunda jemlenýär. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy bilen Halkara ummanlar institutynyň (International Ocean Institute) arasynda gol çekilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama laýyklykda eýýäm bäşinji ýyl yzly-yzyna Awazada geçirilýär.

Şu ýyl şanly senäni—esaslandyrylmagynyň 45 ýyllygyny belleýän Halkara ummanlar instituty Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite geňeşçi edarasynyň derejesi bolan hökümete degişli däl gurama bolup durýar. Halkara ummanlar institutynyň wezipesi, hususan-da, BMG-niň Deňiz Hukugy boýunça Konwensiýasynda berkidilen adamzadyň umumy mirasynyň Konsepsiýasyny öňe ilerletmekde, deňizleri, ummanlary hem-de kenarýaka çäkleri milli, sebitleýin we dünýä derejesinde netijeli dolandyrmak barada bilimleri ýaýratmakda, olaryň serişdelerini aýawly peýdalanmakda we geljekki nesiller üçin gorap saklamakda jemlenýär.

Institut BMG-niň maksatnamalary we ýöriteleşdirilen edaralary – BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP), Bütindünýä meteorologiýa guramasy (WMO), Azyk we oba hojalyk önümleriniň guramasy (FAO), UNESKO-nyň Hökümetara ummanşekillendirmeler komissiýasy (IOC-UNESCO), Halkara deňiz guramasy (IMO), BMG-niň söwda we ösüş baradaky Konferensiýasy (UNCTAD) we beýlekiler bilen ysnyşykly özara hereket edýär.

Halkara ummanlar institutynyň bütin dünýä boýunça dessin we utgaşdyryjy merkezleriň ulgamy arkaly amala aşyrýan işiniň möhüm ugry dürli sebitleriň—Ortaýer deňziniň, Gara, Baltika we Hazar deňizleriniň, Ýuwaş ummany sebitleriniň aýratynlyklary nazara alnyp işlenip taýýarlanylan okuwlary guramakdan ybaratdyr.

Häzirki on günlük okuwyň maksatnamasy Hazar sebitiniň döwletleriniň ösüşiniň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary, bu ulgamlarda olaryň hyzmatdaşlyk etmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny özünde jemleýär. Okuw üç tapgyra: “Ummanlary dolandyrmagyň düzümi”, “Serhetüsti suw serişdelerini netijeli dolandyrmagyň maliýe gurallary”, “Biziň ummanlar bilen özara gatnaşyklarymyzy dolandyrmagyň serişdeleri” we “Hazar deňzini dolandyrmak” diýen tapgyrlara bölünýär.

Adamzadyň durnukly ösüşini üpjün etmekde hem-de döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde Dünýä ummanyna esasy orun berilýär. Ol Ýerdäki durmuşyň sallançagydyr hem-de onuň mundan beýläk-de hereket etmeginiň girewidir. Ýagyş we içimlik suwy, howa, azyk önümleri, bejeriş serişdeleri—bularyň ählisi Ýer ýüzüniň dörtden üç bölegini tutýan ummanlar we deňizler tarapyndan berilýär we sazlaşdyrylýar. “Ummanyň mawy ykdysadyýeti” durmuşymyzda esasy orny eýeleýär – “Adamzadyň umumy mirasynyň Konsepsiýasynyň” mazmuny şundan ybarat. Bu baradaky çykyş okuw maslahatyna gatnaşyjylara Halkara ummanlar institutynyň dolandyryjy direktory hanym Antonello Wassallo tarapyndan hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, bu Konsepsiýa, bir tarapdan, hiç ýere guýmaýan deňiz-köl bolup durýan Hazara hem, beýleki tarapdan bolsa Dünýä ummany bilen baglanyşykly suw kanallary arkaly doly derejede ýaýraýar. Hazar sebitiniň ösüşiniň okgunly depginleri bu ýerde täsin tebigy toplumy dolandyrmagyň sazlaşykly ulgamyny kemala getirmegiň, ýangyç, mineral we biologiýa serişdelerini peýdalanmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň syýasatyny utgaşdyrmagyň, olaryň deňziň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Diňleýjiler, şeýle hem BMG-niň Deňiz Hukugy boýunça Konwensiýasynyň esasy düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Bu Konwensiýa 160-a golaý döwlet hem-de Ýewropa Bileleşigi gol çekdiler we goşuldylar. Okuwlaryň birinji gününde üçünji müňýyllygyň Ösüş maksatlaryna, aýratynlykda bolsa Nýu-Ýorkda (ABŞ) Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça BMG-niň Maslahatynda geçen ýylyň sentýabrynda kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibine” aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, bu wajyp maksatnamalaýyn resminama ählumumy maksatlaryň 17-sini hem-de şolar bilen baglanyşykly wezipeleriň 169-syny özünde jemleýär. Olaryň durmuşa geçirilmegine ýakyn 15 ýylda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary gönükdiriler.

Hususan-da, munuň özi energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly we häzirki zaman çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmekdir, ykdysady ösüşlere we iş bilen doly meşgul bolunmagyna, azyk howpsuzlygyna we oba hojalygynyň ösdürilmegine, senagatlaşdyrmaga we innowasiýalara ýardam bermekdir, şeýle hem suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdyr, howanyň üýtgemeginiň garşysyna hem-de onuň täsirleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmekdir, ummanlary, deňizleri we olaryň serişdelerini gorap saklamak hem-de oýlanyşykly peýdalanmakdyr, çölleşmäge garşy göreşmekdir, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we beýlekilerdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ählisiniň hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda energetika, durnukly ulag ulgamyny döretmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda we beýlekilerde möhüm wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça daşary döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugry bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň “Rio+20” durnukly ösüş boýunça Maslahatynda, hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň maslahatlarynda hem-de beýleki iri forumlarda öňe sürlen halkara başlangyçlar şoňa gönükdirilendir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini Aşgabatda açmak hakynda, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda, şeýle hem täsin toplumy bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň anyk köptaraply gurallaryny döretmek hakynda teklipler bar.

Bu başlangyçlar hem-de Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan anyk işler, şol sanda energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça işler soňky ýyllarda dünýä jemgyýetçiliginiň uly üns bermeginde durýar. Munuň şeýledigine BMG-niň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” we “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” diýen Kararnamalarynyň kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär.

Okuw maslahatynyň çäklerinde, şeýle hem “Ummanlaryň baýlygy”, “Howanyň üýtgemenginiň deňiz gurşawyna täsiri”, “Deňziň bioköpdürlüligi”, “Daşky gurşawa täsirlere berilýän baha”, “Kenarýaka ýerleriniň toplumlaýyn dolandyrylmagy”, “Deňiz giňişliginiň meýilleşdirilişi”, “Hazar deňziniň nebit, gaz we beýleki serişdeleri gözlenilende hem-de ulanylanda halkara hukugynyň peýdalanylyşy”, “Hazar deňzinde gämi gatnawyny düzgünleşdirmegiň halkara kadalarynyň ulanylmagy”, “Türkmenistanda Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamalary”, “Hazar deňziniň sebiti: durmuş-ykdysady we syýasy ugurlar babatda”, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” ýaly meselelere we beýlekilere garalar.

Okuw maslahaty 17-nji martda tamamlanar.

Degişli makalalar

Prezidentiň kakasynyň adyna Medeniýet köşgi

syrach

“Altyn-Asyr” Bank Kartlary

Türkmenistanyň Pekindäki Diplomatik Wekilhanasy Halkara Telekeçiligi we Ykdysadyýeti Uniwersitetinde Duşuşyk Geçirdi