24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmen-Fransuz diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Aşgabatly Sungat Muşdaklarynyň Öňünde „Arar“ Dueti Çykyş Etdi

Türkmen-Fransuz diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Aşgabatly Sungat Muşdaklarynyň Öňünde „Arar“ Dueti Çykyş Etdi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Fransiýanyň Ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda bolan konsert tanymal „Arar“ duetiniň: pianinoçy Žodilin Gallawardeniň we skripkaçy Aleksis Russonuň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Žodilin bilen Aleksis Lionyň Milli konserwatoriýasynda saz ugrundan ýokary bilim aldylar. Baryp talyplyk ýyllary kamera sazyna we syýahatçylyga höwesi olary duşurypdy. Şonuň üçinem 2013-nji ýylda bu zehinli sazandalar „Arar“ duetini döretdiler. Olar Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly çykyş etdiler, bu sapar olaryň yklymyň çäginden daşary ilkinji gezek çykyşydy.

Žodilin konsertden öň:“ Aleksis ikimiz birneme tolgunýarysam. Ýewropadaky çykyşlarymyz üstünlikli geçýärdi, ýöne aşgabatly saz muşdaklary biziň çykyşymysa nähili baha bererkä? Biz diňleýjileriň köňlüne ýol arçasyn diýip konsertimize belli kompozitorlar Moris Raweliň we Sezar Frankyň sonatalaryny goşdyk. Aleksis ikimiz nusgawy saz diňe hünärmenlere däl, eýsem diňleýjiler köplügine-de elýeter bolmalydyr diýip pikir edýäris, şonuň üçinem owazly, ýöne öte çylşyrymly bolmadyk eserleri saýlaýarys. Ol biziň çykyşlarymyzy hemmä deň edýär“-diýip gürrüň berdi.

Olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren şahyrana owazlaryna aşgabatlylar mynasyp baha berdiler. Diňleýjileriň köpüsi Sezar Frankyň sazlaryny ilinji gezek diňlediler, onuň döredijiliginde fransuz, belgiýa we wena nusgawy sazlarynyň ýol-ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr. Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpmalary olaryň „sag bolsunyny“ ýetirdi.

Aleksis Russo:- Žodilin ikimize dostluk çapary bolmak miýesser edenligine buýsanýaryn. Saz halklary jebisleşdirýän sungatdyr-diýip galamgärlere aýtdy.

Konsertiň ahyrynda Žodilin bilen Aleksis Nury Halmämmedowyň „Nar agajy“ sazyny ýerine ýetirip, saz muşdaklaryny haýrana goýdylar.Türkmen kompozitorynyň sazyny duet özboluşly üýtgeşik çaldy. Milli kompozitorçylyk mekdebiniň ajaýyp wekiliniň eseriniň ritmiki aýlawlary we owaz saýrylygy bilen fransuz sazandalaryny özüne maýyl edenligini aňsa bolýardy.

Degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwatyny Durmuşa Geçirmegiň Esasy Ugurlaryny Kesgitledi

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2019-njy Ýyl: Söwda Toplumy we Telekeçilik

Birža Täzelikleri