15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Awazada futbol boýunça açyk birinjiligi tamamlandy.

Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň kiçi futbol boýunça açyk birinjiligi tamamlandy. Oňa “Awaza” MSZ boýunça Baş müdürligiň, myhmanhanalaryň, ýurdumyzyň we bu ýerde işleýän daşary ýurtlaryň gurluşyk kompaniýalarynyň, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň toparlarynyň üç ýüz töweregi höwesjeň-türgenleri gatnaşdylar. 

Bäsleşik “Ýaht” klubynda 28-nji oktýabrda badalga aldy. Bu köp günlük geçirilen futbol ýaryşy ýaht klubyň başlangyjy bilen eýýäm iknji sapar geçirilýär. “Awaza-2104” kubogyny almak ugrunda geçirilen bu ýaryşa toparlaryň 24 gatnaşdy. Türkmenbaşy şäheriniň sport baradaky komitetiniň, milli derejeli eminler, sport ussatlary Akif Abişew, Ýuriý Bordomilow, Bazarbaý Ýazmedow we sport ussady, futbol boýunça Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Gudrat Ismailow ýaly tejribeli eminler eminler toparynyň düzümine girdiler. 

“Awaza-2014” kiçi futbol boýunça geçirilen bäsleşigiň birinji tapgyrynda duşuşyklaryň 36 geçirildi. Ikinji tapgyrda bäsleşigi 16 topar dowam etdirdi we ýarym finalda “Ýelken” topary Türkmenbaşy şäheriniň «Ýalyn» we Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň topary Türkiýäniň «Hatipoglu» kompaniýasynyň topary bilen duşuşdylar. Ýarym finalyň duşuşyklary «Ýalyn» we «Petronas» toparlarynyň ýeňişleri bilen tamamlandy. 

6:4 bilen tamamlanan final duşuşygynda “Petronas” topary “Awaza-2014” kubogynyň eýesi bolmagy başardy. Ikinji orny “Ýalyn” topary eýeledi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda bäsleşigiň üçünji orny hiç bir topara berilmedi.

Degişli makalalar

Türkmen futbolçylary ýene-de AFK-nyň Çagyryşynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy.

syrach

Iň Güýçli Türgenler, Şol Sanda Daşouguzly Pälwanlar Aziada-2017-de Ýurdumyza Wekilçilik Etmek Ugrunda Bäsleşýärler

Olimpiýa Şäherçesiniň Monorelsli Ýoly Sport Klasteriniň Sport we Infrastruktura Desgalaryny Birleşdirdi