19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport ulgamy: ägirt uly mümkinçilikler hem-de ösüşiň giň ugurlary

Sergi köşgünde türkmen topragynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlary birleşdiren “Sport we syýahatçylyk beýik Galkynyş eýýamynda” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işini tamamlady. Aşgabatda geçirilen sergi we maslahat syýahatçylyk pudagynyň hem-de sportuň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de olaryň ösüşiniň giň ugurlaryny aýdyň görkezmek bilen bir hatarda bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işjeň gatnaşyklar baradaky barha artýan gyzyklanmasyny hem aýdyň ýüze çykardy. Bu gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň arasynda sport hem-de ulag- aragatnaşyklar ulgamynda ýöriteleşdirilen kompaniýalar, ABŞ-dan, Awstriýadan, Germaniýadan, Russiýadan, Müsürden, Hytaýdan, BAE-den, Türkiýeden,Eýrandan, Hindistandan, Horwatiýadan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan bolan iri syýahatçylyk operatorlary bar.

Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan gözden geçirilişiň işlän üç gününiň dowamynda oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň ýüzlerçesi baryp gördi. Bu ugurda iş alyp barýan hünärmenler özara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, pikirleri hem-de anyk teklipleri alyşmakda ajaýyp mümkinçilikleri aldylar hem-de bu sergä aýratyn üns berdiler.

Sergiler toplumynyň meýdançasynda görkezilen gymmatlyklar dünýä bileleşiginiň durmuşyň ähli ugurlarynda ynamly ösüşi başdan geçirýän Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň hemme taraplaýyn artýandygyny aýdyň tassyklap, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň giň iki taraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandyklaryna şaýatlyk etdi.

Türkmen topragynyň özboluşly tebigy aýratynlyklary hem-de gözelligi, milletiň baý taryhy-medeni mirasy, onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan biziň günlerimize gelip ýeten gadymy binagärçilik ýadygärlikleri, şeýle hem ýurtda yzygiderli ösdürilýän myhmanhana we bejeriş- şypahana infrastrukturasy—bularyň ählisini syýahatçylyk industriýasy ulgamynda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri uly gyzyklanma bilen öwrendiler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň pikirine görä, hakyky syýahatçylyk jennetine öwrülmek üçin Türkmenistanda hemme mümkinçilikler bar. Hazaryň kenaryndaky iň häzirki zaman amatlyklary bolan deňiz şypahanasynyň kemala gelýän ýeri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bolsa işewürligiň şu görnüşine ýöriteleşen iri kompaniýalaryň ünsüni has-da giňden özüne çekýär.

Sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem uly mümkinçiliklere eýe bolup, halkara gumanitar gepleşikleriniň wajyp guralyna öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamy kämilleşdirmek köpçülikleýin bedenterbiýe we bejeriş hereketini hem-de ýokary gazanylanlary bolan sporty ösdürmek täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda giň gerime eýe bolan uly hem-de kiçi sport desgalarynyň gurluşygy munuň aýdyň tassyklamasydyr. Aşgabatdaky özboluşly Olimpiýa şäherjigi hem sport ulgamyndaky döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Ol ýerde milli we halkara derejedäki iri halkara ýaryşlary geçiriler.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa ornaşdyrýan ägirt uly işleriniň netijesinde ýurdumyzda munuň üçin hemme şertler döredildi. Gündogary we Günbatary birleşdirýän möhüm köpri we gadymy medeniýetleriň Watany hökmünde biziň ülkämizde syýahatçylyk pudagy ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Üç günüň dowamynda geçirilen maslahatyň barşynda Türkmenistanda syýahatçylygyň we sportuň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryna, onuň ösüşiniň mümkinçiliklerine syn berlip, bu wajyp ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Oňa gatnaşyjylar syýahatçylyk ugurlaryny işläp düzmek babatynda pikir alşyp, mahabatlandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklipleri beýan etdiler. Öz nobatynda halkara bilermenleri maslahata gatnaşyjylary dünýä syýahatçylyk pudagynyň ösüş ugurlary, şol sanda syýahatçylygyň täze görnüşleriniň ösüşi bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň söwda-senagat edarasynyň bilelikde guran maslahatynyň netijelerini jemlemek bilen, Sergi köşgüne ýygnananlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin netijeli gepleşikleriň dowam etdirilmelidigini aýtdylar.

Serginiň we maslahatyň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

“Sport we syýahatçylyk beýik Galkynyş eýýamynda” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Basketbol Aşgabat Türkmenistan Wideo

turkmenhabargullugy

Küşt Ussatlarynyň Ýaryşy

Milli sport we syýahatçylyk institutynda maslahat geçirildi.

syrach