24.1 C
Aşkabat
24.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Azerbaýjan bilen Pakistan harby hyzmatdaşlyk eder.

Paýtagat Bakuwda geçirilen seminar barasynda metbugata ýazmaça beýanat beren Milli goranmak ministrligi, seminaryň ahyrynda 2013-nji ýyla degişlilikde taýarlanan teswirnama gol çekişilendigi nygtaldy.

Seminaryň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň goranmak senagaty we tälim ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki sepgidi, ýaýbaňlaşdyrylmagy we sebitleýin howpsuzlyk boýunça pikir alyşmak bolandygy habar berildi.

Seminarda Azerbaýjan tarapyna Halkara harby hyzmatdaşlyk departamentinin ýolbaşçysy, general maýor Ramiz Nejefow, Pakistanyň wekiliýetine bolsa Birleşen karargähiň Daşary harby hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdiri general maýor Taryk Gaffur ýolbaşçylyk etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

turkmenhabargullugy

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

syrach