15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan- BMG Strategiki maslahat beriş…

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan – BMG” Strategiki maslahat beriş geňeşiniň mejlisi boldy. Mejlisiň barşynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklere degişli meselelere garaldy. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2012-nji ýylyň 2-nji martynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, şol geňeşiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklandy. 

Şu günki duşuşykda esasan, Strategiki maslahat beriş geňeşiniň işiniň görnüşlerini, onuň mandatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary işläp düzmegiň we ýerine ýetirmegiň usulyýetini kesgitlemek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda Türkmenistan tarapyndan ýöredilýän oňyn özgertmeler syýasatynyň many-mazmunynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Döwlet adam üçindir” diýen şygarda öz beýanyny tapýandygy hem-de BMG-niň Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna laýyk gelýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça yzygiderli ýagdaýda amada aşyrylýan bu syýasaty türkmen halky dolulygyna we biragyzdan goldaýar hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edildi. 

Dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara gşuramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri – BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirligi we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek ýurdumyzyň bitaraplygyň, parahatçylygy söýüjiligiň we açyklygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 

Häzirki wagtda Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözülmegine hil taýdan täzeçe çemeleşýändigini ynamly äşgär etmek arkaly netijeli we deňhukukly esasda giň hyzmatdaşlyk etmek ugrunda çykyş edýän döwletdigini görkezýär. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde yzygiderli ýagdaýda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny hem-de halkara syýasy we işewür toparlarda giňden ykrar edilýändigini we oňlanylýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylyklda, Türkmen Lideriniň energetiki howpsuzlyk, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar deňziniň sebitinde ekologiýany aýawly saklamak, Arala, howanyň üýtgemegine we beýleki ugurlara degişli meseleler boýunça başlangyçlarynyň hem hut BMG-niň Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilendigi nygtaldy. 

Daşary syýasy strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejesinde belent at-abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy jähetleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, boýun alan borçlaryna yzygiderli eýerýändigi hem-de dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny iş ýüzünde tassyklaýandygy bellenildi. 

Häzirki taryhy döwürde Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 100-den gowrak taslamany amala aşyrandygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistan önjeýli hyzmatdaşlygy ugur edinmek arkaly, netijeli gepleşigiň ösdürilmegine uly goşant goşýar hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän peýdaly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine degişli meseleleriň çözülmegine işjeňlik bilen çemeleşýändigini görkezýär. 

Türkmenistanyň toplanan oňyn tejribä, däbe öwrülen gatnaşyklara daýanmak arkaly, bilelikdäki işde döwrüň synagyndan geçen ýörelgeleri ugur edinip, olary häzirki döwrüň şertlerinde döredijilikli ulanýandygy nygtaldy. Ýurdumyzyň BMG-niň abraýly Toparlarynyň birbada üçüsiniň düzümine – 2012 – 2015-nji ýyllardaky döwürde ilat we ösüş boýunça hem-de 2012 – 2015-nji ýyllardaky döwürde neşe serişdeleri boýunça toparlara, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllardaky döwürde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanmagy häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oýlanyşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna işjeňlik bilen çemeleşýän sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen umumy tagallalary utgaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki at-abraýynyň ýokarydygyny görkezýän nobatdaky aýdyň subutnamadyr. 

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sebitde we tutuş dünýäde ählumumy abadançylygyň, yzygiderli ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde “Türkmenistan – BMG” Strategiki maslahat beriş geňeşiniň aýratyn ähmiýete we orna eýedigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, işlenip taýýarlanan teklipleriň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine badalga berjekdigine ynam bildirildi.

Degişli makalalar

Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

MEDWEDEW HINDISTANDA SAPARDA

syrach