24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Bahar Bilen Duşuşyk

Agaçlar pyntyk ýaryp, gül açdy. Çopantelpekdir gülälekli meýdanlara öwrülmäge taýýarlyk görýän ýaly, tebigat üýtgeşik burk urýar. Tebigat, edil baharda ynsan ruhunyň ýyly mähir bilen çoýunyşy ýaly, özüniň adatdan daşary gözelliklerini bu möwsümde ýüze çykarýar. Şonuň üçin-de, baharda dörän her bir duýgynyň astynda müň bir many bardyr. Olar güýçlüdir, ýüregi bendi eden hyjuw bolsa has-da joşgunlydyr. Adamzatda, misli ene Ýer ýaly, ereýän buzlar ýaly, howa ýaly açyk hem takyk özgeriş görünýär. Bu bahar, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly ýigrimi bäş ýyllygynyň bahary, bu bahar ösüşiň, parahatçylygyň, rowaçlygyň hem-de baky bagtyýarlygyň bahary. Bu bahar…
Baharda diňe bir tebigat däl, ynsan oglunyň ähli zada garaýşy-da aýratyn gözelleşýär. Günler ömrüň adaty günleri ýaly görünse-de, duýgular nämedir bir zada sabyrsyz garaşýan ýalydyr. Çünki ruhumyzy iýmitlendirýän närseler çar tarapyňda çogup durandyr. Göwnüňe bolmasa, şemal täsin owaz edip, bulaklar ajaýyp mukam çalýana döner. Sabanyň säher çagynda daşary çykyp, tebigata gulak salsaň, agaçlaryň pyşyrdysyndan, guşlaryň jürküldisinden, hatda guran çöpüň şygyrdysyndan-da oňki süňňüňi bogun-bogun söküp barýan täsin mukamy gözüňi ýumup diňläp oturmalydyr. Hatda olar durşy bilen duýga gaplanan goşgulary okaýan ýaly, jadylaýjydyr. Sebäbi bu döwürde janly tebigatyň her bir agzasy şygryň dilinde gürleşýär. Sebäbi baharyň özi heniz doly ýazylyp gutarylmadyk, belki-de, adamzat ýaşadygyça ýazylyp gutarylmajak şygyrdyr. Ony söýginiň pasly hasap edýändikleri-de şonuň üçin bolsa gerek. Ol ynsana söýmegi, ýaşamagy, güllemegi, önüp-ösmegi, joşmagy hem joşdurmagy… öwretmek üçin dörän pasyl bolsa näbilýäň?!
Bahar ähli duýgulary bilniksiz herekete getirýär. Ol garlary eretse-de, tereň suwlar buz ýalydyr. Munuň deregine ene Ýeriň bagryndan dömüp, täze pudaklar çykar. Beýleki ähli janly-jandarlar ýaly, umytdyr göwünler hem oýanmak bilendir. Çünki ol uzaklara — ertirlere çagyryşdyr, göze görünmeýänleri görüp bilmekdir ýa-da erkinlige ymtylyşdyr. Bahar, şol bir wagtyň özünde, timarlanyşyň möwsümidir. Ol ynjydan göwünlerimizi şatlandyrmak, köpden bäri didaryny görmediklerimiz bilen hemsöhbet bolmak, küýsän dost-ýarlarymyz bilen didarlaşmak, ýitirenlerimizi ýatlamak üçin bize berlen ajaýyp mümkinçilikdir. Ynsan ömrüniň bahary ýaşlyk, ruhuň bahary gözellik, kalbyň bahary söýgi, jemgyýetleriň bahary bolsa parahatçylyk, doganlyk, birek-birege gowuşmak we şatlykdyr. Bahar adamyň durmuşa garaýşynyň hem täzelenişidir. Döwrüň düşünjesi esasynda özgerişe uçramakdyr. Bahar täzeden pyntyk ýarmakdyr, täze umytlara ynanmakdyr we täze düşünjeler bilen ýüzbe-ýüz bolmakdyr. Ol, aslynda, täze işler-de diýmekdir, mysal üçinmi? Mysal üçin, täze iş-güýç, täp-täze islegler we durmuşyň lezzetinden dadyp bilmekdir. Bahar öwrülişik ýalydyr, kämahal amala aşmaz diýen işlerimiziň hem aňsatlyk bilen durmuşa geçmegidir. Aslynda, bu pasly netijeli peýdalanmagymyz biziň üçin zerurlyk bolan, ýylda bir sapar başymyzdan geçirýän, edil çagalyk ýaly, ýaşlyk ýaly, kämillik ýaly… iň gymmatly, gaýtalanmajak pursatlarymyzyň biridir…
Bahar ähli ýitiren zatlarymyzyň öwezini dolmak üçin mümkinçilik berýän täze başlangyç kybapdyr, ýöne ol ne gyzgyn, ne-de sowukdyr. Ähli zat öz bolmalysy ýalydyr, tebigatyň iň gözel ýagdaýy, ähli lezzetleriň başlangyjydyr.
Dünýäde baharyň iň owadan we iň ajaýyp janlanýan topraklarynyň başyny biziň ýaşaýan geografiýamyz çekýär. Bu çäklerde ömür sürýän adamlar Ýer ýüzüniň iň bagtyýar adamlarydyr. Dünýä syýahatçylarynyň bu topraklary synlap, syýahat edip, gözelliklerinden lezzet almagy arzuw edýändikleri ýadyňa düşende: «Eýsem, biz içinde ýaşaýan bu gözelliklerimiziň gadyryny bilýärmikäk beri?» diýen pikir kalbyňa dolup, seni oýlanmaga mejbur edýär.
Guşak adamyň biline kuwwat berýär diýýärler. Biz tebigatyň «biliniň kuwwaty» hakynda pikir edip ýetişmänkäk, milli Liderimiz eýýäm ony emele getirmegiň, berkitmegiň ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bag ekmek dabarasyny geçirmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, her ýylda millionlarça saýaly, pürli, miweli agaç nahallaryny oturtmak bilen baglanyşykly edýän tagallalary, tebigatyň «biliniň kuwwatyny» berkitmäge gönükdirilen tagallalardyr. Milli Liderimiziň yzygiderli talapdyr tagallalary netijesinde bu gün gözel Aşgabadyň daş-töwereginde emeli tokaýlardan döredilen «gök guşak» peýda boldy. Olaryň sany, hatary bolsa, ýyl geçdigiçe köpelýär. Bu adamzadyň ýaşaýşy, ekologiýanyň abadançylygy, sagdynlygyňdyr ruhubelentligiň dowamat-dowam bolmagy üçin edilýän iň mukaddes işleriň biridir.
Döwlet Baştutanymyz 5-nji martda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi we täze binalaryň birnäçesindäki işleriň barşy bilen tanyşlygynyň dowamynda ekilmeli dürli görnüşli baglaryň arasynda derekdir serwi agajyna-da aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Bu gepiň gerdişine aýdylaýan pikir däl. Onuň aňyrsynda çuňňur many, mazmun, halk rowaýatlary ýatyr. Gürrüňi edilýän agaçlaryň ikisi-de gözelligiň, syrdamlygyň, çydamlylygyň nusgasy hökmünde halkymyzyň, hatda edebiýatymyzyň-da taryhyna girdiler. Nusgawydyr häzirki zaman edebiýatymyzda zenanlarymyzyň owadanlykda, kamatlylykda, syrdamlykda derekdir serwi agaçlaryna meňzedilmegi şonuň üçin bolsa gerek. Halk döredijiliginde serwi agajynyň owadanlygy, berkligi, beýikligi çeper deňeşdirme hökmünde-de köp gabat gelýär, «Serwi boýly, serwi kamatly» diýen ýaly deňeşdirmeler bilen gelin-gyzlary taryplamak häzirki şygryýetimiziň hem köp ulanýan çeperçilik serişdesidir. Üstesine-de, her agaç — bir ykbal, her agaç — bir ýaşaýyş. Halk pähimlerine gulak gabartsaň, agaçlar hem edil adamlar ýaly, aglap, gülüp, şatlanyp bilýärler. Olaryň-da özboluşly duýgulary bar.
…Ýurdumyzda tebigy sazlaşygy berkitmek, ekologiýany abadan saklamak ugrunda edilýän ajaýyp işler barada pikir edeniňde, Türkmenistanda ýazlamak üçin bu ajaýyp topraklara gelýän göçegçi guşlaryň geçýän menzilleri, sarp edýän energiýalary we hyjuwy barada pikir edýärsiň ýa-da bir pyşbaganyň diňe şu topraklarda ýaşamak üçin döz gelýän kynçylyklary hakynda oýlanýarsyň.
Hormatly Prezidentimiziň bedew ata atlanyp, meýdana çykmagy, tebigatyň jümmüşine aralaşmagy adamzat bilen tebigatyň arasyndaky jebisligi berkitmekde nesiller üçin tapylgysyz göreldedir. Bu göreldä eýermek, netijede, tebigat bilen bitewüleşmek, daşky gurşawy abat saklamak biziň geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes borjumyzdyr.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy 06/11/2016

turkmenhabargullugy

Türkiýe Bilen Türkmenistanyň Arasynda Resminamalaryň Tassyklanyş Usuly Üýtgedi

“Nurly Meýdan” Towuk Etini we Ýumurtga Öndürmegi Artdyrýar