21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Barak Obama Dewid Kameron bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron bilen duşuşdy. Ak tamda bolan duşuşykda Siriýa krizisine garaldy.

İki lider özara duşuşykdan soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi. Siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Obama bilen Kameron, berilýän ynsanperwer kömekleriň ýokarlandyryljakdygyny we wagtlaýyn hökümetiň gurulmagy üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.

Obama Başar Asada edilýän basyşyň güýçlendiriljekdigini belledi. Obama Siriýada himiki ýaragyň ulanylandygy barasynda öňe sürülýän garaýyşlar hakynda bolsa “Hakykatlary ýüze çykarmak üçin tagalla edýäris” diýdi. ABŞ-nyň Prezidenti Obama Siriýa meselesinde Russiýa bilen garaýyş tapawutlylygynyň bardygyny we munyň syr bolmandygyny nygtady.

Obama “Siriýa krizisiniň çözülmegine goşant goşmak Moskwa üçin uly jogapkärçilikdir. Şol bir wagtda Russiýanyň bähbidinedir” diýdi. “Siriýada entem bir pursat bar. Şol pursatdan ýerlikli peýdalanylmaly” diýen Britaniýanyň Premýer ministri Kameron hem siriýaly oppozisionerlere goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Güni Mynasybetli Baýramçylyk Dabarasy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Synag Ýaryşlary: Meýletinçileriň Ruhlandyrýan Pursaty

BİLDİRİŞ

turkmenhabargullugy