21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Awaza döredijilik mekany.

Ajaýyp däbe öwrülen türkmen myhmansöýerligi, täsin howa şertleri, oňat ekologiýa ýagdaýy, kadaly sagaldyş şertleri hem-de hyzmatlaryň ýokary derejesi – bularyň ählisi Awaza mahsus bolan aýratynlyklardyr. Olaryň üsti bolsa her gün täze amatlyklar bilen ýetirilýär. Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan ozal Awazanyň deňziň kenaryndaky boş ýatan ýerdigini nazara alsaň, häzirki wagtda onuň özgerşini okgunly ösüş bilen deňeşdirip bolar. Deňziň kenarynda peýda bolan kaşaň myhmanhanalar, iň döwrebap düzümli, ýaşyl seýilgähli, suw çüwdürimli dynç alyş merkezleri şeýle ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. 


Entek Awazanyň döredilip başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, bu ýeri örän ähmiýetli wakalara beslendi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, ähli babatda täze uly işlere badalga berildi. 
Hakykatdan hem, gurluşygynyň möçberi babatda-da, daşary ýurtly maýadarlaryň oňa bildirilýän ýokary gyzyklanmasy babatda-da, onuň durmuşa geçirilişiniň ýokary depgini hem-de uly geljegi babatda-da bu taslamanyň deňi-taýy ýokdur. 


Bular barada biziň ýurdumyza gelýän belent mertebeli myhmanlar, şol sanda öz saparlarynyň barşynda Awaza baryp görýän döwlet baştutanlary hem aýdýarlar. Olar Hazaryň türkmen kenarynda bolup geçýän özgertmelere haýran galýandyklaryny beýan edýärler. 


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hakyndaky” karara gol çeken senesini—2007-nji ýylyň 21-nji iýulyny täze Awazanyň doglan güni diýip atlandyrmak bolar. Şol pursatdan başlap, bu zolagyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde boldy. Milli Liderimiz giň möçberli gurluşyklaryň ähli taslamalary bilen içgin tanşyp, olara anyk teklipleri we düzedişleri girizdi. 


Türkmenistan bu taslamanyň köpugurly bolmagyny üpjün edýän, diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem, beýleki möhüm ugurlaryň hem birnäçesini öz içine alýan giň möçberli işleri amala aşyryp başlamak bilen, deňziň kenarynda täsin ykdysady maksatnamany durmuşa geçirmäge girişdi. Onuň üstünlikli boljakdygy öňünden äşgärdi. Bu üstünligiň esasy möhüm durmuş we ykdysady ugurlarda işi düýpli işjeňleşdirmek hem-de onuň binýadynda milli syýahatçylyk ulgamyndan uly peýda almak bilen baglanyşykly boldy. Bu ulgamyň dünýä bazaryna çykmagy bolsa iň ýokary dünýä ülňüleriniň ornaşdyrylmagyny, ähli görkezijiler boýunça bäsleşige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirdi. 
Şeýlelikde, syýahatçylyk ulgamynyň okgunly ilerlemeginiň başyny başlan “Awaza” taslamasy Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň esasy ugurlarynyň birnäçesini – ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini, howa aýratynlyklaryny we üstaşyr – ulag babatda amatly ýerleşişini doly we hemmetaraplaýyn ulanmak, şunuň esasynda milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ýaly ugurlary özüne birleşdirdi. 
Şol geçen döwürden bäri bu ýerde kaşaň myhmanhanalar we ähli hyzmatlary öz içine alýan şypahanalar guruldy, şypahananyň sazlaşykly hereket etmegini üpjün edýän ösen düzüm döredildi, şol sanda syýasy – diplomatik, ykdysady we medeni häsiýetli halkara çärelerini geçirmek üçin zerur şertler üpjün edildi. Häzirki wagtda Awazada döwlet baştutanlarynyň, hökümet wekiliýetleriniň duşuşyklary, işewürlik maslahatlary we döredijilik festiwallary, milli dabaralar hem-de wajyp jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Awaza özgerişlikleriň hem-de täzelikleriň ruhuny, düýpli özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny, türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň özenini şöhlelendirýän örän ähmiýetli wakalaryň ýerine öwrüldi. 


Halkara ähmiýetli deňiz şypahanasynyň kadaly hereket etmegi üçin innowasion derejede wajyp wezipeler – ulag, energetika we agyz suwy bilen üpjün etmek wezipeleri çözüldi. Iň häzirki zaman howa menzili, elektrik stansiýasy, suwy süýjediji desga, inžener – kommunikasiýa düzüminiň ulgamy işe girizildi, Awazanyň kenarynda täze şypahanalar hem-de myhmanhanalar peýda bolýar. Olaryň bir tarapynda deňziň ajaýyp keşbi görünýär, beýleki bir tarapynda bolsa şypahananyň täsinligi bolan giň emeli derýa uzalyp gidýär. 
Awazanyň ösüşiniň geljegi golaýdaky hem-de alysdaky ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär. Olar bu ülkäniň kuwwaty hem-de aýratyn ykdysady zolagyň şertleri bilen tanşyp, bu taslama gatnaşmaga çalyşýarlar. Bu ajaýyp mekanda iri ulag merkezini döretmek mümkinçiligi hem maýadarlarda we işewürlerde uly gyzyklanma döredýär. Şol merkez arkaly dünýäniň bir künjeginden beýleki bir künjegine üstaşyr uçuşlar amala aşyrylýar, ýükler daşalýar we ýolagçylar gatnadylýar. 


Şu babatda golaýda “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylmagy uly ähmiýetli waka boldy. Bu demir ýol “Demirgazyk – Günorta” halkara geçelgesiniň möhüm ulag ýoluna öwrüler. Hazaryň türkmen kenary sebitde iri logistiki merkezleriň birine öwrülýär. Bu ýerde demirgazykdan günorta we günbatardan gündogara tarap uzalyp gidýän awtoulag ýollary, demir ýollar hem-de howa ýollary kesişýär. Bu strategiki wezipäni çözmegiň çäklerinde Türkmenaşynyň deňiz portunyň we parom terminalynyň durkuny täzelemek baradaky giň möçberli taslama amala aşyrylýar. 


Şoňa görä-de, bu ýerde işler giň gerimde dowam etdirilýär. Geçen döwrüň içinde syýahatçylyk zolagynyň çäkleri ep-esli giňeldildi. Bu ýerde gurluşyk hem-de abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy täze tomus möwsüminiň açylyşyna taýýarlyk görýär. Şu ýyl şypahana zolagynyň düzüminiň üsti ýurdumyzyň dürli pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary boýunça gurlan nobatdaky desgalar bilen ýetiriler. Munuň özi Hazaryň kenarynda dynç alýanlaryň sanyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. 


Häzirki wagtda şypahananyň çäginde iri desgalaryň birbada 14-siniň – myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň we kottej toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Bu gurluşyk taslamalarynyň her biri binagärlik babatda özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şunda olaryň ählisinde ýokary amatlyklaryň hem-de kämil hyzmat ediş ulgamynyň döredilmegi, dynç almaga gelýänler üçin iň gowy şertleriň üpjün edilmegi esasy talap bolmagynda galýar. Desgalaryň ählisiniň ugurdaş düzümine hökmany suratda lukmançylyk, sport, oýun we medeni – dynç alyş ulgamlary girýär. Toplumlaryň çäginiň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns beriiýär. Olarda gür baglar hem-de gülzarlyklar, dynç alynýan ýörite ýerler döredilýär. 


Dynç alýanlar Awaza derýasy boýunça gyzykly gezelenç edýärler, seýilgäh toplumyndaky çüwdürimler meýdançasy hem şypahana gelýän myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Şol ýerden ägirt uly deňiz çüwdüriminiň ajaýyp keşbi görünýär. Ýakyn geljekde Awazanyň deňiz kenarynda dynç alyş merkezli akwapark we okeanarium, karting hem-de golf merkezleri, şeýle hem uly dükanlar, kinoteatrlar we beýleki köp sanly desgalar gurlar. Munuň özi Awazada dynç alynýan döwürde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. 


“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek bilen baglylykda bu ýerde iri sport çärelerini, halkara ýaryşlaryny, şol sanda sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde örän netijeli maýa goýum işi innowasion tehnologiýalar, ekologiýa, saglyk we sport ýaly ileri tutulýan ugurlara gönükdirilendir. Bularyň ählisi döredijilik güýç-kuwwatyny, ruhubelentligi, geljege tarap ynamly öňe gitmek meýlini döredýän ugurlardyr. 

 Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalaryň hatarynda Kongres merkezi hem bar. Bu ägirt uly desga ýokary derejede köp sanly halkara duşuşyklaryny, maslahatlary, işewürlik hem-de medeni forumlary geçirmek üçin niýetlenendir. 

 Bu ülkäniň tebigy hem-de taryhy ýadygärlikleri, däp-dessurlary we halk senetçiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän gyzykly we özboluşly gezelençler hem myhmanlaryň hyzmatyndadyr. Bu ýerde gurulýan desgalary nazara almak bilen, Awazanyň ähli möwsümlerde hereket edýän şypahana boljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Syýahatçylyk hyzmatlarynyň içerki we halkara bazarlarynyň häzirki talaplaryna laýyklykda, bu ýerde gyş möwsüminde hem dynç alyş ulgamy okgunly ösdüriler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Ikiçäk Gepleşikleri Geçirdiler

Türkmen Gämi Gurluşykçylary Hyzmatdaşlyk Gatnaşyklaryny Ösdürýärler