21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Baýramaly kombinatynyň durky täzelenilýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde azyk senagatynyň iri kärhanasynda – Türkmenistanyň Azyk senagaty assosasiýasynyň „Baýramaly“ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçen ýylyň ortalarynda badalga alan iri göwrümli durkuny täzelemek işleri dowam edýär.

Kärhannayň esasy binasynda gurluşyk we abatlaýyş işleri eýýäm tamamlandy. Süýt we et öndürýän önümçilik bölümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak doly güýjünde alnyp barylýar. Kuwwatly sowadyjy enjamlar, guýujy ulgamlar, önümleri gaplamak gurnalýar. Ýurtd öndürilýän azyk harytlaryny arasynda durky täzelenen bezeg bilen gernetiki gaplarda et we süýt önümleri peýda bolar. Bu önümler özüniň tagamlylygyny we önümiň ýokumlylygyny uzak wagtlap saklamaga ukyply bolar.

„Baýramaly“ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şöhlat önümleriniň täze görnüşleriniň hasabyna, şeýle hem türşumtyksüýt önümleriniň (aýran, gatyk, ýogurtlar), gaýmagyň, peýniriň, pasterizileşdirilen süýdüň, sliwkanyň, mesge ýagynyň et-süýt önümleriniň görnüşlerini ep-esli giňelder. Netijede kärhananyň durkunyň täzelenmegi netijesinde önümi gaýtadan işlemegiň kuwwatlylygy ýylda süýt 6000 tonna çenli we et 210 tonna çenli artar.

Şeýle hem „Baýramaly“ kärhanasynyň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň durky doly täzelendi, täze abatlaýyş ussahanalary, ulag goýulýan ýer, energiýa tygşytlaýjy, ýangyna garşy göreş desgalary guruldy. Kärhannayň durkuny täzelemegiň çäklerinde täze dolandyryş binasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

ASA azyk senagatynyň desgasynyň durkuny täzelemek işleri ýurduň hususy böleginiň wekillerine – „Toýly-Anna“husuy kärhanasynyň hünärmenlerine ynanyldy. Kärhananyň durkuny täzelemek işlerini 2015-nji ýylyň ortalaryna tamamalamak meýilleşdirilýär.

Degişli makalalar

BMG niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Baýramçylyk Gutlagy

syrach

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bellenýär.

syrach

Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

syrach