22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň agzalarynyň we ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, ilkinji nobatda ýakyn günlerde başlanjak galla oragynyň, şeýle hem ýurdumyzda ýaňbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ileri tutlýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tehnologiýalary peýdalanmagyň möhümdigini bellemek bilen, ýolbaşçylardan ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki zaman elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny giňden ornaşdyrmagy talap edýär. Şol ulgam döwlet dolandyryşynda işiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda ozal döwlet Baştutany ýörite iş maslahatyny geçirip, onda Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygyny we “Elektron hökümet” elektron resminamalar dolanyşygyny ornaşdyrmak meselesine garady. Hormatly Prezidentimiz degişli ugurda mümkinçilikleri mundan beýläk-de giňeltmek we işleri kämilleşdirmek babatda öňde wezipe goýup, bu ulgamyň ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň peýdalanylmagyna esaslanmalydygyny aýtdy. Bu wezipe Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler babatda ägirt uly meýilnamalar bilen şertlendirilendir. Şol özgertmeler bolsa döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak bilen şu gün geçiren iş maslahaty ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny dolandyrmagyň ulgamyna iň täze tehnologiýalaryň tiz ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz bu iş maslahatynda ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bilen göni aragatnaşykda söhbetdeş boldy. Wideoşekilli maslahatda paýtagtyň häkimi döwlet Baştutanymyza Aşgabatda alnyp barylýan işler, hususan-da, giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem şäher merkezini täze Galkynyş eýýamynyň belent derejesinde abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyz Aşgabadyň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, bu ugurda alnyp barylýan gündelik işler bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylaryň baş aladasynyň halkyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanmagyny berjaý etmekdigini nygtap hem-de durmuş üpjünçiligi meselelerine ünsi çekip, bu babatda Aşgabat şäheriniň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz özüniň geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda gurulýan Bagt köşgi, şeýle hem halkymyzyň milli buýsançlarynyň biri bolan Haly baýramçylygyny giň gerim hem-de belent dabara bilen geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wideoşekilli maslahat boýunça göni aragatnaşykda Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew hasabat berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ak pata bermegi bilen, ýurdumyzda başlanjak, galla oragyna welaýatda doly taýýarlyk görlendigini habar berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýat boýunça şu ýyl galla oragynda 542 kombaýn işlediler we 1084 sany mehanizator bu işi üpjün eder. Welaýatyň etraplary boýunça 45 sany kabul ediş nokadynda galla hasyly kabul ediler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda iň möhüm möwsümleriň biri bolan galla oragynda daýhanlar bilen özara hasaplaşyga içgin üns berilmelidigini, gallaçylaryň zähmet haklarynyň öz wagtynda we bökdençsiz tölenmeginiň üpjün edilmelidigini aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbitli bu işiň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ahal welaýaty boýunça mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli tabşyryljak möhüm desgalarda alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy hem-de halkymyzyň bolelin, abadan, bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen bu il-ýurt bähbitli desgalaryň belent dabaralara beslenip ulanylmaga berilmegi bilen bagly tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahatyň barşynda Ahal welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Şagulyýewe hem welaýatda alnyp barlyýan işler boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow bilen göni aragatnaşyga çykdy. Häkim döwlet Baştutanyna welaýatyň ilatynyň hal-ýagdaýy, alnyp barylýan işleriň, gurulýan desgalaryň ýagdaýy barada jikme-jik hasabat berdi. Şeýle hem S.Satlykow welaýatyň kärendeçileriniň galla oragyna taýýarlygy hakynda habar berdi. Hasabatda bellenilşi ýaly, welaýat boýunça şu ýyl galla oragynda 189 kombaýn işlediler, 646 ýük ulagy däne daşamak bilen meşgullanar, tehnikalara hyzmat ediji toparlar gije-gündizleýin usulda işlär, welaýatyň hormatly ýaşulularynyň ak pata bermeginde orak möwsümine Bereket etrabynda badalga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi bilen wideoşekilli maslahatyň barşynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna we himiýa senagatyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Hojamuhammedowy aragatnaşyga çagyrdy. Döwlet Baştutany wise-premýerden özüne gözegçilik etmegi tabşyrylan welaýatynda alnyp barylýan işler barada sorady, şeýle hem milletiň Lideri nebitgaz ulgamy boýunça ýakyn günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara gaz kongresine görülýän taýýarlyk bilen gyzyklandy.

Nobatdaky welaýatyň häkimini aragatnaşyga çagyrmazdan öňürti döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa bilen gürrüňdeş boldy. Ol öz hasabatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulýan medeni desgalar, binalaryň gurluşygynyň ýerine ýetirilişi, olaryň milli äheňdäki bezeg aýratynlyklary barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bina edilýän il-halk bähbitli medeni-durmuş desgalarynyň aýratyn ähmiýeti barada aýtmak bilen, olaryň halkyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini belledi we binalar gurlup tabşyrylansoň, olaryň göwnejaý ulanylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra milletiň Lideri Daşoguz welaýaty bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga çykdy. Şonda ekranda Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow bilen welaýata gözegçilik etmek tabşyrylan wise-premýer M.Akmämmedow peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz öňi bilen M.Akmämmedowyň hasabatyny diňledi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň ähli etraplaryna aýlanyp çykandygyny, daýhan hojalyklarynda galla oragyna doly taýýarlyk görlendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda 180 müň gektar meýdandan şu ýyl 300 müň tonna galla hasyly alnar. Orak möwsüminde kuwwatly kombaýnlaryň 394-si iki çalşykda işlediler. Möwsümde işlejek tehnikalara hyzmat etmek üçin ýöriteleşdirilen toparlaryň 64-si galla oragyna gatnaşýan tehnikalaryň hyzmatynda bolar.

Welaýatyň häkimi M.Nurmämmedow orak möwsüminde gallaçylaryň armasyny ýetirjek medeniýet we sungat işgärlerinden ýörite toparlaryň düzülendigi, olar üçin ähli şertleriň döredilendigi barada jikme-jik habar berdi. Şeýle hem häkim türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan haly baýramçylygyna welaýatda görülýän taýýarlyk barada aýtdy.

Döwlet Baştutany olaryň işlerinde üstünlik arzuw edip, welaýat boýunça ýerine ýetirilmeli meýilnamalaýyn işleriň öz wagtynda berjaý edilmegi ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlar bilen wideoşekiller arkaly göni aragatnaşygy dowam edip, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabatyny diňledi. Häkim öz hasabatynda öňi bilen sebitde gurulýan täze desgalaryň ýagdaýy, olaryň bezeg aýratynlyklary barada habar berdi. Şeýle hem ol Haly baýramçylygynyň welaýatyň ähli künjeklerinde giňden guraljakdygy, oňa ýokary derejede taýýarlyk görlendigi barada aýtdy. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýat boýunça 175 müň gektar ýerde ösdürilip ýetişdirilen galla hasylynyň oragyna döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen il sylagly ýaşulularyň bissimillasy bilen girişiljekdigini habar berdi we bu möhüm möwsümiň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçiriljekdigine ynandyrdy.

Milletiň Lideri Lebap welaýatynyň häkimi bilen gürrüňdeşliginiň dowamynda welaýata gözegçilik edýän wise-premýer O.Gurbannazarowy hem aragatnaşyga çagyrdy we welaýatyň ýolbaşçylary bilen agzybirlikde işläp, meseleleriň öz wagtynda çözülmegini ýola goýmagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutany olara işlerinde üstünlik arzuw edip, Mary welaýatynyň häkimini aragatnaşyga çagyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow öz hasabatynda şu ýyl orak möwsüminde 500-den gowrak kombaýnyň işlediljekdigi, olara tehniki hyzmat, ýangyç-çalgy ýag üpjünçiligi boýunça hiç-hili meseläniň bolmajakdygyny aýtdy. Şeýle hem welaýatyň çäginde 44 sany kabul ediş nokadynyň döredilendigini belläp, olaryň zerur enjamlar bilen doly üpjün edilendigini habar berdi.

Şu pursat döwlet baştutany Mary welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Japarowy hem gürrüňdeşlige goşdy. Wise-premýer welaýatyň ýolbaşçylary bilen agzybirlikde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin netijeli işleri alyp barýandyklary barada habar berdi.

Döwlet Baştutany galla oragyna görülýän çäreler, ony guramaçylykly geçirmek meseleleri bilen bir hatarda Haly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalar, olaryň hili we möhletleri bilen içgin gyzyklandy. Soňra milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olar bilen hoşlaşdy.

Welaýat häkimleri bilen bolan wideoşekiller arkaly gürrüňdeşlikden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow bilen söhbetdeşligini dowam etdi. Döwlet Baştutany paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olaryň hili we tabşyrylmaly möhletleri bilen hem-de bu belent binalaryň paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy dogrusynda içgin gyzyklandy.

D.Orazow paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan tutuljak şanly 20 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalar, häzirki döwürde olarda alnyp barylýan işler hem-de binalarda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň sazlaşykly alnyp barlyşy barada jikme-jik habar berdi. Mundan hem başga wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigi, desgalarda göwnejaý ýaşaýyş we iş şertleriniň doly üpjün edilmelidigi barada aýdyp, bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa bilen wideoşekilli göni aragatnaşykda gürrüňdeş boldy.

Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň täze tehnologiýalary ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna tiz ornaşdyrmak boýunça başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp, türkmen parlamentarileriniň öňde boljak halkara ähmiýetli çärelere, şanly wakalara we baýramçylyklara taýýarlyk görmegiň çäklerinde türkmen döwletiniň ylalaşdyryjylyk başlangyçlaryna giň halkara goldawyny üpjün etmek üçin parlamentara gatnaşyklaryny işjeň peýdalanjakdygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Döwlet Baştutany wideoşekilli göni aragatnaşygyň ahyrynda “Türkmenhaly” Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy O.Işangulyýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda Haly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk bilen içgin gyzyklandy.

Döwlet ministri hormatly Prezidentimize Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda guraljak dabaralaryň maksatnamasy barada habar berip, şu ýyl Haly baýramçylygynyň dabaralarynyň has-da belentden tutuljakdygyny, çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllygynyň bellenilýän senesinde geçirilýän dabaralaryň türkmen halkyna mahsus has belent derejede, toýy uludan tutup geçiriljekdigini belledi.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we türkmen halkynyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilip ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça beýleki wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy urglarynyň biri hemmetaraplaýyn innowasion ösüşe hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we ösen tehnologiýalary işjeň peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda elektron resminama dolanyşygynyň häzirkizaman ulgamynyň giňden ulanylmagyna uly ähmiýet berýär. Bu ulgam döwleti dolandyrmakda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, türkmen döwletiniň mundan beýläk-de okgunly ösmeginiň, öňe ynamly hereket etmeginiň möhüm şerti bolan “Elektron hökümeti” ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga çykmagy üpjün edýän täze telearagatnaşyk enjamlarynyň ulanylmagy bilen geçirilen wideoşekilli maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, işlerinde üstünlikler arzuw etdi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Sosial Aragatnaşyk Ulgamlarymyz

syrach

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

syrach