21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Halkara Muzeý Güni Mynasybetli…

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Halkara Muzeý Güni Mynasybetli Geçirilen Çärelere Gatnaşygyny Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygyna Bagyşlady

2020-nji ýylyň 13-26-nji maýy aralygynda Hytaýyň Bütindünýä parahatçylyk gaznasynyň “Parahatçylyk bagy” muzeýinde, Pekiniň Halkara parahatçylyk medeniýeti Gaznasy, Daşary ýurtlar bilen dostluk boýunça Pekin birleşigi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halkara muzeý güni mynasybetli, Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan sergini gurnady.

Türkmenistanyň Ilçihanasy “Parahatçylyk bagy” muzeýinde birnäçe eksponatlary, şol sanda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy” atly kitaplary, Türkmenistanyň DIM-niň ylmy-publisistik neşirleri, “Türkmenistan” we “Miras” ýaly neşirler, milli amaly-haşam sungatynyň önümleri, halylar, suratkeşleriň suratlary we fotosuratlary ýerleşdirdi.

Halkara muzeý gününe bagyşlanan onlaýn çäreler toplumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Hytaýyň Bütindünýä parahatçylyk gaznasynyň başlygy jenap Li Ruohong Türkmenistanyň gurnan sergisi, elde dokalan halylar, taýýar dokma önümleri, hytaý medeniýetinde gözelligiň ülňülerine öwrülen ahalteke atlary barada belläp geçdi, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasyna döwletiň häzirki durmuşynyň dürli taraplaryna, esasan hem Bitaraplyga bagyşlanan wideo we surat maglumatlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň HHR-daki Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada durup geçdi we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän giňişleýin çäreler barada onlaýn-tomaşaçylara habar berdi.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

turkmenhabargullugy

Türkmen Arhiwi Žurnalynyň Täze Sany

syrach