22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow Abdulla Gülü dabaraly ýagdaýda garşylady.

Prezident Abdulla Gülüň Türkmenistana guraýan resmi sapary öwüşginli ýagdaýda başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Gülü paýtagt Aşgabatda dabaraly ýagdaýda garşylady.

Türkmenistanda ilkinji gezek prezident derejesindäki myhman diňe garaşsyzlyk baýramlarynda resmi çäreleriň geçirilýän meýdanynda garşylandy.

Türkmenistan Prezident Gülüň saparyna berýän ähmiýetini garşylama dabarasy bilen görkezdi.

Sapara berilýän ähmiýetiň beýleki bir görkezjisi bolsa Prezident Abdulla Güle gowşurlan Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy — “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni boldy.

Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy — “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni ilkinji gezek daşary ýurtly prezidente gowşuryldy.

Prezident Gül Döwlet ordenini “Maňa görkezilen gyzyklanma, içginlige ýürekden minnetdarlyk bildirýärin” diýip kabul etdi.

Türkmenistanyň iň ýokary Döwlet ordeniniň gowşurylmagyndan soň Berdimuhamedow kärdeşi Abdulla Güle türkmeniň don telpegini geýdirdi.

İki lider Oguzhan köşgündäki resmi gepleşiklerden soň hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.

Hyzmatdaşlyk şertnamalaryna Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, Energetika we tebygi serişdeler ministri Taner Ýyldyz bilen Bilim, senagat we tehnalogiýa ministri Nihat Ergün gol çekdi.

İki kärdeş soň bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat berdi.

Prezident Gül Türkmenistanyň alyp barýan açyk gapylar we bitaraplyk syýasaty bilen sebitde we dünýäde aýratyn ýere eýedigini nygtady.

Türk işewür adamlarynyň Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýändigini aýdan Prezident Gül, 2007-nji ýylda 1 milliard dollar bolan söwda mukdarynyň 3 milliard dollara çenli baryp ýetendigini, türk firmalarynyň Türkmenistanda 34 milliard dollarlyk taslamany durmuşa geçirendigini aýtdy.

Prezident Abdulla Gül bilen Türkmenistanyň Milli Lideri Berdimuhamedow Halkara Türkmen-Türk uniwersitetiniň täze jaýynyň gurluşygyna hem dabalga berdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň

syrach

Türkmenhowaýollary Gullugynyň Uçarmanlar Düzümi Paýtagtymyzyň Täze Aeroport Toplumynyň Trenažor Merkezinde Hünärini Ýokarlandyrýar