21.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Aşgabat 5 – 0 Daşoguz.

Paýtagtymyzda iki duşuşyk bilen futbol boýunça ýokary liganyDuşuşyklaryň ikisi hem köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirildi. Olaryň birinjisinde “Aşgabadyň” futbolçylary “Daşoguz” toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň birinji ýarymynda Elman Tagaýew iki gezek tapawutlandy (8-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan we 38-nji minutda). Arakesmeden soň, Begmyrat Balakaýew (55-nji minutda), Parahat Annaberdiýew (63-nji minutda) we Nurýagdy Muhammedow (77-nji minutda) tapawutlandylar. 

Beýleki bir duşuşykda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” topary “Bagtyýarlyk-Lebap” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiji toparda Guwanç Saparow iki gezek tapawutlanmagy başardy (40-njy we 52-nji minutlarda). Ýeňlen toparda Myrat Ýagşyýew tapawutlandy (54-nji minutda). 

Çempionatda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary öňde barýarlar, olaryň 14 oýundan soň, 31 utugy bar. Paýtagtymyzyň “Altyn asyry” 13 duşuşykdan soň, öňdebaryjydan üç utuk yzda galýar. Üçünji orunda barýan “Aşgabadyň” 27 utugy bar. 

Futbol boýunça milli birinjiligiň 15-nji tapgyry 1-nji iýunda “Altyn asyr” –“Balkan” , “Şagadam”—”Merw” we “Ahal” – HTTU toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.ň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyry badalga aldy. 

Degişli makalalar

Maryda Welosport Ýörişine Badalga Berildi

syrach

Dagyň Depesine Çykmak Taslamasy Ýylyň Esasy Sport Wakasyna Çenli Ýarym Ýylyň Galandygyny Belledi

Türkmen Diplomatlary Pekinde Geçirilen Futbol Ýaryşynyň Ýeňijileri Boldular