24.4 C
Aşkabat
17.05.2024
DÜNÝÄ

Berdimuhamedow we Ýanukowiçiň arasyndaky gepleşikler.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Ukrainanyň paýtagtynyň iki dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Borispol” halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda milli lybasdaky gyzlar belent mertebeli türkmen myhmanyna däp boýunça duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Ukrainanyň daşary işler ministri K.Grişşenko, Kiýew şäheriniň häkimliginiň diwanynyň başlygy A.Popow, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Şewalew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Garşylaýanlaryň arasynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bar.

Milletiň Lideri türkmen ýaşlarynyň wekilleri bilen salamlaşyp, gysgajyk söhbetdeşlikde olaryň hal-ýagdaýy, okuwlary bilen gyzyklandy, Talyplar döwlet Baştutanyna türkmenistanlylaryň ýaş nesli hakynda içgin alada edýändigi , dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim- hünär almaga döredilen mümkinçilik üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti we garşylan adamlar hatara düzülen hormat garawulynyň esgerleri haly düşelen ýoda bilen resmi wekiliýetler üçin niýetlenen zalyna barýarlar, şol ýerde olaryň gysgaça söhbetdeşligi boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni howa menzilinde belent mertebeli myhman üçin bellenen döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurt üçin şanly wakanyň – Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň şu ýylyň oktýabr aýynda bellenilýän wagtynda Ukraina bu ilkinji sapary netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge täze itergi berer. 2011-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri soňky ýyllarda bu gatnaşyklaryň täze anyk mazmuna eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu gezek Kiýewde geçiriljek nobatdaky ýokary derejedäki gepleşikler taraplaryň doly möçberde hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistanyň we Ukrainanyň doganlyk halklarynyň abadançylygyna hyzmat etjek ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek ugruna ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasydyr. Şunuň bilen baglylykda, saparyň öňüsyrasynda Ukrainanyň paýtagtynda nobatdaky , üçinji türkmen-ukrain işewürler maslahaty boldy. Oňa iki ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Ukrainanyň döwlet düzüminiň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Ukrainanyň energetika ugry, nebitgaz toplumy, gurluşyk we ulag pudaklary, maliýe-bank ulgamy, innowasion tilsimatlar ugry, oba hojalygy, azyk senagaty boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň 100-den gowragy gatnaşdy.

“Hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi işewürler maslahatanyň aýdyň netijeleriniň birine öwürldi. Munuň özi türkmen-ukrain gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berer. Çäräniň işjeň böleginiň umumy mejlisi tamamlanansoň, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň öz kärdeşleri, şeýle hem Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri we duşuşyklary dowam etdi.

Ýerli wagt bilen günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň binasyna ugraýar. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Döwlet baýdaklary galdyrylan meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ulagyň ýanynda Prezident Wiktor Ýanukowiç mähirli garşylaýar.

Hormat garawulynyň serkerdesi iki döwletiň Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda raport berýär. Ukrainanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär, şonda 21 gezek top atylýar, bu belent mertebeli myhmanlara bildirilýän hormat-sarpanyň nyşanlarynyň biridir.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç esgerleriň hatarynyň öňünden geçýärler, soňra hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen görüşýärler.

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Baştutanlary hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişini synlaýarlar.

Dabara tamamlanandan soň Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň binasyna tarap ugraýarlar. Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Ukrainanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça bilelikde surata düşenlerinden soň, “Gülgüne zala” geçýärler, şol ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri boldy.

Prezident Wiktor Ýanukowiç belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen döwletiniň Baştutanyny ukrain topragynda kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparyna Ukrainada döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn ähmiýetli waka hökmünde baha berilýär, oňa şu gün geçiriljek gepleşikler täze depgin berer diýip, ukrain Lideri belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukraina döwlet sapar bilen gelmäge çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin öz kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hemişe deňhukuklylyk, özara ynam bildirmek we iki tarapyň hem bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen döwletiniň Baştutany bu saparyň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşylgy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Özara düşünişmek we ynanyşmak hem-de işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary bar bolan ylalaşyklary we şertnamalary, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we geljek üçin meýilnamalar babatda onuň esasy ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy hem-de mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler oňyn syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, netijeli söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek barada söz açyp, sebitleýin we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç Ukraina döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, ýokary derejedäki häzirki gepleşikleriň, gazanylan ylalaşyklaryň we şu gün gol çekiljek resminamalaryň diňe bir döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin amatly ýagdaýy döretmäge hem mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Ukrainanyň Baştutany türkmen Lideri bilen ýaňy bolan duşuşygyň mazmunly, esasly häsiýetini aýratyn belläp, ähli ugurlar we özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça türkmen-ukrain gatnaşyklaryny, aýratyn hem söwda-ykdysady ulgamda ösdürmek üçin kuwwatyň we uly geljeginiň bardygyny belledi. Şunda Prezident Wiktor Ýanukowiçiň nygtap geçişi ýaly, Ukraina Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar.

Ukrananyň Prezidenti halkara giňişliginde türkmen-ukrain gatnaşyklary baradaky meseläniň üstünde durup geçip, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça iki döwletiň eýeleýän ornunyň meňzeşdigini kanagatlanmak bilen belledi. Wiktor Ýanukowiç syýasy gepleşikleri, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Ukrain Lideri häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge meýillidigini tasssyklady. 2010-njy ýyldaky deňeşdirilende 2011-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 3 esse artdy. Prezident Wiktor Ýanukowiç bular barada aýtmak bilen, şu gün gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň ähmiýetini nygtady. Şol resminamalar bolsa Ukrainanyň we Türkmenistanyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, senagat, oba hojalyk öünmçiligi pudaklarynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar.

Dostlukly döwletiň Baştutany şeýle hem Ukrainanyň Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljekde anyk taslamalara we özara hyzmat etmegiň ýollaryna garamak maksadynda bu işi işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda we ony ibermekde Ukrainada bar bolan mümkinçilikler Türkmenistanda doly derejede ulanylyp bilner diýip, Wiktor Ýanukowiç belledi we hususan-da, Ukrainanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek, içerki we Türkmenistanyň çäginden geçýän döwletara gaz geçirijilerini gurmak taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, ukrain tarapy, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak we degişli enjamlary, şol sanda nebitgaz we energetika desgalary üçin enjamlary ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Medeni-gumanitar ulgamda däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti hem aýratyn bellenip geçildi. Ukrain Lideri öz ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryny okatmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge Ukrainanyň taýýardygyny tassyklap, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda gönüden-göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini hem nygtady.

Ukrain Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina şu saparynyň we Kiýewde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň häzirki wagtda hil taýdan täze tapgyra gadam uran döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ýene-de bir gezek ynam bildirip, dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi we bilelikde netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin Wiktor Ýanukowiçe minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar häzirki taryhy eýýamda has okgunly we netijeli häsiýete eýe bolýar.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Ukrainanyň garaýyşlary gabat gelýär. Munuň özi halkara guramalaryň çäklerinde, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda we beýleki halkara düzümlerinde netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň global meseleleri, ozaly bilen ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny Ukrainanyň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem öz gezeginde Ukrainanyň abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde öňe sürýän tekliplerine hormat bilen garaýandygyny, hususan-da, 2015-2017-nji ýyllarda Ukrainany BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň – EKOSOS-yň agzalygyna saýlamak baradaky teklibi goldaýandygyny aýtdy.

Iki ýurt Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem hyzmatdaşlygyň peýdaly tejribesini topladylar. Şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýändigini, şunuň bilen baglylykda Aşgabat şäherinde möhüm çäreleriň meýilleşdirilýändigini belläp, türkmen Lideri Ukrainanyň wekillerini şol çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Körugurly türkmen-ukrain gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeleýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň özara mümkinçiliklere doly gabat gelmeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara bilelikdäki türkmen-ukrain toparynyň özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň hem-de eksportyň we importyň möçberini giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem 2012-nji ýylda iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda öýlerini açmak hakynda meselä garamagy teklip etdi.

Türkmenistan ozaly bilen baý uglewodorod serişdelerine eýe bolup durýan, geografik taýdan amatly ýerleşýän we üstaşyr-ulag mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçiliklere we oňaýly şertlere eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda türkmen tebigy gazyny Ukraina ibermek, nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda bilelikde işlemek, ukrain kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän energetika ulgamy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany Türkmenistan we Ukraina ösen gaz geçiriji düzümlerine we uglewodorodlary ibermekde, şol sanda üstaşyr çäkler boýunça ibermekde uly tejribä eýedir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna durnukly we howpsuz iberilmegini, şeýle hem diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün etmegiň ygtybarly halkara-hukuk mehanizmlerini işläp düzmäge degişli bolan meseleleri çözmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, milli ykdysadyýeti çalt depginlerde ösdürmäge niýetlenen “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamanyň” maýa goýum işjeňligine we ýokary tehnologik önümçilikleriň döredilmegine esaslanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Ukraina bilen ulag we kommunikasiýalar, metallurgiýa, maşyn gurluşygy, himiýa, elektrotehnika we elektron, dokma, agajy gaýtadan işleýän pudaklar, derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Biz ukrainaly hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklaryň peýdaly tejribesine daýanyp, jemagat we şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi göz öňünde tutýarys. Türkmenistan öz gezeginde ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa we ýeňil senagatyň, agrosenagat pudagynyň önümleriniň iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmak mümkinçiligine eýedir.

Häzir Türkmenistanda ukrain maýasynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň 30-sy hereket edýär, umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna deň bolan maýa goýum taslamalarynyň 64-si amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz gös-göni ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak boýunça bilelikdäki işleriň giňeldilmeginiň Türkmenistanda işleýän ukrain kärhanalarynyň sanyny artdyrmagyň we olaryň işleriniň ugurlaryny giňeltmegiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Syýahatçylyk ulgamy işewür hyzmatdaşlygyň täze ugry bolup biler. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça giň gerimli maksatnama amala aşyrylýar. Bu maksatnama dürli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, şol sanda ukrain kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrmak nukdaýnazaryndan geljegi uly bolup durýar.

Medeni-gumanitar ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, milli Liderimiz 2011-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda Ukrainanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçendigini belledi. Häzirki wagtda Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu çäräni şu ýyl geçirmek meýilleşdirildi.

Belli alymlaryň, medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň işjeň gatnaşmagynda şeýle gatnaşyklaryň möhümdigi barada aýtmak bilen,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurtlaryň ikisinde hem türkmen we ukrain kinosynyň hepdeligini geçirmegi teklip etdi. Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu çäräni geçirmek üçin gowy esas bar, 70 ýyla golaý mundan öň Kiýewiň kinostudiýasy görnükli kinorežissýor Aleksandr Dowženkonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda işledi we çeper filmleri surata düşürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu gün gol çekmäge taýýar edilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ukrainanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasyndaky ylym we tehnologiýa babatda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Bu maksatnama iki ýurduň alymlaryna bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açar.

Ukraina ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň halklarymyzyň ruhy baýlygyna we ýokary intellektual mümkinçiligine daýanmak bilen, biz geljekde hem türkmen-ukrain medeni-gumanitar we ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz aýdylanlary umumylaşdyryp, şu gün geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri anyk netijeleri gazanmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini, şeýle hem iki döwletiň geljekde hem köpugurly türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin zerur bolan işlere taýýardygyny tassyklaýar diýip belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ukrain halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Prezident Wiktor Ýanukowiçe Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işine goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmaslary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç Bilelikdäki türkmen-ukrain Maglumatyna gol çekýärler.

Dabaranyň barşynda şeýle hem Ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň 2012-2015-nji ýyllar üçin Döwletara maksatnmasyna; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ukrainanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim we melhemçilik işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ukrainanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasyndaky Teswirnama; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti bilen Ukrainanyň Milli olimpiýa komitetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Hökümet aragatnaşygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň arasynda 1998-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň arasyndaky Teswirnama gol çekildi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet saparynyň ýokary netijeliligine şaýatlyk edýän gol çekilen resminamalaryň toplumyna iki ýurduň aýry-aýry sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen ylalaşyklar girdi. Olaryň hatarynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Ukrainanyň Donesk oblastynyň döwlet administrasiýasynyň arasyndaky ylalaşyk, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Ukrainanyň Harkow oblastynyň döwlet administrasiýasynyň arasyndaky ylalaşyk bar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň iki ýurduň Liderleri metbugata gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Däp bolşy ýaly, dostluk, birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen geplkşikleriň jemini jemläp, Ukrainanyň Prezidenti duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň ählisi boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny nygtady.

Ähli derejedäki syýasy gepleşikleriň ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, Wiktor Ýanukowiç munuň ukrain-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigini belledi.

Ukrainanyň Lideri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň iki ýurduň gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny nygtap, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ruhunda geçen gepleşikleriň jemlerini teswirlemek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda ýangyç-energetika, oba senagat, metallupgiýa, ulag we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

“Bu işiň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy şu gün gol çekilen 2012-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda Döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnmasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün eder” diýip, Prezident Wiktor Ýanukowiç aýtdy.

Soňra Ukrainanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, umumy tagallalaryň netijesinde soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ep-esli işjeňleşdirildi. Geçen ýylyň aprel aýynda geçirilen Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň aýdyň mysaly we iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde mynasyp goşant hökmünde görkezildi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç 2012-nji ýylyň güýzünde geçirmek göz öňünde tutulýan Türkmenistanyň Ukrainadaky Medeniýet günleriniň hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ukrainanyň Prezidenti şeýle hem öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ylmy-tehniki, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Çykyşynyň ahyrynda Ukrainanyň Prezidenti şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň we onda gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

“Esasy bellemeli zat – biziň umumy maksadymyz bardyr. Şol maksat ukrain-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmekden, täze özara bähbitli taslamalary ösdürmekden ybaratdyr. Öz nobatynda, şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi biziň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder” diýip, Prezident Wiktor Ýanukowiç nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde şu gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

Halkara durmuşynyň möhüm meseleleriniň bir topary boýunça Türkmenistanyň we Ukrainanyň garaýyşlary gabat gelýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary saklamagy ýola goýlan syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi.

Şu gün ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjek resminamalara gol çekildi, bu taraplaryň dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekçidigini tassyklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek, şeýle hem ukrain bazarynda türkmen kärhanalarynyň önümlerini ibermek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Kiýewde Türkmenistanyň we Aşgabatda Ukrainanyň Söwda öýlerini açmak hakyndaky meseläni ýakyn wagtda çözmek barada ylalaşyk gazanyldy. Mundan başga-da, ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem nebithimiýa, maşyn gurluşyk, ulag we kommunikasiýalar,gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda bilelikde işlemek üçin mümkinçilikler bar. Syýahatçylyk ulgamy täze ugur bolup durýar, bu ugurda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uludyr.

Medeniýetde, ylymda we bilimde däbe öwrülen ysnyşykly gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ukrainanyň dostlugyny berkitmekde uly orun eýeleýär. Bu gatnaşyklar netijesinde biziň halklarymyz has-da ýakynlaşýar we özara baýlaşýar diýip, milli Liderimiz şu günki duşuşygyň barşynda medeni-gumanitar ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy.

Gürrüň, hususan-da, ylmy gazanylanlary özara alyşmak, bilelikdäki taslamalara, şol sanda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek , türkmen hünärmenlerini ukrain okuw mekdeplerinde okatmak mümkinçiliklerini peýdalanmak hakynda barýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň halklarynyň baý medeni däplerini mundan beýläk-de ösdürmek, olary şu günüň talaplaryna gabat gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmak barada ylalaşyklar gazanyldy. Mysal üçin, şu ýyl Ukrainada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, şeýle hem iki ýurduň kino hepdeligini geçirmek bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda şu günki gepleşikleriň netijelerinden doly kanagatlanýandygyny aýdyp, türkmen tarapy olara geljek üçin türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň esaslaryny, Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklarynyň bähbitlerine gabat gelýän geljekki bilelikdäki işleriň binýadyny berkitmäge möhüm goşant hökmünde garaýar diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina saparynyň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow Türkmenistanyň Baştutanynyň döwlet kabulhanasynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna nahar berdi. Kabul edişlik mahalynda şu günüň birinji ýarymynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri jähedinden ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň Hökümetiniň Baştutany mähirli hoşlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet kabulhanasyndan Dnepr derýasynyň ýkasynda ýerleşýän Beýik Watançylyk urşunyň esgerlerine bagyşlanan Baky Şöhrat seýilgähine tarap ugrady. Bu ýerdäki meýdançanyň merkezinde 1957-nji ýylda beýikligi 27 metr bolan ýadygärlik-heýkel açyldy. Bu memorial toplumyň eteginde Näbelli esgeriň gubury bar, ol ýerde Baky ot alawlaýar. Näbelli esgeriň guburyndaky Baky Şöhrat ýadygärligine Gahrymanlar ýodasy barýar. Ol ýerde ikinji jahan urşy mahaly wepat bolan esgerleriň guburlary bar.

Bu ýerde türkmen Liderini ukrain tarapynyň resmi adamlary garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlik toplumyna barýar. Ýadygärlige barýan alleýanyň ugrunda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz ukrain halkynyň merdana gahrymanlaryna hormat edip, Näbelli esgeriň guburyndaky Baky Şöhrat ýadygärligine gül goýýar. Döwlet Baştutanymyz bir minut dymmak bilen faşizmden üstün çykylyp gazanylan Beýik Ýeňşiň hatyrasyna janlaryny gurban eden gahrymanlary hatyralady. Hormat garawulynyň rotasynyň esgeleri dabaraly ýöriş bilen geçip gidýärler.

Soňra milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasyna gatnaşmak üçin Kiýewiň merkezine tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, 2001-nji ýylyň maýynda türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän seýilgähde nusgawy şahyryň ýadygärligi açyldy. Türkmen ussalarynyň elinden çykan granit sütünde türkmen şahyry, akyldary, filosofy Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserlerinden dostlugy hem-de doganlygy wasp edýän setirler türkmen we ukrain dillerinde ýazylypdyr. Munuň özi iki dostlukly döwetleriň halklarynyň çuňňur medeni we ruhy gatnaşyklaryndan habar berýär.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ukrainanyň resmi adamlary we Kiýew şäheriniň häkimliginiň wekilleri, Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz özüniň döredijiligi bilen dünýäniň ruhy hazynasynyň bir bölegine öwrülen beýik türkmen şahyryny we akyldaryny hatyralap, ýadygärligiň etegine ajaýyp gül goýdy.

Ýadygärligiň ýanynda hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlary bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz talyplaryň okuwlary, ýaşaýyş şertleri we geljekki isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy. Türkmen döwletiniň Baştutany talyp ýaşlara ýüzlenip, daşary ýurtlarda okaýan her bir ýigit we gyz öz Watanyny ýürekden söýmelidir, öz ýurdunyň we halkynyň taryhyny öwrenmelidir, şeýle hem özleriniň bilim alýan döwletiniň kanunlaryny berjaý etmelidir we däp-dessurlaryna hormat goýmalydyr diýip nygtady.

Bu ýerde bilim alýan talyplar öz gezeginde döwlet Baştutanymyza atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milletiň Liderinden bu şanly waka mynasybetli özleri bilen ýadygärlik üçin surata düşmegi haýyş etdiler. Olaryň haýyşyny berjaý edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we olaryň ukyplaryna we zehinlerine bil baglaýandygyny aýtdy we talyplara berk jan saglyk, okuwlarynda üstünlik arzuw etdi. Soňra milli Liderimiz ukrain kompaniýalarynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşmak üçin Ukrainanyň Ministrler Kabinetiniň Klubyna tarap ugrady.

Kluba gelende belent mertebeli türkmen myhmanynyny Ukrainanyň Prezidenti W.F.Ýanukowiç mähirli garşylady.

Şu ýerde Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe sagat mundan ozal ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilenden soň bu tanyşdyryş dabarasynyň geçirilmegi ukrainaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge we geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýandygyna we taýýardygyna şaýatlyk edýändigini nygtamalydyrys.

Ukrain kompaniýalarynyň tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagy bu çäräniň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy. Tanyşdyryş dabarasy täze taryhy tapgyrda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny anyklaşdyrmaga, uzak möhletleýin geljegi üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň möhüm ädimlerini kesgitlemäge ýardam eder. Işewür foruma gatnaşyjylaryň arasynda dostlukly döwletleriň resmi wekiliýetleriniň agzalary, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri, iri ukrain kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.

Ukrainanyň Prezidenti W.F.Ýanukowiç tanyşdyryş dabarasyny açyp, ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny belledi we foruma döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynyň özi we kärdeşleri üçin uly hormatdygyny nygtady hem-de Türkmenistan bilen netijeli işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda ukrain işewürleriniň meýillerini goldaýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdrymak we giňeltmek üçin ygtybarly binýadyň goýlandygy bellenildi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik esasda guralýar we taraplaryň döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak meýline daýanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça işjeň pikir alyşmak häsiýetine eýe bolan tanyşdyryş dabarasynyň ilkinji minutlaryndan eýýäm Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň – “Altkomyň”, “Sumynyň M.W.Frunze adyndaky ylmy-önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetiniň, “Ýewraziýa truboprowod konsorsiumynyň”, “Interbudmontažyň” we beýlekileriň ýolbaşçylary özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmaga ýokary derejede taýýardygyny mälim etdiler, şeýle hem ýerine ýetirilen işler barada habar berdiler we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary jähetinden Ukrainanyň esasy kompaniýalarynyň ençemesiniň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan anyk teklipler bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini amala aşyran ukrainaly hyzmatdaşlar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, ençeme ugurlar, şol sanda nebitgaz pudagyny tehnologik taýdan toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini aýtdylar. Ukrainanyň gämigurluşyk we maşyngurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri öz kärhanalary bilen tanyşdyrdylar.

Deňiz döwleti hökmünde biziň ýurdumyzyň ornuny berkitmek we milli deňiz söwda flotuny döretmek jähetinden Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, Ukraina bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly hasaplanylýar.

Indi ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda gaz düzüminiň iri desgalaryny üstünlikli gurýan “Sumynyň M.W.Frunze adyndaky ylmy-önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine ynanylan taslamalar bilelikde üstünlikli işlemegiň mysaly hökmünde görkezildi. Nebitgaz pudagy, elektrik energetikasy, maşyngurluşyk, şeýle hem dokma, ýeňil, azyk we gaýtadan işleýän senagat hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Ukrainaly hyzmatdaşlary eýýäm Türkmenistanda senagat we ulag maksatly iri desgalar bilen baglanyşykly uly işleri amala aşyrdylar we bu işi dowam etdirýärler. Olaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden geçýän köpugurly demir ýol we awtomobil köprülerini we beýlekileri görkezmek bolar.

Gadymy taryhy, özboluşly medeniýeti we täsin tebigaty bolan Türkmenistan syýahatçylyk ulgamynda hem ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Ukrain kompaniýalary bu pikiri özleriniň anyk maglumatlary bilen berkitdiler. Şol maglumatlar bolsa, hususan-da, Hazaryň kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda milli syýahatçylygy ösdürmegiň geljegini şöhlelendirýär. Kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bu taslamanyň ähmiýetini nygtap, özleriniň şu ýerde dürli dynç alyş merkezleriniň gurluşygyna gatnaşmak meýlini mälim etdiler. Kompaniýalar syýahatçylygyň aýrylmaz bölegi bolan myhmanhana biznesini kämilleşdirmek boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hususy telekeçiligiň derejesinde hem uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ukrain kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary yzygiderli geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalar, maslahatlar, biznes-forumlar telekeçilik düzümleriniň ýakynlaşmagynyň täsirli guraly bolmalydyr diýip bellediler.

Ýangyç-energetika tolplumynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, himiýa we derman senagaty, söwda, syýahatçylyk, ylym we bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň we söwda-senagat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Şeýlelikde, iki dostlukly ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda özara düşünişmegiň ýokary derejededigi, olaryň öz halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy görkezildi.

Ukrain kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary tanyşdyryş dabarasyny tamamlap, beýleki pudaklaryň hem ençemesini ösdürmek boýunça teklipleriň taýýarlanandygyny habar berdiler. Işewürler häzir bütin dünýäde ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan we düýpli özgertmeleri başdan geçirýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalary üçin uly hormat-sarpadygyny nygtap, mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar. Ukrainanyň işewürleri okgunly ösýän türkmen bazaryna ägirt uly gyzyklanma bildirýärler diýip, çykyş edenler aýtdylar. Özi-de bu gyzyklanma köp babatda Türkmenistanda maýa goýum taslamalary üçin kepillikleriň berilmegi, aýratyn hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina şu saparynyň üstünlikli bolmagy, iki ýurduň arasynda özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine ýardam edýän türkmen döwletiniň Baştutanynyň oňyn daşary syýasaty bilen şertlendirildi.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we özara ynanyşmak esasynda guralýan türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýedigini belläp, iki tarapyň hem dostlukly halklaryň we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine düşünýändigini nygtadylar. Ilkinji nobatda, syýasy gepleşikleriň häzirki ýokary derejesi, şeýle hem ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. Özi-de Ukraina türkmen bazaryna önümleri köp möçberde iberýän ýurtlaryň biri bolup durýar we import babatda hem öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine 2011-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygyň möçberiniň 308 million 500 müň amerikan dollaryna barabar bolandygy hem şaýatlyk edýär. Türkmenistan Ukrainadan maşynlary we enjamlary, mehanizmleri we materiallary, metallurgiýa, azyk senagatynyň önümlerini we beýleki harytlary alýar.

Türkmenistandan Ukraina iberilýän harytlaryň arasynda nebit önümleri, oba hojalyk, dokma senagaty önümleri we beýlekiler esasy orun eýeleýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňligi we netijelliligi köp ugurly türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edýär.

Häzir Türkmenistan ykdysady ösüşiň ýokary depginini görkezýär. Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň çaklamalary barada dünýäniň maliýe institutlary tarapyndan ýaýradylan maglumatlara laýyklykda, maýa goýumlaryny goýmak üçin has özüne çekiji döwlet hökmünde onuň reýtingi ýokarlanýar.

Türkmenistan üçin bu wezipäniň derwaýyslygy milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ugruna düşülendigi, onuň täzeçillik häsiýete eýe bolmagy üçin tagallalaryň edilýändigi bilen şertlendirilendir. Bu babatda Ukraina bilen hyzmatdaşlyk iki tarapa hem uly peýda getirip biler. Türkmenistan ukrainaly hyzmatdaşlaryň himiýa senagaty, gazulag we ýol-aragatnaşyk düzümleriniň desgalarynyň, şol sanda kompressor stansiýalarynyň, köprüleriň we nagymlaryň gurluşygy, oba hojalygy, azyk senagaty ýaly pudaklarda bar bolan tejribesine we tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýär.

Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň baştutanlary tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň we Ukrainanyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň hem-de firmalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigi baradaky pikirini goldadylar.

Pikir alyşmalaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada durlup geçilip, ýokary tehnologiýalary, maglumatlar-kommunikasiýa ulgamlaryny we täze çözgütleri ulanmak ýaly möhüm ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda maýa goýum mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

Tanyşdyryş dabarasynda Ukrainanyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň özüniň ýangyç gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şundan ugur alnyp, türkmen döwletinde nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça gerimi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler görülýär, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, öňdebaryjy tejribäni we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ulanmak arkaly önümçilik düzüminiň desgalary gurulýar.

Türkmenistanyň elektrik energetikasy örän çalt depginler bilen ösýän pudakdyr, ol ýokary öndürijilikli tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda täze elektrik stansiýalarynyň, elektrik geçirijileriň gurluşygy alnyp barylýar, bar bolan energobloklar döwrebaplaşdyrylýar. Tanyşdyryş dabarasynda aýdylan teklipleri nazara alsaň, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek ukrainaly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki iş üçin örän ähmiýetlidir we özara bähbitlidir.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz strategik taýdan möhüm bolan yklymara söwda ýollarynyň çatrygy hökmünde geografiki taýdan örän amatly ýerleşýär. Häzirki wagtda Türkmenistan beýleki döwletler we gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikde ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmek boýunça iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň howa menzilleriniň durkuny täzelemek, täze awtomobil we demir ýol köprülerini gurmak ýaly ulag düzüminiň möhüm taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uludyr.

Türkmenistanyň himiýa senagaty hem milli ykdysadyýetiň okgunly ösýän pudaklarynyň biri hasaplanýar. Bu ulgama goýberilýän serişdeleriň uly peýda getirmegine garaşylýar, şonuň üçin hem ukrainaly hyzmatdaşlarymyz bu ulgamda hem kärhanalary bilelikde gurmaga gyzyklanma bildirýärler.

Syýahatçylyk ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiete eýedigi bellenildi.

Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda Ukrainanyň Prezidenti işjeň pikir alyşmalaryň örän netijeli bolandygyny belledi. Ol ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we halkara gatnaşyklarynyň köp sanly derwaýys meseleleri boýunça özara düşünişilýändigini görkezdi. Prezident Wiktor Ýanukowiç geljekki hyzmatdaşlyga iki tarapyň hem oňyn garaýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, häzir taraplaryň öň gazanylan ylalaşyklary we öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmegi üçin üstünlikli işleýändiklerini nygtady, munuň özi taraplaryň dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ukrainanyň Baştutany Türkmenistanda köpden bäri işleýän ukrain işewürlerine berýän goldawy üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň işewürleriniň kuwwatly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň işewürleri bilen bolan oňyn söhbetdeşligiň jemini jemläp, ýerine ýetirilen işler üçin ukrain işewürlerine minnetdarlyk bildirdi we ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek üçin onuň möhümdigini belledi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç ýygnananlara öňlerinde durýan belent sepgitlere ýetmekde uly üstünlikleri arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdylar. Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşanlar belent mertebeli myhmanlary şowhunly el çarpyşmalar bilen ugratdylar.

Şu gün agşam Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň kabul edişlikler binasynda Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna dabaraly agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina döwlet sapary dowam edýär.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ertir türkmen döwletiniň Baştutany Ýokary Radanyň başlygy W.Litwin bilen duşuşar we Ukrainanyň Milli sirkine baryp görer.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ynsanperwerligiň Aýdyň Nusgasy

BEŞAR ESAD EÝRANDA SAPARDA BOLDY

syrach

Daşary Ýurt Metbugatynda Türkmenistanyň Üstünlikleri we Geljegi

turkmenhabargullugy