27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 15 ýyllygy we bu şanly senä bagyşlanan Halkara maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli iberen haty

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow,

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli Sizi mübäreklemek meniň üçin uly hormatdyr.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini tassyklap we goldap, A/50/80 belgili Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň halky üçin taryhy gün we Türkmenistanyň Hökümetiniň daşary syýasatynda gazanylan täsin galdyryjy üstünlik bolup durýar. Türkmenistan diňe bir hemişelik bitaraplyk derejesi barada strategiki çözgüdi kabul etmek bilen çäklenmän, goňşy ýurtlar bilen özara sazlaşykly gatnaşyklaryň guralmagyny hem-de global möçberde halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyny borç edindi.

Türkmen döwleti tarapyndan bu ugurda anyk ädimler ädildi, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen türkmen döwletiniň arasynda ysnyşykly gatnaşyk ýola goýuldy. Täjigistanda raýatlaryň arasynda oňşuksyzlyk bolan mahalynda, Türkmenistan BMG-niň howandarlyk etmeginde täjigara parahatçylykly gepleşikleri gurady hem-de bu gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşdy. Owganystanda gapma-garşylyk dowam eden mahalynda, Türkmenistan Owganystanyň halkyna möhüm ähmiýetli ynsanperwerlik kömegini gaýgyrmady we ykdysady taýdan goldaw berdi. Üç ýyl mundan ozal bolsa, Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyna gatnaşmak üçin Aşgabatda ýygnandylar.

Bitarap Türkmenistanyň çäginde bu Merkeziň açylmagy Birleşen Milletler Guramasynyň we Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna öwrüldi. Şu ýylyň başynda Merkeze gelip görmegim meniň üçin täsirli waka boldy. Merkeziň işi sebitde ýüze çykýan häzirki zaman howplaryna bilelikde garşy durmaga—ekstremizmden we terrorçylykdan başlap, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we ekologiýa degişli meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.

On bäş ýyl—munuň özi dünýädäki gatnaşyklar bilen baglanyşdyryp aýdanyňda, örän gysga döwürdir, muňa garamazdan şu ýyllar Türkmenistanyň tutuş sebitde we onuň çäkleriniň daşynda yzygiderli ýagdaýda ösüş we rowaçlyk gazanmak ugrunda uly güýje öwrülmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezdi. Biz BMG-de öz hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdiriljekdigine ynanýarys. Şu möhüm ähmiýetli sene bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn.

Pan Gi Mun, BMG-niň Baş Sekretary 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasynda Wideokonferensiýa Görnüşinde Geçirilen Geňeşmeler

turkmenhabargullugy

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Nobatdaky Duşuşyklar we Wideomaslahatlar Geçirildi

turkmenhabargullugy

Eýranyň Birtaraplaýyn Beýannamalary Delilsiz we Esassyz

turkmenhabargullugy