18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedowa Fatih uniwersiteti tarapyndan doktorlyk derejesi berildi

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Fatih uniwersiteti tarapyndan saglygy goraýyş ugrunda doktorlyk derejesi berildi.

Türkmenistanyñ Prezidentligi üçin geçirlen saýlawlarda ikinji gezek uly üstünlik gazanan Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýe Respublikasyna guraýar.

Saparynyñ çäginde Stambulda Fatih uniwersiteti tarapyndan türkmen lideri Berdimuhamedowa saglygy goraýyş ugrunda doktorlyk derejesi berildi.

Dabara Ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan bilen Energetika ministri Taner Ýyldyz hem gatnaşdy.

Berdimuhamedow 2012-njy ýylyñ Türkiýe bilen Türkmenistanyñ arasynda “Ylym, bilim we tehnalogiýa ýyly” hökmünde yglan edilendigini ýatladyp, şu ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürjekdiigini nygtady.

Türkmenistanda 600-dan gowrak türk firmasynyñ iş alyp barýandygyny aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduñ arasyndaky söwda mukdarynyñ mundan beýläk-de ýokarlandyryljakdygyny aýratyn belledi.

SURATLAR 

Degişli makalalar

Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan Şäherinde “Türkmenistan” Merkezi Açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach

Mümkinçilikleriň Tapgyry

turkmenhabargullugy