23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygyna Bagyşlanan Dabara

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Stambul şäherindäki baş konsullygy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynda yzly-yzyna birnäçe çäreler gurady. Birnäçe gün mundan ozal, Izmir welaýatynyň Konak etrabynyň häkimligi hem-de Izmiriň milli kitaphanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkiýäniň deňiz kenaryndaky ajaýyp şäheri Izmirde geçirildi.

Bu gezek Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy ýurduň paýtagty Ankara şäherindäki “Ankara Swissotel” myhmanhanasynda 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp dabara gurady. Bu şanly sene mynasybetli hem-de 2020-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler bilen baglanyşykly guralan brifing ýygnagyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň esasy maslahatçysy Ýalçyn Topçu, Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Samsun şäheriniň deputaty Bedri Ýaşar, ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň baş sekretary we Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Adem Kula, Türkiýedäki daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, metbugat wekilleri we köp sanly myhman gatnaşdy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew dabarada eden çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandygyny bellän ilçi, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli BMG tarapyndan ikinji kararnama kabul edilip, Türkmenistanyň bu hukuk derejesiniň ikinji gezek ykrar edilendigini mälim etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bitaraplyk hukuk derejesiniň 2 gezek ykrar edilmeginiň, bu ugurdaky kararnamalaryň taýýarlamagyna Türkiýe bilen bir hatarda köp sanly ýurduň gatnaşandygy buýsançly wakalardygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG tarapyndan 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilendigini mälim eden ilçi, üstümizdäki ýylda Türkmenistanda, Türkiýede we beýleki ençeme ýurtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we köpçülikleýin sport çäreleriniň geçiriljekdigini beýan etdi.

çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NTMxOA==

Degişli makalalar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi Fotosuratlary

Birža Täzelikleri