15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikleri.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna iş sapary dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn saparyň birinji gününde milli Liderimiz Moskwa bardy we ol ýerde GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisine gatnaşdy. Sammit tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine ugrady.

Şu gün Kazanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Şu gün ir bilen Tatarystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzyň kabulhanasyna geldi we ol ýerden olar bilelikde şäheriň taryhy böleginde ýerleşýän Kazanyň Kreml köşgüne tarap ugradylar. Türkmen Liderini Tatarystanyň paýtagty gyzgyn mähir we uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Tutuş ýoluň ugrunda bozulmaz dostlugyň nyşany bolan Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary belent flagştoklarda pasyrdaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň birine bolan sapary soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazar we taraplaryň erki netijesinde hyzmatdaşlyga täze hil we kuwwatly itergi berer. Şunuň ýaly ynam esasan bilelikdäki möhüm taslamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde barha pugtalandyrylýan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bilen şertlendirilendir.

Hökümet derejesinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Russiýanyň iri we dünýäde ykrar edilen belli “KamAZ” kompaniýasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hasaplanýar. Nebit çykarmak boýunça Russiýada 6-njy orunda, tutuş dünýäde bolsa öňdebaryjy orunlaryň birinde durýan Tatarystanyň nebit çykaryjy “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti türkmen nebitçilerine özüniň hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýlelikde, Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen nobatdaky gepleşikler özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kuwwatly binýat bolup hyzmat eder.

Şu jähetden Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň öňüsyrasynda Kazanda biziň ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary özleriniň tatar kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdiler. Onuň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Nižnekamskiniň we Ýelabužskiniň munisipal etraplaryndaky senagat kärhanalaryna baryp gördüler we ol ýerde “TANEKO” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “P-D Tatneft-Alabuga Steklowolokno” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň, “Rokwul-Wolga” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň, “Fort Sollers Ýelabuga” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň, şeýle hem “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiň awtomobil zawodynyň we Ylmy-tehniki merkeziniň, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwatlyklarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Kazan Kremliniň çägine girýär. Ol ýerde Tatarystanyň Prezidentiniň kabulhanasy we Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň edara binalary ýerleşýär.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Kazan Kremliniň syn ediş meýdançasyna çagyrýar. Ol ýerden şäheriň ajaýyp görnüşi we Kazanka derýasynyň çep hem-de sag kenaryndaky ajaýyp ýerleri oňat görünýär. Bu ýerde özüniň altyn çaýylan gümmezleri bilen aýallaryň Swýato Uspenskiý Zilantow buthanasy, Kazan azat edilende gurban bolan esgerleriň ýadygärligi, Buzly köşk, “Horriýat” diýlip atlandyrylýan aýlanýan Azatlyk heýkeli we başgalar görünýär.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanansoň, Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimizi Ojakly zala çagyrýar. Ol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirilýär.

Belent mertebeli myhmany hormatlamak bilen, Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanda türkmen Lideriniň saparyna diňe bir geljegi uly hyzmatdaş däl, eýsem hoşniýetli dost hasaplanýan doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolundaky nobatdaky ädim hökmünde baha berilýär diýip belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu sapary netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer diýip bellemek bilen, Tatarystan Respublikasynyň baştutany türkmen we tatar halklaryny örän köp zat, şol sanda dil we medeni umumylyklar, taryhy däp-dessurlar baglanyşdyrýar diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de Russiýa Federasiýasy we onuň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbangulyw Berdimuhamedow bu saparyň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi we ikitaraplaýyn hoşniýetli erki, hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini we ägirt uly mümkinçiliklerini esas edinýän netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirer diýip belledi.

Dostlukly ýagdaýda we işjeň esasda geçen gepleşikleriň barşynda döwlet Baştutanymyz we Tatarystanyň Prezidenti söwda-ykdysady ugurlary, senagat pudagyny, ýangyç-energetika toplumyny, oba hojalygyny ugur edinýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler däp bolan gumanitar gatnaşyklaryň, ilkinji nobatda bolsa, bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Prezident Rustam Minnihanow belent mertebeli myhmany we türkmen toparynyň ähli agzalaryny tatar topragynda görýändigine şatdygyny belläp hem-de olary hormatlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystan Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Tatarystanyň baştutanynyň aýdyşy ýaly, bu sapara tatar halkyna bolan dostlugyň hem-de hormatyň nyşany hökmünde baha berilýär.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanow belent mertebeli türkmen myhmanyna şu ýylyň aprelinde Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günlerine gatnaşan Tatarystanyň wekiliýetiniň Aşgabatda mähirli kabul edilendigi, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini mälim etdi.

Tatarystanyň baştutanynyň aýdyşy ýaly, baý taryhy bolan türkmen we tatar haklaryny çuňňur ruhy-medeni kökleri hem-de netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugta baglanyşdyrýar. Bu köp ýyllyk dostluk gatnaşyklary birek-birege bolan hormat we ynanyşmak, işjeňlik we döredijilik hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar. Bu asylly däpleriň ykdysady, bilim we medeni taslamalarda täze many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigi begendiriji ýagdaýdyr diýip bellemek bilen, Prezident Rustam Minnihanow taryhyň dowamynda ýola goýlan we täze döwürdäki gatnaşyklar türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin kuwwatly itergi berýär diýip belledi.

Tatarystan Respublikasynyň baştutany yzygiderli ikitaraplaýyn tejribe alyşmak barada aýtmak bilen, häzirki saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryna Tatarystanyň iri senagat kärhanalaryna baryp görmäge we ýurduň öňdebaryjy düzümi bilen tanyşmaga mümkinçilik berildi diýip aýtdy. Geçirilen duşuşyklar we gepleşikler netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly gyzyklanma bildirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, Prezident Rustam Minnihanow belledi. Şu jähetden nygtalyşy ýaly, Tatarystan türkmen işewürleriniň Russiýanyň bazarlaryna çykmak üçin oňaýly binýat bolup hyzmat eder.

Tatarystanyň baştutany hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň wekilhanasynyň, şeýle hem “KamAZ”, “Tatneft” ýaly Tatarystanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilhanasy hereket edýär we olar türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikdäe birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär diýip belledi. Tatarystanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryndaky özara netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, bu ýerde öndürilýän tehnikalaryň Türkmenistana ugradylýan möçberleriniň, türkmen önümleriniň bolsa Tatarystana iberilýän mukdarynyň artdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini belläp, Prezident Rustam Minnihanow gatnaşyklaryň bilim, ylym we sport ulgamlarynda hem ösdürilmeginiň derwaýysdygyny nygtady.

Gepleşikleriň barşynda Tatarystan Respublikasynyň baştutany

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda kowçum bolup ýaşaýan tatarlara goldaw berilýändigi, tatar diliniň we däp-dessurlarynyň saklanmagy we ösdürilmegi boýunça göwnejaý şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Şonda Prezident Rustam Minnihanow Tatarystandaky türkmenleriň milli-medeni awtonomiýasynyň hem üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Tatarystanyň baştutany türkmenistanly türgenleri 2013-nji ýylda Kazanda geçiriljek tomusky Uniwersiada gatnaşmaga çagyryp, bu ýerde türkmen myhmanlarynyň mähirli garşylanjakdygyny aýtdy.

Şeýle hem Prezident Mustam Minnihanow ýakyn wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak maksady bilen, respublikanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň baştutanlyk etmeginde Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana barjakdygyny aýtdy.Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti soňky ýyllarda türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça uly üstünlikleri gazanandygyny belläp, biziň ýurdumyza mundan beýläk-de rowaçlygy we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Tatarystanyň baştutany şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça 2012-2014-nji ýyllarda söwada-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminama gol çekiljekdigini belläp, onuň ikitaraplaýyn ylalaşyklary has-da işjeň ýagdaýda amala aşyrmaga kömek etjekdigini nygtady.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti öz çykyşyny jemläp, türkmen Lideriniň bu saparynyň türkmen-tatar gatnaşyklaryny ösdürmekde täze sahypany açyp, Türkmenistanyň we Russiýa Fedrasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtaladyrylmagyna, özara düşünişilmegine we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Prezident Rustam Minnihanowa Tatarystan Respublikasynya sapar bilen gelmäge çagyrylandygy we myhmansöýerlige mahsus ýagdaýda kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, doslukly Tatarystanyň tutuş halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam edip, sportda uly ýeňşiň gazanylmagy — “Rubin” toparynyň Russiýanyň futbol boýunça kubogyny eýelemegi bilen gutlady hem-de mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagy we sportda täze sepgitlere ýetilmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meselelere geçip, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary derejede sazlaşykly ösldürilýändigini we şunuň bilen baglylykda Tatarystan Respublikasy bilen däbe öwrülen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny we giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Türkmen Lideri biziň ýurdumyzyň Tatarystan bilen gatnaşykarynyň taryhyň dowamynda iki halkyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara, özara hormat goýulmagyna we birek-birege goldaw berilmegine esaslanýandygyny hem-de munuň işjeň hyzmatdaşlyk bilen berkidilendigini aýtdy.

Şunda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň uly hyzmatynyň bardygyny hem-de onuň doganlyk iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna içgin üns berýändigini bellemek gerek. Muňa ýokary derejeli wekiliýetleriň yzygiderli saparlary we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen öňki duşuşygynyň aprel aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilendigini hem-de şonda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada jikme-jik pikir alşylandygyny ýatlady. Türkmen Lideri şu günki gepleşikleriň hem şol söhbetdeşligi dowam etdirmäge we baglaşylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşiniň barşyna ýene-de bir gezek garamaga hem-de Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga oňaýly ýagdaýy döredendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp ugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda aýratyn üns berilýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli mesele barada durup geçip, nebitgaz we nebithimiýa senagatynyň, maşyn gurluşygynyň, ulag we gaýtadan işleýän pudaklaryň we senagatyň beýleki ýokary tehnologiýaly ulgamlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça strategiki ugurlara öwrülendigini belledi. Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany ylmy has köp talap edýän önümçilik we synag görnüşinde işläp taýýarlamalar boýunça gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti gürrüňi dowam edip, Tatarystanyň “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň wertolýot zawody ýaly esasy kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini hem-de taraplaryň şol hyzmatdaşlygy geljekde-de işjeň ýagdaýda giňeltmegi maksat edinýändigini aýratyn belledi. Hususan-da, “KamAZ” kysymly awtoulaglary satyn almak baradaky ylalaşygyň çäklerinde soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistana has köp möçberli ýükleri daşaýan we dürli maksatly awtoulaglaryň 4806-synyň we şu kysymly ýöriteleşdirilen awtotehnika getirildi hem-de 2012-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýän şertnama laýyklykda, olaryň umumy sany 5064 birlige ýetiriler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany awtotehnikanyň biziň howa we ýerli şertlerimize laýyk getirilen täze kysymlary işlenip taýýarlananda we taslamalar düzülende, Aşgabatda “KamAZ” okuw-serwis merkeziniň işiniň kämilleşdirilmegini we giňeldilmegini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp “Tatneft” kompaniýasynyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen gol çekilen degişli şertnamalara laýyklykda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça serwis hyzmatdaryny berjaý etmek ugrundaky bilelikdäki işleri amala aşyrmakda oňaýly mümkinçilikleriň bardygy görünýär. Türkmen Lideri “Tatneft” kompaniýasynyň Türkmenistanda ilkinji gezek nebiti senagat derejesinde çykarmaga girişendigini belläp, munuň nebit pudagynda göwnejaý hyzmatdaşlygy ýola goýmakda oňat nusga bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, Türkmenistanyň geljekde-de tatar hünärmenleriniň dünýä standartlaryna laýyk gelýän derejedäki işläp taýýarlamalayna daýanjakdygyny we gös-göni ykdysady gatnaşyklary ýola gýomak boýunça bielikdäki işi dowam etdirjekdigini belledi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň we Kazanyň wertolýot zawodynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda dikuçarlary ulanmak boýunça hünärmenleriň tejribe alyşmagy özara peýdaly türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän mysal bolup durýar. Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan tarapyndan ozal satyn alnan MI-17-1B-VIP we MI-17 kysymly dikuçarlaryň Türkmenistanyň şertlerinde göwnejaý işleýändigine, hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary we durmuş ulgamy, şol sanda sanitariýa awiasiýasy üçin Kazanyň dikuçarlaryny satyn almak boýunça oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Soňra türkmen Lideri Türkmenistanyň Tatarystanyň Kazanyň motor-gurluşyk önümçilik birleşigi, “Nižnekamskşina” birleşigi ýaly beýleki kärhanalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Tatarystanyň iri ylmy-senagat merkezlerini döretmek boýunça toplan tejribesi aýratyn gyzyklanma döredýär. Hususan-da, “Alabuga” ykdysady zolagyny döretmek baradaky taslama öňdebaryjy ideýalara esaslanýar, bular häzirki zaman ylmynyň, ýokary tehnolgoýialy senagatyň we netijeli menežmentiň gazananlarynyň bitewi toplumyny emele getirýär.

Ýakynda strategiki resminamanyň—2012-2016-njy ýyllarda

ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen baglalykda bu tejribe özüne çekiji bolup görünýär. Çünki şol maksatnama senagatlaşdyrylan jemgyýeti döretmek maksady bilen milli ykdysadyýeti çalt depginde ösdürmek bilen bagly taglyma esaslanýar.

Özara peýdaly söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasynda bilelikdäki türkmen-tatar iş topary döredildi, onuň birinji mejlisi şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirildi. Netijeli pikir alyşmagyň hem-de esasy ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň şunuň ýaly görnüşi Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky işewür we gumanitar gatnaşyklary ösdürmekde hil taýdan täze tapgyra girişmäge oňaýly esas bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri häsiýetlendirmek arkaly olaryň esasy maksadynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmakdan, adamaryň netijeli zähmeti we göwnejaý ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri dörtmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bilim we ylym ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hünär taýdan ýokary derejeli ýaş işgärleriň taýýarlanmagyna uly ähmiýet berýändigini belläp, Tatarystandaky hyzmatdaşlara şu meseläniň çözülmegine ýardam berilýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 700-e golaýy Tatarystanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Kazanyň döwlet tehnologiýk uniwersitetinde, Kamskiniň bedenterbiýe institutynda, Almetýewskiniň nebit institutynda, şeýle hem Kamskiniň döwlet inženerçilik-ykdysady akademiýasynda bilim alýarlar. Şunuň bilen bagllykda, Türkmenistanyň Baştutany biziň döwletimiziň bu respublikanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň artydyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmen Lideri ylym ýaly wajyp ähmiýetli ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň we Tatarystanyň uniwersitetleriniň arasynda gös-göni ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, taryh boýunça bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegini teklip etdi. Häzirki wagtda taryh ylmy diýseň wajyp ähmiýete eýe bolýar. Çünki Türkmenistanda we Tatarystanda ýaş nesli terbiýelemek boýunça uly işler alnyp barylýar, ýaşlar öz ata-babalarynyň geçmişini oňat bilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly gatnaşyklaryň möhümdigi barada aýdyp, biziň halklarymyzyň baý taryhy geçmişiniň öwrenilmegine degişli meselelere bagyşlanyp, 2013-nji ýylda Aşgabatda wekilçilikli maslahaty geçirmegi teklip etdi. Milletiň Lideri medeni-gumanitar ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň bir hökmünde görkezip, 2012-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigini nygtady. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagynyň hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň arasynda öňden bäri dowam edýän oňat dessurlary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Türkmen Lideri şunuň ýaly gatnaşyklaryň wajypdygyny belläp, sport boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ünsi çekdi. Tatarystanlylaryň sportuň futbol, hokkeý we beýleki görnüşleri boýunça uly üstünlikleri gazanmagy Tatarystanyň Prezidentiniň bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly üns berýändigine şaýatlyk edýär. Kazan uly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwruldi. Mälim bolşy ýaly, indiki ýylda Tatarystanda Uniwersiada-2013 geçirier. Türkmenistanyň Baştutany munuň öz gezeginde respublikanyň halkara derejesinde belent at-abraýa we uly kuwwata eýedigini äşgär edýän görkeziji bolup durýandygyny belledi.

Türkmen Lideri aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli toparlaryny kemala getirmekde goldaw berilýändigi üçin türgenleşdirijilere, sport eminlerine minnetdarlyk bildirip, olaryň biziň hünärmenlerimize tälim bermek boýunça örän wajyp we peýdaly işi amala aşyrandygyny belledi. Biz olara minnetdarlyk bildirýäris hem-de geljekde-de Tatarystandan sport boýunça hünärmenler çagyrylyp durlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmen Lideri öz çykyşynyň ahyrynda Prezident Rustam Minnihanowa we doganlyk Tatarystanyň tutuş halkyna ýakymly arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra Gepleşikler zalynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň (Russiýa Federasiýasynyň) arasynda Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugur boýunça hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu wajyp ähmiýetli ikitaraplaýyn resminama gol çekýärler.

Dabara tamamlanandan soňra Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri metbugat üçin gysga beýanat bilen çykyş etdiler.

Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentini Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda garşylandygynya tüýs ýürekden buýsanýandygyny we begenýändigini belläp, bu saparyň tutuş tatar halkyna uly hormat goýulmagygynyň nyşany bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýtdy. Tatarystanyň Baştutany iki halkyň arasyndaky gadymy ruhy-medeni gatnaşyklaryň mizemezdigini hem-de täze taryhy eýýamda şol gatnaşyklaryň yzygiderli ýagdaýda berkidilýändigini we umumy bähbitlere gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Prezident Rustam Minnihanow gepleşikleriň jemleri barada durup geçip, örän netieli pikir alşylandygyny belledi. Tatarystanyň Prezidenti biz uly ylalaşyklaryň baglaşylmagyna ýol açdyk hem-de öz halklarymyzyň bähbidi üçin geljekde-de şu ugra eýereris diýip aýtdy.

Prezident Rustam Minnihanow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, ýangyç-energetika toplumyny, şol sanda nebitiň gaýtadan işlenmegini we nebithimiýany, şeýle hem Türkmenistana ýöriteleşdirilen tehnikanyň iberilmegini şol ugurlaryň hatarynda görkezdi hem-de halklary has-da ýakynlaşdyrmakda kesgitleýji ýagdaý hökmünde gumanitar hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýratyn belledi.

Şeýle hem Rustam Minnihanow ýakyn günlerde Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada barjakdygyny aýtdy.

Tatarystan Respublikasynyň baştutany türkmen-tatar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we köp ugurly işinde täze uly üstünlikleri, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlygy we abadançylygy arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Tatarystan Respublikasyna şu saparyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň ýagdaýda ösdürilýän döwründe amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň sebitleri, ilkinji nobatda Tatarystan Respublikasy bilen gös-göni we netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegi bellenilmäge mynasypdyr hem-de munuň özi Türkmenistanyň we Tatarystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşygyň gyşarnyksyz we yzygiderli ýagdaýda ösdürilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny tassyklaýar.

Türkmen Lideri gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ýangyç-energetika toplumynda özara arkalaşykly hereket etmegiň, medeni-gumanitar gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Türkmen-tatar gepleşiginiň şunuň ýaly many-mazmuna eýe bolmagy taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda energetika ulgamy, maşyn gurluşygy, ulag we ykdysadyýetiň beýleki ýokary tehnologiýaly pudaklary boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljekki mümkinçilikleri bilen bagly garaýyşlar boýunça taraplaryň birek-birege dolulygyna düşünişmegi bilen şertlendirilendir.

Türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň ylmy has köp talap edýän önümçiligi we synag görnüşinde işläp taýýarlamalary guramak boýunça bilelikdäki işe uly gyzyklanma bildirilmegini gepleşiklerde orta atylan meseleleriň biri hökmünde görkezip, bularyň biziň ykdysadyýetlerimiziň diwersifikasiýa edilmegini we eksporta gönükdirilmegini hil taýdan täze derejä ýetirmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda senagatlaşdyrylan jemgyýetiň döredilmegini ugur edinýändigini we şu işde Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlarymyzyň biri bolup durýandygyna begenýändigini aýtdy. Tatarystanyň senagaty sazlaşykly ýagdýada döwrebaplaşdyrmakda esas bolmaga ukyply innowasion taslamalary işläp taýýarlamakda we önümçilige ornaşdyrmakda göwnejaý hyzmatdaş bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde taraplar medeni-gumanitar ulgam, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şol sanda geljekde düýpli ylmy-barlaglaryň we ykdysadyýetde amaly işläp taýýarlamalaryň düýbüni tutjak ylym-bilim merkezleriniň, alymlaryň we hünärmenleriň arasyndaky gatnaşyklar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşdylar.

Bilim boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljekki mümkinçiliklerine-de aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen döwletiniň Baştutany şunda ylmy gazanylanlary özara alyşmak, bilelikdäki taslamalara, şol sanda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, Tatarystanyň bilim edaralarynda türkmen hünärmenlerine tälim bermegiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barada gürrüň edilendigini aýtdy.

Gepleşikleriň barşynda iki halkyň baý medeni däp-dessurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, olary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejede täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda ylalaşyklar gazanyldy.

Sport boýunça däbe öwrülen ysnyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Türkmen Lideri bu ýerde Türkmenistana hokkeý boýunça milli mekdebi döretmek üçin türkmen-tatar hünärmenleriniň bilelikdäki işi barada gürrüň gidýändigini aýdyp, tatarystanlylaryň toplan tejribesiniň wajypdygyny we Türkmenistanda muňa uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu günki gepleşikleriň netijelerinden dolulygyna kanagatlanýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bulara geljekki türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň esaslarynyň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän geljekki bilelikdäki işiň binýadynyň pugtalandyrylmagyna wajyp goşant hökmünde garaýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa mähirli kabul edilendigi we netijeli gepleşikleriň geçirilmegi üçin göwnejaý şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şol gepleşikleriň netijeleriniň taraplaryň has-da ýakynlaşmagyna we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilelikde täsin galdyrýan binagärlik toplumy hasaplanýan Kazanyň Kremlini synladylar, bu toplum döwlet taryhy-binagärlik muzeý-goraghanasy bolup durýar.

2000-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Kazanyň Kremli beýik dinleriň ikisiniň – yslamyň we hristianlaryň ruhy taýdan goşulyşmagyny alamatlandyrýar hem-de tatar we rus binagärlik tärleriniň özboluşly ýeke-täk nusgasy bolup durýar. Tatarystanyň mukaddeslikleriniň ikisi – biri-biriniň gabadynda ýerleşýän Blagoweşensk ybadathanasy we Kul-Şarif metjidi munuň aýdyň subutnamasy hasaplanýar. Bular köp milletli halkyň ruhy dünýäsiniň belentliginiň, bu halkyň din babatda ylalaşykly bolmagynyň hem-de parahatçylykly oňşuklylygyna ygrarlylygynyň nyşanlarydyr.

Tatarystanyň Baştutanynyň teklibi boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sýuýumbeki minarasynyň derwezesi arkaly Kreml köşgüniň Wekilçilikli binasyna barýar.

Sýuýumbike minarasy ýedi sany gatdan ybarat bolup, Kazanyň Kremliniň dürdänesi hasaplanýar. Ol gyşarýan minaralara degişlidir, çünki onuň demirgazyk-gündogar tarapa gyşarandygy aýdyň görünýär. Häzirki wagta çenli minaranyň gümmezi gapdallygyna 1,98 metr gyşarypdyr.

Sýuýumbike minarasyna degişli köp sanly rowaýatlar we hekaýatlar bar, megerem, Kazanyň Kremlindäki hiç bir ýadygärlik babatda şonça rowaýatlar aýdylmaýan bolsa gerek. Ýöne bu minaranyň syry henize çenli äşgär edilmän gelýär. Hatda onuň haçan we kim tarapyndan gurlandygy baradaky sowallara hiç kim anyk jogap berip bilmeýär, çünki ylymda bu minaranyň Kazanyň hanlygynyň döwründe (ХV asyryň ahyrynda—ХVI asyryň başynda) gurlandygy barada aýdylýar.

Wekilçilikli binanyň esasy girelgesiniň ýanynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidetlerini Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew garşylaýar.

Däp boýunça Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda bilelikde surata düşülenden soňra M.Şaýmiýew Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlaryny binanyň içine girmäge çagyrýar, bu ýerde “Tatarystanyň medeni mirasy: gadymy Bulgar şäheri we Swiýažsk adasy-şäheri” atly uly möçberli durmuş maksatnamasy bilen tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi mynasybetli köp sanly adamlar ýygnanypdyr. Olaryň arasynda Tatarystan tarapyndan resmi adamlar, Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň agzalary, ylmy intelligensiýanyň wekilleri bar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda Mintimer Şaýmiýew türkmen Liderine Bulgar we Swiýažsk şäherleriniň taryhy, bu şäherleriň çäklerinde geçrilýän arheologiýk we dikeldiş işleri barada gürrüň berdi.

2010-njy ýylyň 17-nji fewralynda Tatarystanyň Prezidentiniň Permany esasynda telekeçilige dahylsyz “Tatarystan Respublikasynyň taryhy we medeni ýadygärliklerini dikeltmek boýunça respublikan gazna” atly gurama döredildi, onuň esasy maksatlarynyň biri Bulgar we Swiýažsk şäherleriniň binagärlik toplumlarynyň taryhy keşplerini täzeden dikeltmekden ybarat bolup durýar. Taslama amala aşyrylyp ugralanyndan bäri geçen iki ýylyň dowamynda gadymy Bulgar şäheriniň we Swiýažsk adasynyň –şäheriniň çäkleri uly möçberli gurluşyk we täzeden dikeldiş işleriniň geçirilýän meýdançasyna hem-de ählihalk haýyr-sahawat çäresine öwrüldi. Häzirki wagtda bu şäherlere gelenleriň her biri täzeden dikeltmek boýunça gazna tarapyndan hödürlenen eskizleriň we maketleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşyny synlap biler.

X we XIV asyrlaryň binagärlik ýadygärliklerini häzirki Bulgarda hem görmek bolýar. Olar metjitden, Gündogar we Demirgazyk Aramgählerden, Hanyň guburyndan, Kiçi minaradan, Gara we Ak çadyrlardan, Hanyň hammamyndan we başga-da birnäçe arheologik desgalardan ybaratdyr.

Swiýažesk hem örän ajaýypdyr. Biziň günlerimize asyrlar aşyp gelip ýeten tutuş Russiýanyň milli guwanjy bolan taryhy – medeni ýadygärlik häzirki döwrüň umumy medeni mirasydyr. Häzirki zaman Ada şäheri birnäçe taryhy-medeni gatlaklardan ybaratdyr. Olar Iwan Groznydan has irki döwürden başlanýar. Swiýaga derýasynda bolsa ilkidurmuş adamlarynyň galyndylary hem saklanypdyr.

Swiýažsk Ada şäheri 1551-nji ýylda Iwan Groznyý tarapyndan harby berkitme hökmünde esaslandyrylýar. Gynansak-da, şol döwrüň gadymy buthanalarynyň köpüsi saklanmandyr, ýöne şeýle-de bolsa, bir günde agaçdan gurlan ajaýyp Troýskiý ybadathanasy Powolžýede saklanyp galan XVI asyr agaçdan gurlan binagärlik ýadygärligidir. Boris Godunowyň hökümdarlyk eden döwründe gurlan Sergiýew ybadathanasy we beýleki buthana toplumlary hem uly gyzyklanma bildirilýän desgalardyr.

Tatarystan Respublikasynyň döwlet geňeşçisi Bulgarda metjitleriň we medreseleriň toplumynyň, Çörek muzeýiniň döredilendigini habar berdi. Mintimer Şaýmiýew Çörek muzeýiniň bu ýerde şu ýylyň maý aýynda açyljakdygyny habar berdi.

Milli Liderimiz Bolgaryň we Swiýažskiniň durky täzelenen ýadygärlikleriň maketlerini we bu ýerde gurulýan desgalary uly gyzyklanma bilen synlady.

Döwlet Baştutanymyz gyzykly we örän netijeli tanyşdyrylyş üçin minnetdarlyk bildirip, “Wozroždeniýe” gaznasynyň ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýete eýedegini belledi we tatar halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda we ony öwrenmekde hem-de Bulgar, Swiýažsk ýaly taryhy şäherleri dikeltmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde Tatarystanyň taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagy möhüm ýagdaýdyr diýip belledi.

Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda bu ugurda ägirt uly maksada laýyk işleriň hökümet derejesinde alnyp barylýandygyny, gumanitar ulgamdaky derwaýys we gyzykly taslamalaryň amala aşyrylýandygyny, ruhy gymmatlyklaryň bitewüliginiň esasynda döredijilik hem-de işjeň hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Medeni gatnaşyklary yzarlamak, ylmyň dürli ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňdeşdirmek– munuň özi bu ugurdaky netijeli ösüşdir we dünýä medeniýetiniň düýp ulgamy bolup durýan taryhy mirasyň bu ugurda ägirt uly ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, biziň topragymyzda öz yzyny goýan ýüzlerçe nesilleriň durmuşyny janlandyrýan ýadygärliklere örän aýawly çemeleşmek adamlaryň diňe bir medeni derejesi we taryha bolan hormaty bolman, eýsem, ol döwlet ösüşiniň derejesidir diýip belledi. Türkmen döwletiniň milli medeni taryha, köp asyrlyk mirasa bolan gatnaşygy häzirki döwürde taryhy ylmyň täze hiliniň mekdebiniň kemala gelmegini kesgitleýär. Biziň üçin taryhy-medeni gurşaw jemgyýetiň häzirki durmuşynyň aýrylmaz bölegidir, onuň ösüşiniň esasydyr. Geljek bilen geçmişiň aýrylmaz baglanyşygy halkyň durmuşynyň taryhy tapgyrydyr. Medeni mirasy gorap saklamak we ylmy gözlegler hem-de gündelik tejribeler dünýä ylmyny öwrenmek we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak we olary öwrenmek we dikeltmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ähli hünärmenler üçin örän çylşyrymly iş bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-tatarystan we tutuşlygyna alnanda, halkara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar hyzmatdalyşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz medeni gatnaşyklary, şol sanda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de tejribe alyşmak bilen baglanyşykly netijeli işiň ösdürilmegi barada aýtdy.

Soňra Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özüniň iş otagyna çagyrdy. Ol ýerde bolan duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.

Mintimer Şaýmiýew belent mertebeli myhmany ýene bir ýola hormatlap, türkmen Lideri bilen bolan täze duşuşyga örän şatdygyny belledi. Şeýle hem ol bu sapara Tatarystanda doganlyk Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädim hökmünde ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk gadymy taryhy gatnaşyklary, türkmen hem-de tatar halklarynyň medeni, ruhy däpleriniň umumylygyny esas edinýän özara peýdaly gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilýändigini belledi.

Dostluk we birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda uzakmöhletleýin we anyk netijelere daýanýan hem-de köpugurly kuwwatly mümkinçilikleri bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde netijeli gatnaşyklary, şol sanda soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolýan gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi gürrüňi dowam etmek bilen, netijeli gatnaşyklary bilim we ylym, dostluk we doganlyk gatnaşyklary arkaly baglanyşýan türkmen-tatar halklarynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we ony wagyz etmek babatda netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin ähli oňaýly şertleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz Mintimer Şaýmiýewe XVI-XVII asyrlarda Türkmenistanyň çäginde ýazylan Gurhanyň gadymy golýazmasyny gowşurdy.

Döwlet Geňeşçisi şunuň ýaly ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, onuň Tatarystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň gaznasyna tabşyryljakdygyny aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi hem-de Tatarystanyň Türkmenistan bilen üstünlikli ösdürilýän dostluk gatnaşyklaryna uly gadyr goýýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew ikitaraplaýyn erke daýanýan hem-de dostluk, birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýete eýe bolan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde Kazanyň işewür böleginiň merkezinde ýerleşýän “Ýokary tehnologiýalar ulgamynyň tehnoparkynyň Döwlet awtonom kärhanasynyň binasynyň baş girelgesiniň ýanyna geldiler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Tatarystanyň baştutanyny Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Informatizasiýa we aragatnaşyk ministri Nikolaý Nikiforow we IT –parkynyň direktory Dinar Nasyrow garşyladylar.

Häzirki zaman tehniki düzümi bolan hem-de Tatarystan Respublikasynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasyny ösdürmek üçin oňaýly işewürçilik binýady özünde jemleýän bilim desgasynyň ýörelgesi esasynda taslamalaşdyrylan ägirt uly toplum boýunça syýahatyň başynda döwlet Baştutanymyza Kazanyň IT-parkynyň düzümi hakynda jikme-jik maglumat berildi. Şeýle hem milli Liderimiz tehnoparkyň rezident syýasatynyň esasy ugurlary, iki ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň we Naberežnyýe Çelny şäherindäki IT-parkynyň ikinji meýdançasynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Russiýada ilkinji IT-park bolan hem-de maglumatlar tehnologiýasy ulgamynda işläp taýýarlamalar we ösüş bilen meşgullanýan kompaniýanyň taslamasynyň gurluşygy Russiýa Federasiýasynyň Aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýa ministrliginiň “Russiýa Federasiýasynda ýokary tehnologiýalar ulgamynyň tehnoparkyny döretmek” boýunça toplumlaýyn Maksatnamanyň çäklerinde durmuşa geçirildi.

Tatarystanyň paýtagtyndaky bu iri toplumyň gurluşygy 2009-njy ýylda tamamlandy. “IT-park” toplumy startaplar we ösüş ýoluna düşen IT-kompaniýalary üçin aňrybaş amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen döredildi. Onuň umumy meýdany 32 müň inedördül meýdana barabardyr we 5 gatly edara binalary bolan Işewürler merkeziniň jaýyny, şeýle hem iki gatly goşmaça desgalary özünde jemleýär. Häzirki zaman bezeg aýratynlyklary, hyzmat gullugy we telearagatnaşyklar hyzmatynyň giň ugurlary “IT-park” toplumynyň netijeli işi hem-de ösüşi üçin oňaýly şertleri üpjün edýär. Umumy sygymlylygy 10 müň serwere barabar bolan Data – merkezi onuň esasy möhüm böleginiň biri bolup durýar.

2010-njy ýylyň aprelinde IT-parkynyň Işewürçilik-inkubatorynyň işine badalga berildi. Ol startap-kompaniýanyň ösüşi üçin niýetlenendir. IT-parkynyň rezidentler kompaniýasynyň möhüm ýöriteleşdirilen ugry bolsa ýurduň maksatnamalaýyn üpjünçiligini işläp taýýarlamak bolup durýar. Taslamalaryň agramly bölegi döwlet ulgamy üçin işläp taýýarlamalardan ybaratdyr. Olar elektron hökümet, saglygy goraýyş we bilim ulgamynda döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşinde hödürlenmegi bolup durýar.

Innowasion taslamalaryň hatarynda “GLONASS+112” ulgamy esasy orun eýeleýär. Ol adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda ählumumy Nawigasiýa hemra ulgamynyň (GLONASS) mümkinçilikleri bilen ähli gulluklaryň işini bir ýere jemläp, herekete girizip bilýär.

IT-parkynyň iş tejribesi hödürlenýän hyzmatlaryň zerurdygyny görkezdi. Şeýlelikde, häzirki döwürde edara ediş meýdanlaryň hemmesi hereketde, işe girizilen Işewürçilik inkubatory hem tutuşlygyna doldurylan. Bu toplumyň çäginde ýerleşmäge isleg bildirýänleriň köplügi IT-kompaniýasynda bolsa boş meýdançanyň bolmazlygy Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçy düzümini IT-parkynyň Naberežnyýe Çelny şäherinde ikinji meýdançanyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmäge girşmäge itergi berdi.

Soňra IT-parkyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Russiýanyň ýene-de bir öňdebaryjy kärhananyň –Zelenedolskiniň A.M.Gorkiý adyndaky zawody bilen tanyşdyryldy. 2010-njy ýylda bu iri kärhana özüniň 115 ýyllyk ýubileýini belledi. Onuň esasy ugry häzirki zaman gämilerini we dürli ähmiýetli parahodlary gurmakdan, olary içerki bazara we eksporta ugratmakdan ybaratdyr. Zawodyň ösen maşyn gurluşyk önümçiligi bar. Onda metal eredýän, ony işläp bejerýän, termiki we galwaniki, kebşirleýji we mehanika gaýtadan işleýji bölümler bar. Bu bolsa kärhana gämi gurluşygynda we nebitgaz pudagynda enjamlaryň giň görnüşini özbaşdak öndürmäge mümkinçilik berýär.

A.M.Gorkiý adyndaky açyk paýdarlar jemgyýeti bolan Zelenedolskiý zawody möhüm senagat pudaklary bolan gämi gurluşyk, awiasiýa, aerokosmiki senagat, nebitgaz çykaryjy, şol sanda deňiz ýalpaklygyndaky ýataklary işläp taýýarlamak üçin fasonlyk titan erginleriniň önümçiligi boýunça dünýäde iri kärhanalaryň biridir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanda hödürlenýän elektron döwlet gulluklary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, her aýda respublikanyň ilaty takmyman 1 million 200 müň gezek dürli görnüşli elektron hyzmatlaryndan peýdalanýar. Şeýle hem Tatarystanda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Elektron bilim” we “Elektron saglygy goraýyş” hem-de beýlekileriň maksatnamalary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Häzirki döwürde ýokary maglumatlar tehnologiýasynyň ulanylmagy adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär diýip bellemek bilen, tatarystanly hyzmatdaşlar bu barada anyk mysallar getirdiler. Hususan-da, häzirki döwürde ähli öý hojalyklarynyň 62 göterimi Internet ulgamyna çatylypdyr. Kazanda bolsa bu görkeziji has-da ýokary. Nebitgaz pudagynda, guýulary dikelitmekde we beýleki işlerde täze tehnologiýalary ulanýan Tatarystan Respublikasynyň iri kärhanalarynyň biri bolan “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň tejribesi mysal hökmünde görkezildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz tehnoparkyň tutuş düzüminiň merkezi bolup durýan Data-merkeze (Maglumatlary işläp taýýarlaýan merkeze) baryp gördi. Bu merkeziň işiniň esasy ugurlary we Tatarystan Respublikasynda elektron hökümeti girizmegiň tejribesi hormatly Prezidentimiziň esasy üns beren meselesi boldy. Şeýle hem bu ýerde raýatlara döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşde almaga mümkinçilik bermäge niýetlenen köpugurly Infomat düzümiň işi görkezildi. Häzirki döwürde respublikanyň ilatyna 140-dan gowrak Infomatlaryň hyzmat edýändigi habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Data-merkezi üznüksiz iş tertibi üçin taslamalaşdyrylypdyr we müşderileriň serwer, aragatnaşyk enjamlaryna hyzmat etmek üçin oňyn meýdança bolup durýar. Maglumatlaryň howpsuzlygy we ygtybarly goraglylygy, şeýle hem olaryň ýokary tizlikde işlenip taýýarlanylmagy hem-de geçirilmegi, telearagatnyşyk hyzmatlarynyň 16-dan gowrak prowaýderleriniň bir ulgamda jemlenmegi Merkeziň esasy artykmaçylklaryň biri bolup durýar. Bu bolsa işiň üznüksizligini kepillendirýär. Müşderi kompnaiýalarynyň serwerlerdäki habarlarynyň howpsuzlygyny, maglumaty goramagy kuwwatly maksatnamalary üpjün edýär.

Bir söz bilen aýdylanda, Kazanyň IT-parkynyň Data merkezini IT-taslamalary utgaşdyrmagyň, şeýle hem ähli tehniki parklaryň federal ulgamy üçin bilelikde peýdalanmagyň bir bitewi ulgamy diýip atlandyrmak bolar. Tehparklaryň birinde täze önüm taslamalaşdyrylanda, onuň üçin maksatnamalaýyn üpjünçilik Kazanyň IT-parkynda işlenilip taýýarlanylýar, önümçilik bolsa beýleki sebitiň meýdançasynda alnyp barylýar. Maglumatlary alyşmak aragatnaşygyň gündelik geçirijilik ukyby 10Gb/c bolan magistral we ýerli ýaýlymlaryň ösüşiniň ýokary derejesiniň hasabyna amala aşyrylýar.

Tatarystan Respublikasynyň maglumatlar tehnologiýasynyň merkezi, bir bitewi düzümleýin operator bolmak bilen, elektron resminama dolanyşyk hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ol häzirki döwürde müňden gowrak guramalarda ulanylýar. Döwlet we munisipal düzümlerden başga-da, maglumatlary işläp taýýarlamagyň bir bitewi merkezinde ýerleşen ulgamyna köp sanly täjirçilik düzümleriniň goşulandygy hem bellärliklidir.

Belent mertebeli myhmany “Tatarystan Respublikasynyň elektron hökümeti” taslamasynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrmak bilen, tatarystanly hyzmatdaşlar raýatlar, ykdysady işiň düzümleri, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň guramalarynyň arasynda häzirki zaman maglumatlar, aragatnaşyk we dolandyryş tehnologiýalary esasynda Tatarystan Respublikasynyň döwlet häkimiýetiniň ähli düzümleriniň iş netijelliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen esasy ugry bilen tanyşdyrdylar.

Geljekde ähli döwlet hyzmatlarynyň 50 göterimini elektron görnüşde bermek meýilleşdirilýär. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ileri tutulýan ugurlar hökmünde sorag işinde we döwlet hyzmatlary alnanda artykmaç hereketleriň aradan aýrylmagyna, ykjam Internetiň özleşdirilmegine, şeýle hem häzirki döwürde ähli durmuş ulgamyna laýyk bolan döwlet hyzmatlary portallaryna bolan her adamyň aýratyn gatnaşygyny üpjün etmäge bolan ugurlary kesgitlenildi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň maksatnamasyna Kazanyň IT-parkyna baryp görmeginiň goşulmagy tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň başlangyjy esasynda halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna döwlet dolandyryş ulgamyndaky işiň netijelliliginiň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň, şol sanda elektron resmi dolanyşygynyň häzirki zaman ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Tejribede ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlarynyň ulanylmagy biziň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňra milli Liderimiz “GLONASS+112” monitoring merkezine—kosmiki hyzmatlarynyň Sebit merkezine bardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa adatdan daşary ýagdaýlar bolan mahalynda heläkçilige uçranlary halas etmek işlerini utgaşdyrmak boýunça “GLONASS+112” gullugynyň bir bitewi gyssagly ulgamynyň mümkinçiligi hakynda maglumat berildi. Häzirki döwürde bu ulgama 250-den gowrak düzümler goşuldy. Respublikada “GLONASS+112” “Maglumatlar tehnologiýasy merkeziniň” garaşsyz operatory hökmünde ulanylýar. Ondan Tatarystan Respublikasynyň Içeri işler ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi peýdalanýar. Häzirlikçe bu ulgam diňe Kazanda peýdalanylýar. Ýakyn geljekde bu ulgama Naberežniýe Çelny şäherini goşmak hem meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz IT-parky boýunça tanyşlygy tamamlap, IT-startaplar we olaryň daşarky bazara geljekki hereketini goldamak boýunça işewürçilik binýady bolup durýan Işewürçilik-inkubatorlyna baryp gördi.

Işewürçilik-inkubatorynyň baş wezipesi teklipleri we önümi işläp taýýarlamakda, maýa goýum serişdelirini almakda startegik hyzmatdaşlary we müşderileri agtarmakda maglumatlar tehnologiýasy pudagyndaky geljegi uly taslamalaýyn toparlara hem-de bu ugurda täze işe başlaýanlara kömek bermekden ybaratdyr. Bu ýerde milli Liderimiziň dykgatyna “Eýdos” (“Lukmançylyk-biologik tehnopark” taslamasy ) kompaniýasynyň we “Awtodoriýa” (GLONASS we ESP tehnologiýalary ulanmak arkaly ýol-gözegçilk heläkçiligini bellige almak boýunça innowasion ulgam) kompaniýasynyň işläp taýýarlamalary hödürlenildi.

Hususan-da, “Eýdos” kompaniýasy deňi-taýy bolmadyk trenažer-simulýator opsiýasy bolan lukmançylyk enjamlaryny görkezildi. Olar talyplaryň we ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bir söz bilen aýdylanda, saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň bu ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we bu babatda uly üstünlikler gazanyldy. Hususan-da, bu pudagy elektron resminama dolanyşyk ulgamyna geçirmek we hususy lukmançylyk kartlaryna mikroçipli plastikleri dolanyşyga girizmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Öz gezeginde “Awtodoriýa” kompaniýasynyň wekilleri M7 federal ýoluň Moskwa-Ufa böleginde ornaşdyrylan ýol hereketiniň düzgün bozmalaryny bellige alýan serişdeleriň taslamasy hakynda gürrüň berdiler.

Tanyşlyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen bilelikde Kazanyň Ratuşasynyň jaýyna barýar, ol ýerde belent merebeli myhmanlary Kazan şäheriniň häkimi Ilsur Metşin garşylaýar.

Kazanyň Ratuşasy ozalky Dworýan ýygnagynyň 1854-nji ýylda gurlan binasynda ýerleşýär. Kazanda seýrek duş gelýän görnüşde – neorenessans usulynda gurlan we umumy meýdany 5 müň inedördül metrden geçýän 3 gatly bina zynatlylygy, nusgalaryň nepisligi we çeperçilik taýdan ýönekeýligi, şeýle hem interýerleriň – ajaýyp zallaryň, eýwanlaryň we esasy basgançagyň özboluşly görünşde bezelişi bilen tapawutlanýar.

Şu ýerde Sütünli zalda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Prezident Rustam Minnihanow öýlänlik resmi nahary b

Degişli makalalar

2014-nji ýylyň ylym-bilim ulgamy.

syrach

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we Onuň Töwereklerinde Alnyp Barylýan Işleriň Ýagdaýy Bilen Tanyşdy

“Syýahat” žurnalynyň täze sanynda ulgamy ösdürmegiň gözýetimleri.

syrach