21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ýurdyň demokratik

Türkmenistan ýurdyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ähli halkyň umumy erk-islegini beýan etmek bilen, diňe bir garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmän, eýsem türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk hem demokratik ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi, onuň iň gymmatly hazynasy adamdygyny yglan edýär, onuň abadan durmuşy üçin şertleri döredýär we ygtybarly kepili geçýär.

1991-nji ýylyň 27 oktýabrynda Türkmenistan özüniň garaşsyzlygyny yglan etdi. Şol günüň özünde hem geçiş döwrüniň resminamasy bolan we ol Baş Kanun kabul edilýänçä hereket eden Türkmenistanyň garaşsyzlygy barada Konstitusion kanun kabul edildi.

Taze Konstitusiýanyň taslamasyny gysga wagtda işläp düzmelidi. Munuň üçin konstitusion topar döredildi. Onuň birinji mejlisi 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirildi. Mejlisiň işine respublikanyň Ýokary Sowetiniň ýolbaşçylary, halkyň saýlanlary, ylmy we döredijilik toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Şol ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň mejlisinde toparyň taýýarlan Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taslamasyna garalyp geçildi. Mejlis Esasy Kanunyň taslamasyny makullady hem-de ony giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin çap etmegi teklip etdi.

19-njy martda Konstitusiýanyň taslamasy çap edildi we ony giňişleýin ara alayp maslahatlaşmaga başlanyldy. 1992-nji ýylyň maý aýynda Köneürgençde Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň III Maslahaty geçirildi. Onda bu resminama işlenilip taýýarlanylanda türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, özboluşlylygy we aýratynlyklary, şeýle hem demokratik ýurtlarda toplanan tejribeler göz öňünde tutulandygy bellenilip geçildi. Ýaşulylaryň III Maslahaty Konstitusiýanyň taslamasyny umumylykda goldady hem-de Türkmenistanyň Ýokary Sowetine ony kabul etmegi we tassyklamagy teklip etdi.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň ХIV mejlisinde Garaşsyz, özbaşdak Türkmenistan döwletiniň Konstitusiýasy kabul edildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy bütin halkara jemgyýetçiligi üçin taryhy waka bolan Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwletdigini ykrar edýän karar kabul etdi. Şunuň esasynda hem 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Halk Maslahaty we Türkmeistanyň Mejlisi „Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda“ Kanuny, „Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda“ Konstitusion kanuny kabul etidler. Şunuň esasynda hem 1-nji we 6-njy maddalaryň redaksiýasy düýpli özgerdildi.

Ýurdyň Esasy Kanuny 19 ýylyň dowamynda özüniň esasy düzgünnamalaryny saklamak bilen, ýurtda amala aşyrylýan uly göwrümli özgertmelere we täzelenişe laýyk kämilleşdirildi.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ýurdyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edildi. Ol garaşsyz Türkmenistan döwletiniň häzirki zaman ösüşini häsiýetlendirýän uly göwrümli amala aşyrmalary kanunçylyk taýdan mynasyp beýan edýär.

Esasy Kanun ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň kanuny binýadynyň ýokary halkara kadalaryna laýyk gelmegini üpjün edýär. Täzelenen esasy kanunda şahsyýetiň esasy hukuklarynyň we azatlygynyň spektrini giňeltmäge degişli, syýasy-jemgyýetçilik häkimýetlerini bölmegiň demokratik ýörelgelerini tassyklamak arkaly özgertmeleri geçirmek, häkimýet we dolandyryş edaralary, döwlet-hukuk institutlarynyň ähli ulgamy öz beýanyny tapýar.

Esasy Kanunda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna daýanýandygynyň düzgünleri ilkinji gezek kesgitlenilýär. Döwlet ýokary kanunçylyk esasynda telekeçiligi höweslendirmegi we goldamagy kepil geçýär, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin gerek bolan şertler bilen üpjün edýär.

Türkmenistanyň içerki kanunçylgynyň esasy wajyp ýörelegeleriniň biri hem halkara hukuk kadalaryny ykrar etmek bolup durýär. Halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen artykmaçlaryny ykrar etmek Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Ýurtda halkara we milli hukugyň özara gatnaşygynyň häsiýeti konstitusion esasda ilkinji gezek kesgitlenilýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, halkara hukugynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen artykmaçlyklaryny ykrar edýär diýlip, Esasy kanunda aýdylýar. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunyndakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna ýörite bölüm bagyşlanypdyr. Esasy Kanun adam hukuklarynyň eldegirilmesizliginden ugur alýar, adamyň esasy hukuklary we azatlygy onuň dogulan gününden berilýär, kimdir biri tarapyndan zyýan beriljek bolsa kanuny we kazyýet tarapyndan goralýar. Adamynyň ömri we onuň saglygy, hususy eldegirmesizligi we howpsuzlygy, eýeçilik döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Adamyň hukugynyň we azatlygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek – döwlet häkimiýetiniň esasy borjy bolup durýar. Adam hukugyna hormat goýmak we ony goramak – bu döwlet häkimiýetiniň gurýan demokratiýasynyň binýadydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy raýat jemgyýetçiliginiň mundan beýläk hem ösmegi üçin berk binýady döredýän umumy ykrar edilen syýasy, döwlet, saýlaw ulgamlaryny kesgitledi

Esasy Kanuna laýyklykda daşary ýurtlaryň döwlet gurluşynyň gowy hilli tejribelerine, şeýle hem milli aýratynlyklara daýanýan Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň sazlaşykly we netijeli ulgamy döredildi. Ol taryhy taýdan kesgitlenen we konstitusiýa taýdan yglan edilen prezidentlik häkimiýetini, kanun çykaryjy häkimýeti amala aşyrýan Mejlisi, ýerli wekilçilikli häkimýeti (halk maslahaty), häkimler tarapyndan amala aşyrylýan ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny (Geňeşlikleri) öz içine alýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy döwlet institutlaryny mundan beýläk hem demokratizasiýalaşdyrmagyň, raýat jemgyýetçiligini ösdürmegiň we öňdebaryjy özgertmeleriň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin täze tapgyry kesgitledi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Okuw Maslahaty Geçirilýär

Türkmenistan Sebit Ulag Hyzmatdaşlygynda Özüniň Öňdebaryjy Ornuny Güýçlendirýär

Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar

turkmenhabargullugy