30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2019-njy Ýyl: Senagat we Ulag-Kommunikasiýa Toplumy

Geçen 2019-njy ýyl milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmek arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi. Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy bolsa, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak arkaly, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, syn berilýän ýylda Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredilip, Senagat, Aragatnaşyk, Demir ýol we Awtomobil ulaglary ministrlikleri, Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugy, «Türkmenhowaýollary» gullugy onuň garamagyna berildi.

Täze Ministrligiň düzüminde bularyň hemmesi «Türkmensenagat», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary» we »Türkmenhowaýollary» agentlikleri derejesine eýe boldy. Bu toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçilik görnüşi hem üýtgedilip, olar paýdarlar jemgyýetlerine öwrüldi hem-de hususylaşdyrylýar.

Milli Liderimiziň gaýtadan işleýän pudaklary innowasion esasda toplumlaýyn ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy hem-de ösüşiň çig mal bilen bagly däl ugruna geçirmegi göz öňünde tutýan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmegiň, baý tebigy serişdelerimiziň esasynda köpdürli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmagyň wezipeleri çözülýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleri hem-de edaralary boýunça 2019-njy ýylyň önümçilik meýilnamasy 123,3 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary boýunça ýokary görkezijiler hasaba alnyp, ösüş depgini degişlilikde 140,3 göterime we 152,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp pudakly milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda has-da ösdürmek, şol sanda sebitleri özgertmek hem-de täze senagat önümçiliklerini gurmak boýunça wezipeleri öňde goýdy.

Ahal welaýatynda gurlan döwrebap toplumyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürýän dünýäde ilkinji zawodda önümler senagat möçberinde çykarylýar.

Täze gurlan desgalaryň hatarynda Baýramaly şäherindäki polietilen paketleri we polipropilen turbalary öndürýän kärhana bar. «Eşretli kenar» hususy kärhanasy bilen baglaşylan şertnama boýunça dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen desga «Älemabat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlup, ulanylmaga berildi.

Kärhananyň tehnologik ulgamy dürli polietilen örtüginiň 1 müň 800 tonnasyny hem-de ölçegi 20 — 60 millimetr bolan ýokary hilli polipropilen suw geçiriji turbalarynyň 257 tonnasyny çykarmaga ukyplydyr. Önümleriň şol görnüşlerine bolan isleg tutuş dünýäde yzygiderli artýar. Geljekde kärhananyň önümlerini daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär.

Gurluşyk serişdeleri senagaty hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde uly kuwwata eýedir.

Sement önümçiligi bu pudagyň esasy ugrudyr. Uly isleg bildirilýän sementi zawodlarynyň kuwwatlyklary tutuş Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary bu önüm bilen üpjün etmek wezipesini doly çözdi diýen ýaly. Ol ýokary mäkämlikdäki portlandsement bolup, şol seýsmiki zolakda köp gatly jaýlar we beýleki desgalar gurlanda ulanylýar.

Mundan başga-da, nebitgaz senagaty üçin tamponaž sementiniň, şeýle hem binýatlaryň düýbi tutulanda, köprüleriň we beýleki gidrotehniki desgalaryň sütünleri gurlanda ulanylýan sulfata durnukly sementiň önümçiligi ýola goýuldy.

20-nji noýabrda senagat we kommunikasiýa pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda innowasion tehnologiýalary ulanmak hem-de daşary ýurt maýalaryny çekmek bilen, täze sement zawodlarynyň ýene-de üçüsini gurmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem könelen senagat kärhanalarynyň durkuny täzelemek hem-de gurluşyk serişdelerini we elektrotehniki enjamlary çykarýan bilelikdäki toplumlary döretmek zerur bolup durýar.

«Türkmen aýna önümleri» zawodynda aýnanyň dürli görnüşlerinden başga-da, polimer önümlerini, gurluşyk serişdelerini, elektrik abzallaryny çykarmak dowam edýär, bu degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän mukdaryny ep-esli ibermäge, geljekde bolsa, şolary taýýar önümler görnüşinde daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berer. Aýna zawodynyň kuwwatlyklary bu ulgamda geljegi uly bazarlary ugur edinýär.

Beýleki pudaklaýyn kärhanalar hem, hususan-da, metallurgiýa we gazbeton zawodlary milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge goşant goşýar. Olar diwarlyk panelleri hem-de armirlenen bloklary, keramzidi, düzülýän demirbeton önümlerini, keramiki kerpiji, beton diwarlyk daşlary, örtülýän plitalary we beýlekileri çykarýarlar hem-de giňelýän gurluşyk bazaryna ugradýarlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gurluşyk serişdeleri senagatynyň ösüşinde uly orun eýeleýär. Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň, dokma hem-de haly önümleriniň, himiýa serişdeleriniň, metal önümleriň, mebelleriň, faýansyň, aýna önümleriniň, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda uly islege eýe bolan polietilen hem-de plastiki önümleriň önümçiligine ýöriteleşen hususy kärhanalaryň 600-e golaýy hereket edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa senagatynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berýär, bu ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Diýarymyzyň ösýän oba hojalygynyň hajatlaryny doly kanagatlandyrmak üçin dürli dökünleri öndürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak bu pudagy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we kükürtli wodorod çig malynyň uly gorlary, şolary gaýtadan işlemek hem-de taýýar önümleri çykarmak boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy—munuň özi mineral önümçiliginiň görnüşlerini giňeltmäge we möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ugurdaş esasy kärhanalaryň biri bolan «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody bir ýylda fosfor dökünleriniň 225 müň tonnasyny hem-de kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda bu ýerde ylmy we amaly işleriň geçirilmegi netijesinde, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda ulanylýan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümleriň önümçiligi özleşdirildi.

Kärhanalaryň toparyny öz içine alýan «Maryazot» önümçilik birleşigi, «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlary, şeýle hem Marydaky gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gündogar sebitlerinde azot pudagynyň esasyny düzýär. Balkan welaýatynda nobatdaky innowasion gazhimiýa kärhanasyny gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy hem eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrmak maksadyndan ugur alýar.

Garabogaz kölüň türkmen aýlagy — Ýer ýüzünde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly duz minerallarynyň tebigy şertlerde emele gelýän seýrek ýerleriniň biridir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen aýlagyň kenarynda karbamid zawodynyň gurulmagy ýurdumyzyň köp pudakly mineral senagatynyň kemala gelmeginde nobatdaky ädimdir. Aýlagyň «gyzylly halkasy» sulfat önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

 

«Garabogazkarbamid» zawodynda çykarylýan önümleriň agramly bölegini daşary ýurtly sarp edijilere ugratmak meýilleşdirilýär, olar eýýäm häzirden önümleri satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Ýurdumyzyň uglewodorod, mineral we gidromineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek boýunça innowasion tehnologiýalar babatda iri halkara ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak boýunça işler dowam edýär.

Dokma senagatyny ösdürmegiň geljegi barada aýdylanda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň tehniki, ykdysady we maliýe-hojalyk ýagdaýyny seljermegiň esasynda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin degişli meýilnama işlenip taýýarlanyldy.

Bu resminama dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän esasy meýilleri we özgerişlikleri, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipeleri nazara almak bilen taýýarlanyldy.

Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşini we eksportuny artdyrmak, import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak geljekki işleriň esasy ugurlary hökmany kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda könelen kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işleriniň dowam edilmegine aýratyn üns berler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Şunda ministrligiň öz serişdeleri şu meýilnamany amala aşyrmak üçin maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup hyzmat eder. 7 ýylyň içinde kärhanalaryň jemi 38-siniň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak hem-de hereket edýän 22 sany toplumyň binýadynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Umuman, pudakda goşmaça iş orunlarynyň 3 müň 150-siniň döredilmegine garaşylýar.

Häzirki döwürde türkmen dokma önümleri içeri we halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli artdyrýar.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Hazar innowasion tehnologiýalary halkara sergisiniň işiniň barşynda geçirilen dokma senagatynyň birža söwdalaryna gatnaşan ABŞ-dan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan bolan işewürleriň nah, flanel we jinsi matalaryny satyn almak barada umumy bahasy 6 million 308 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 19-syny hem-de 96 müň 600 manatlyk geleşigi baglaşmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, çykarylýan önümleriň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Pudagyň kärhanalarynyň önümleriniň ISO 9001 «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik ulgamy», ISO 14001 «Daşky gurşawy goramak», OHSAS 18001 «Zähmeti goramak we önümçilik howpsuzlygy» güwänamalary bilen sylaglanandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, bu ugurda pudagyň kuwwatyny doly peýdalanmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen anyk çäreler görülýär. Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda her biri ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.täze dokma toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Taslamalaryň ikisi hem tehnologik işiň tutuş tapgyrynyň — çig maly gaýtadan işlemekden başlap, ahyrky önümiň önümçiligine çenli işleriň guralmagyny göz öňünde tutýar hem-de egirme, dokma, boýag we tikin bölümlerini öz içine alýar. Önümçilige sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de işgärler üçin zähmetiň amatly şertlerini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Halyçylyk ileri tutulýan ugurlaryň biridir. «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň düzüminde çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si bar. Iki ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we Diýarymyzyň welaýatlarynda bu önümçilik birleşiginiň ýene-de 5 kärhanasyny açmak meýilleşdirilýär. Senagat önümçiliginiň ajaýyp halylary ata Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

Elbetde, daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan el halylary eziz Diýarymyzyň ýüzüniň tuwagydyr. 2019-njy ýylyň ýanwarynda türkmen halylary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «Carpet & Art Oasis» atly 24-nji el halylarynyň halkara sergisinde görkezildi.

16-njy iýunda bolsa, Dubaýyň (BAE) «Al Fattan Marine Towers» söwda merkezinde türkmen halyçy zenanlarynyň ajaýyp önümleri satylýan dükanyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda gol çeken Permany bilen, Senagat işgärleriniň güni esaslandyryldy. Resminama laýyklykda, bu hünär baýramy oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýär.

Oktýabr aýynyň ortasynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Bu çäre senagat toplumyny we kommunikasiýalary ösdürmäge, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň öndürýän enjamlary, täze tehnikalary we hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. Paýtagtymyza Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň wekilleri iş teklipleri bilen geldiler.

Serginiň mowzugy — himiýa we dokma senagaty, gaz hem-de nebithimiýa, ulaglar, gurluşyk serişdeleriniň we azyk önümleriniň önümçiligi. Ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklary bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünligine beslenýändigini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň senagat pudagynyň ösüşine üns bermegi netijesinde, her ýyl senagat ulgamynyň düzümlerinde innowasion gaýtadan işleýän toplumlaryň ulanylmaga berilmeginiň, gurluşyk pudagy üçin zerur ýerli serişdeleri peýdalanmagyň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň hasabyna ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň görnüşleri barha artýar.

2019-njy ýyl awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, demir ýollary gurmak hem-de ýurdumyzyň howa we deňiz flotunyň işini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagyna beslendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçillik syýasaty netijesinde, ata Watanymyz Türkmenistan uly ähmiýetli bolan iri halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülýär. Şol çäreler dünýä tejribesinde düýbünden täze möhüm meýilleriň başlangyç nokadyna öwrülip, möhüm gepleşikleriň geçirilmegini höweslendirýär, döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze esaslaryny goýýar.

12-nji awgustda Awazada guralan Birinji Hazar ykdysady forumy, geçirilen duşuşyklar hem-de maslahatlar, gazanylan ylalaşyklara düýpli düşünip, şolaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna görä, hereketleriň gerimine we güýjüne eýe bolar. Emma forumyň taryhy waka öwrülendigini gypynçsyz aýtsa bolar. Özi-de, ol diňe Hazar deňziniň ýakasyndaky bäş ýurt üçin däl-de, tutuş dünýä üçin şeýledir.

Ulag ulgamy netijeli gatnaşyklary guramakda aýrylmaz baglaýjy halka bolup hyzmat edýär. Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky Hazarýaka ýurtlaryň çäk babatda amatly ýerleşmegi şoňa gös-göni ýardam edýär, bu bolsa, köp ugurly üstaşyr-ulag we logistika düzümini döretmekde tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin oňat şertleri döredýär. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýükleriň kadaly daşalmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar sammitleriniň barşynda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynyň we beýleki iri forumlaryň belent münberlerinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlyga tarap saýlap alan ugruna ygrarly bolup galmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek hakynda teklipler bar.

Esasy suw bölekleriniň biri Hazar deňzi söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşipdir. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen biz bu işi täze, häzirki zaman başlangyçlary esasynda amala aşyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmäge hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap ugrukdyrýar.

Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasynda gol çekilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de milli Liderimiziň başyny başlan ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygy degişli ugurlarda Hazarýaka döwletleriň özara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge we ösdürmäge ýardam edýär.

Elbetde, munuň üçin degişli döwrebap düzümiň bolmagy, onuň halkara ölçeglerine hem-de beýleki talaplara, şol sanda multimodal ýük daşamalaryna kybap gelmegi möhümdir. Türkmenistan eýýäm bu ugurda uly işleri geçirýär hem-de soňky ýyllarda köp işler ýerine ýetirilip, sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň möhüm bölekleri döredildi. Şolaryň doly kuwwatyna çykmagy diňe ýurdumyza we goňşularymyza däl-de, eýsem, yklym derejede uly peýda getirer.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagy Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar, ol kontinental ýük daşamalarynyň logistika halkalarynda strategik özgerişliklere getirer. Has gysga we amatly ugurlar üçin oňaýly bolan türkmen düşelge terminallary şolaryň möhüm merkezine öwrüler.

Senagat-kommunikasiýa toplumyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy ýükleriň porta gelen we giden wagtyny, onuň awtomatik ýagdaýda ýüklenilen we düşürilen wagtyny elektron hasaba alyş düzgünini ýola goýmak, milli deňiz söwda flotuny giňeltmek hem-de onuň gämileriniň halkara gatnawlarynyň täze ugurlaryny açmak boýunça meseleleri öwrenmek barada wezipeleri öňde goýýar.

Şeýle hem Halkara kwalifikasiýa jemgyýetleri guramasy tarapyndan ykrar edilen degişli resminamalary almak hem-de Balkan gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak boýunça işleri geçirmek zerur bolup durýar.

Häzirki wagtda biziň döwletimiz ulag ýollaryny çekip, demir ýollaryny giňeldip, sebitde ählumumy parahatçylygy berkitmäge, durnukly ykdysady ösüşe ýardam edýär.

Şeýlelikde, 25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekillerinden ybarat düzümde Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde 10 kilometrlik demir ýol böleginiň açylyş dabarasyna hem-de Akina-Andhoý polat ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy.

Bu waka üstünlikli ösýän türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Owganystanyň demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina — Andhoý demir ýoluny gurmak boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistan bilen serhede çenli ýetirip, şondan aňry Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çykarmaga tarap uzaltmak maksat edinilýär. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oňyn türkmen-owgan gatnaşyklarynyň netijesinde goňşy ýurduň Demirgazyk —Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy bolmagyna takyk mümkinçilik döreýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmendemirýollary» agentliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ylmyň iň täze gazananlaryny ulanyp, «Türkmenabat — Türkmenbaşy» demir ýolunyň durkuny täzelemegiň we elektrikleşdirmegiň zerurdygyny ençeme gezek nygtady.

Şol sanda Üzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gorgan halkara demir ýolunyň türkmen böleginiň mümkinçiliklerini ulanyp, ýurdumyzyň logistika kuwwatyny kämilleşdirmegi, üstaşyr ýük dolanyşygyny artdyrmaly.

Pudagyň alyp barýan işleriniň hatarynda awtomobil ulaglarynyň ähmiýeti barha artýar. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň mukdary artdy. Bu ulgamda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýandygyny bellemek gerek. Iň döwrebap ulag ýollary ulanmaga berilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň (awtobanlaryň) gurluşygy işjeň alnyp barylýar.

Ine, 24-nji ýanwarda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna başlanylmagynyň dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň hem-de onuň desgalarynyň taslamasyny düzmäge we gurluşygyny amala aşyrmaga ygtyýar berdi.

Resminamada işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlap, awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Şol tapgyrlaryň soňkusy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanmalydyr.

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurulmagy ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligini, logistika hyzmatlaryň hilini we tizligini ep-esli artdyrar, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňelder.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, serhetdeş Özbegistan bilen ulag gatnaşyklary babatda uly geljek açylýar.

Diýarymyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan awtobanyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşdirilmeginiň netijesinde bolsa, ol ýük gatnawlarynyň Hazarda Halkara deňiz portuna we ondan aňry—deňiz ýolunyň üsti bilen Kawkaza, Ýewropa tarapa, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna göni çykalgany üpjün eder.

Awtoban her tarapdan üç sany esasy we bir goşmaça zolagy bolan hereketiň sekiz ugruny özünde jemlär. Ýol örtüginiň giňligi 34,5 metre deň bolar. Awtoban Aşgabat-Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak çatrykdan başlanar. Şu ýerde elektron tölegini göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň nokady, dynç almak üçin meýdançalar hem ýerleşer.

Awtobanyň tutuş dowamynda derýanyň üstünde 4 köpri, demir ýoluň üstünden 4 köpri, beýleki awtomobil ýollary bilen kesişilýän ýerlerde 22 köpri gurlar. Mundan başga-da, mallar-haýwanlar üçin ýörite geçelge göz öňünde tutuldy. Şeýle hem 76 ýerasty pyýada geçelgeler, suw zeý akabalary, sil akabalarynyň üstünde köprüler, ýol aýrytlary hem-de beýleki desgalar bina ediler.

Awtobanyň zerur tehniki hyzmatlary üçin 10 beket gurmak meýilleşdirilýär. Ýol hereketi üznüksiz wideo gözegçiligiň kömegi bilen ulag gatnawy boýunça ähli maglumatlary ýygnaýan, saklaýan hem-de ýol gözegçilik gullugyna berýän ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Şol gulluga howanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän beketden çyglylyk, ýol aralygynyň aýdyň görlüp bilnişiniň ýagdaýy ýaly ölçegleri we beýlekileri özünde jemleýän maglumatlar hem ugradylar.

Awtobanyň ugrunda gyssagly çagyryşlar we kömek bermek üçin dolandyryş merkezi bilen baglanyşdyrylan telefon aragatnaşygynyň ýörite bölümleri ýerleşer.

Awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öň ýanynda iň täze kysymly awtoulag serişdeleriniň nobatdaky tapgyry «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi. Hususan-da, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si hem-de «Toyota Corolla» ýeňil awtoulaglarynyň 70-si gelip gowuşdy.

Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hem-de Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze awtoulag serişdeleri gurluşyk pudagynda we hyzmat ediş ulgamynda ulanylar.

«KAMAZ» kysymly ýük ulaglary hem-de «Toyota Corolla» ýeňil awtomobilleri ulanyşda ýokary ygtybarlylygy we birnäçe beýleki artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen birlikde, awtoulag serişdeleriniň hereketlendirijileriniň tygşytlylyk we ekologiýa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan halkara talaplaryna kybap gelýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki zaman awtomenzilleri gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu düzümleýin desgalar iň täze aragatnaşyk ulgamlary, öňdebaryjy, şol sanda, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidir. Munuň özi ýolagçylara hyzmatyň ýokary hilini, ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi Diýarymyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Raýat awiasiýasyna içerki hem-de halkara gatnawlarynda ýolagçy gatnadylmagynda we ýük daşalmagynda möhüm orun berilýär.

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamyndaky işleri düzgünleşdirýän halkara konwensiýalary boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär, howa menzilleriniň hem-de howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygy boýunça, uçarmanlar toparynyň we ýerüsti toparyň düzümlerini döretmegiň halkara ölçeglerini pugta berjaý edýär.

Şu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara raýat awiasiýasy guramasy — ICAO bilen hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir.

Onuň hünärmenleri bilen bilelikde, howa menzillerini hem-de howadaky hereketleri dolandyrmagyň hemme düzüm bölümleri boýunça işler alnyp barylýar. Meýilnama esasynda awiasiýa howpsuzlygynyň ölçeglerini ulanmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň öňdebaryjy dünýä tejribesi boýunça iş duşuşyklary we geňeşmeler geçirilýär.

Şunuň ýaly netijeli we ulgamlaýyn özara gatnaşyklar oňyn netije berýär hem-de bu ulgamda beýleki halkara düzümleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge kömek edýär. Bu işleri bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde öňe sürýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde, Diýarymyzda iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup, ulanylmaga berildi. Şolar islendik ýük göterijiligi bolan howa gämilerini kabul edip we ugradyp bilýär.

Milli Liderimiz öňde milli awiasiýany ösdürmek boýunça wezipeleri goýup, halkara tejribesini öwrenip, Halkara howa ulaglary assosiasiýasyna (IATA) girmek boýunça degişli işleri geçirmegi talap edýär, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işiniň dowam etdirilmelidigini aýdýar.

Ýewropanyň awia howpsuzlyk boýunça agentligi — EACA bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Wekiliýetleriň özara saparlary yzygiderli geçirilýär, Türkmenistanyň awiasia ulgamynyň hökümet wekilleri bu guramalaryň iri forumlaryna wekilçilik edýär, bu guramalaryň bilermenleri türkmen howa ulaglarynyň ýerine ýetirýän uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, howa menzillerimizi enjamlaşdyrmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere oňat baha berýärler.

Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazanylanlary ulanylyp, agentligiň işlerine sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, elektron hasaplaşyk görnüşinde internet saýtlarynyň üsti bilen howa gatnawlaryna petekleriň satylmagy kämilleşdirilýär.

27-nji iýunda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-200 LR» ýolagçy uçary gondy. Ol Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa bilen köptaraply gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtaýar.

Döwletimiziň halkara derejelerine goşulyşmagynda kommunikasiýa ulgamyna ähmiýetli orun berilýär. Bu ulgamyň täze derejä çykarylmagyna aragatnaşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýardam berýär.

Diýarymyzyň ähli künjeginiň döwrebap optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary gurşap alýar. Ýerli telefon belgileriniň artmagy aragatnaşygyň halkara we şäherara ugurlarynyň sanynyň köpelmegine getirdi. Türkmenistanyň çäkleri boýunça Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli umumy uzynlygy 27 müň kilometr bolan Trans —Aziýa — Ýewropa optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometrlik böleginiň geçýändigi möhümdir.

Ýurdumyzda halkalaýyn Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Daşoguz —Aşgabat we radial Garabogaz — Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary —Türkmenabat — Kerki — Ymamnazar iki sany magistral optiki-süýümli ulgamlar hereket edýär. Şolar goňşy döwletleriň ulgamy bilen birleşendir.

Bulary gurnamagyň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Division Multiplexing — dykyz tolkunly multipleksirleme) tehnologiýasynyň binýadynda amala aşyryldy. Ol halkara üstaşyr we ýerli internet-akymlaryny geçirmek üçin ýaýlymynyň geçirijilik ukyby sekuntda 100 gigabit bolan köp ýaýlymly optiki ulgamdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, halkara telefon ugurlarynyň köptaraply diwersifikasiýasy we maglumatlary geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz boýunça çekilen magistral optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň halkara möçberinde birleşýän ýerleriniň bäşisini özünde jemleýär. Olar Aşgabat — Bajgiran (Eýran), Serhetabat —Hyrat (Owganystan), Ymamnazar — Akina (Owganystan), Türkmenabat —Buhara (Özbegistan) we Garabogaz — Fetisow (Gazagystan) ugurlardyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary tehnologiýalardan ugur alýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biribir. Munuň şeýledigine Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär.

Diňe soňky üç ýylda ýurdumyzyň satyn alan halkara internet-ýaýlymlarynyň umumy göwrümi on esse artdy, internet ulanyjylaryň sany 500 müňden gowrak köpeldi we bu görkeziji her gün artýar.

2019-njy ýylda «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) RT halkara teleýaýlymy hökmünde has meşhur bolan «TW-Nowosti» özbaşdak täjirçilik däl guramasy bilen täzelik habarlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek we özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Buýruga gol çekdi.

Munuň özi Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýrawynyň giňelmegine hem-de halkara derejesine çykmagyna tarap ýene-de bir uly ädimdir. Şeýle hyzmatdaşlyk iň oňat dünýä tejribesini öwrenmäge, täze tehnologiýalary peýdalanmaga we maglumat ulgamyna degişli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, ýurdumyzyň žurnalistika ulgamynda hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri açýar.

Halkara işlerine goşulyşmak hem-de milli maglumatlar ulgamyny döretmek işi bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanynda Kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Onuň alyp barýan işi ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär.

Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kiberhowpsuzlyk hakynda Kanuna gol çekdi. Kanun ýurduň özbaşdaklygyny, bähbitlerini goramaga, internet ulgamynda howpsuzlygyň wehiminiň öňüni almaga, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen işlenilip taýýarlanylan bu Kanunyň wajypdygyny ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlaşdyrmak işleri kesgitleýär. Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýratyn bölegine öwrüldi. Akylly ulgamlar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar, bu bolsa önümçiligiň guralyşyny hem-de dolandyrylyşyny düýbünden üýtgedýär.

Türkmenistanlylar üçin aragatnaşygyň barha täze hyzmatlarynyň hödürlenilmegine aýratyn üns berilýär, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň sanynyň köpelmegi hem-de hünär taýdan başarnyklarynyň artmagy boýunça işler alnyp barylýar. Şu babatda döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portalynyň işe girizilmegi ähmiýetli waka boldy. Onuň tanyşdyrylyşy telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we Teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Bu portal (https://e.gov.tm/) raýatlara hem-de işewürlere elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir. «Bir penjire» ýörelgesi hyzmatlardan peýdalanmaga ýüz tutanyň resminamalaryny merkezleşdirilen görnüşde kabul edilmegini amala aşyrmaga hem-de resminamalaryň taýýarlanylýan möhletiniň berjaý edilişine gözegçiligi we şolaryň berilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Bu gün resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portalynyň üsti bilen öz bank kartynyň maglumatlary arkaly internediň, öý telefonynyň we ykjam aragatnaşygyň, IP-telewideniýäniň, demir ýol ýa-da howa ulaglaryna münmek üçin petekleriň hem-de beýleki hyzmatlaryň hasaplaryny töläp bilýär.

Ýakyn geljekde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, hyzmatlaryň gerimi giňeldiler. Şolaryň sanawyna işleriň maglumat, aragatnaşyk we mahabat ýaly ugurlary girer, bilim hem-de medeniýet ulgamlary aýratyn bölümi eýeleýär, “Saglyk” bölümi bar.

Şol ýerde hem göni aragatnaşyk ýagdaýynda pasportlary, hasaba almagy, wizalary, sürüjilik şahadatnamalaryny, pensiýalary we kömek pullary, salgytlary, iş üpjünçiligini resmileşdirmek meseleleri hem-de ençeme beýlekiler boýunça, ýagny telekeçilik işlerinden başlap, durmuş meselelerine çenli ýüz tutmak bolar. Saýty ulanyjylaryň oňaýlylygy üçin dilleriň iki görnüşi — türkmen we rus dilleri göz öňünde tutulypdyr.

«Türkmentel — 2019» sergisiniň işewür maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistan we dünýäniň maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» diýen ylmy maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça bu iki ýurduň aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bilelikde gurulmagyna, oňa bilelikde eýe bolmaga hem-de ony peýdalanmaga ýardam berilmegini guramak hakynda ylalaşyga gol çekilmegi dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekilleri bir ýere jemlän forumyň aýdyň netijeleriniň biri boldy.

Gadymyýetde üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen çäkleri gurşap alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenbaşy we Siýazan şäherlerini baglanyşdyrar, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa ulgamyna degişli üstaşyr ýollary diwersifikasiýalaşdyrmak we kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

Statistiki maglumatlara görä, Aziýadaky ilat 4 milliarddan geçýär, Ýewropanyň ilaty bolsa 990 million adamdan gowraga barabardyr. Yklymlaryň arasynda maglumatlary alyşmagyň zerurlygy sekuntda 200 —400 gigabitden sekuntda 4-5 Tbaýta çenli möçberde internet giňişligini alyşmagyň giňeldilmegine getirer.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmentelekom» döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasy we «Azertelekom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bu ulgamy guramaga degişli taslama boýunça bilelikde iş geçirdiler.

Ýaponiýanyň içeri işler we aragatnaşyklar ministri Masatoşi Işida bilen bolan duşuşygyň barşynda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynda bilelikde işlemegiň geljegine garalandygyny bellemek gerek. Hususan-da, ýapon tarapyndan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda suwasty optiki-süýümli geçirijisini çekmäge ýardam bermäge aýratyn gyzyklanma bildirildi hem-de olaryň taýýardygy beýan edildi.

Diýarymyzda poçta aragatnaşyk ulgamynda barha täze hyzmatlaryň hödürlenilmegine aýratyn üns berilýär. Häzir Türkmenistanda bu gullugyň ýüz ellä golaý şahamçalary işleýär. Olar hatlaryň, ugratmalaryň we döwürleýin metbugatyň önümleriniň eýelerine gowuşmagyny hem-de jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň kabul edilmegini, Bütindünýä poçta bileleşigine girýän islendik döwlete poçta arkaly tiz ugradylmagyny we beýlekileri amala aşyrýar.

Şeýlelikde, 2019-njy ýyl ýurdumyzy kuwwatly durmuş ugurly ykdysadyýeti bolan dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak babatda uly işler berjaý edildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň senagat we ulag-kommunikasiýa toplumynyň öňünde goýan esasy maksatlaryna ýetmek boýunça özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda aýgytly ädimdir.

Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijeleri jemlenildi, şonda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat we ulag-kommunikasiýa ulgamyny bölmek hem-de degişli wise-premýerleriň gözegçilik etjek ulag-kommunikasiýa we gurluşyk-senagat toplumlaryny döretmek hakynda çözgüt kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda bu toplumlaryň ýolbaşçylarynyň öňünde ýakyn wagtda garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk işlerini tamamlamak wezipesini goýup, olaryň öz ähli tagallalaryny innowasiýalary we sanly tehnologiýalaryň esasynda pudaklary durnukly ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirmelidiklerini nygtady.

Senagat, ulag we kommunikasiýa pudagyny düýpli özgertmek, toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky Permany bilen Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de onuň «Türkmensenagat» agentligi ýatyryldy, onuň binýadynda bolsa Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi.

Şu synda getirilen wakalar strategiki maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň neneňsi depginlidigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şol maksatlar bolsa eziz Diýarymyzy senagatlaşdyrmagyň ýokary depginini üpjün etmekden, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, welaýatlarda döwrebap düzümleri döretmekden, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglyk Güni Mynasybetli Guralan Çärelere Gatnaşdy

turkmenhabargullugy

Pissäniň Tejribe Nusgalary Botanika Bagynyň Alymlaryny Ýokary Hasyllylygy Bilen Begendirdi

Türkmenistanda Häzirki Zaman AÝGB-leriň Gerimi Artýar