19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň DIM-nde Brifing Geçirildi

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi.

Duşuşyk ýurdumyza ýiti wirus ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilen çärelere bagyşlandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylýandygy aýratyn bellenildi. Bu işler milli kanunçylygy hasaba almak bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň ilatyň saglyk we öňüni alyş meselelerinde bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işleriniň giň hem-de yzygiderli alnyp barylýandygy bellenildi, munuň özi epidemiologiýa gözegçiliginiň möhüm bölegi bolup durýar.

Türkmenistanlylary zerur derman serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça uly işler geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň ulagyň ýerüsti, demirýol, howa we deňiz gatnawlary görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz işlemegi üçin ähli çäreleri görýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň, şeýle hem çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň we olaryň ene-atalarynyň arasynda düşündiriş – öňüni alyş çäreleri işjeňleşdirildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda degişli okuw-amaly maslahatlar guralýar.

Türkmenistanda bu toplumlaýyn işleriň ählisiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de bu guramanyň makullamagyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, yzygiderli öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýokarda agzalan ýokanç keselleriniň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çärelere gözegçilik etmek we seljermek işleri alnyp barylýar.

Soňra duşuşyk sowal-jogap görnüşinde dowam etdirildi. Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzyň bu meselä jogapkärçilikli çemeleşýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Degişli makalalar

Köp Çagaly Maşgalalara Döwlet Baştutanymyz Adyndan Täze Öýleriň Açarlary Gowşuryldy

Köýtendag-Syrlar Mesgeni

Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar