17.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Beýik Ýeňiş-Mizemez Hatyra

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş – köp sanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Ýalynly uruşda türkmen ýigitleriniň egindeşleri ruslar, ukrainler, belaruslar, gazaklar, özbekler, gyrgyzlar, azerbaýjanlar, täjikler… we beýleki milletleriň wekilleri bolupdyr. Bu günki günde biz Ýeňiş üçin janlaryny orta goýan ata-babalarymyzyň edermenligini, gaýduwsyzlygyny ebedileşdirmek üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Şu maksat bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy esasynda 9-njy maýda Aşgabatda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu dabaraly harby ýöriş bütin dünýäde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň iň ulusy boldy.

Hormatly Prezidentimiz, uruş we tyl weteranlarymyz, Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti harby ýörişiň hormatly myhmanlary boldular. Çäräniň başynda, olar Beýik Watançylyk urşunda söweşen merdana pederlerimiziň hatyrasyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Ruhy tagzym», «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Soňra hormatly Belent Serkerdebaşymyz baýramçylyk münberinde çykyş edip, söweş we tyl weteranlarymyzy, türkmen halkymyzy, şeýle hem bütin dünýä jemgyýetini Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramy bilen mähirli gutlady.

Çeşme: https://milligosun.gov.tm/

Degişli makalalar

Dünýäniň iň uly almaz magdany haýran galdyrýar

turkmenhabargullugy

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach