04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat açyldy.Ony döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Söwda – senagat edarasy guradylar. 

Bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň hünärmenlerini birleşdiren halkara maslahatyny geçirmek däbe öwrüldi, bu bolsa döwletimiziň durmuşyň bu ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigine şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli sergä we maslahata gatnaşyjylara gutlagynda halkara möçberinde şular ýaly bilelikdäki çäreleri guramagyň möhümdigini nygtap: “Biziň parahatçylyga, döredijilige we ösüşe gönükdirilen syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli işlerimiz, amala aşyrýan düýpli özgertmelerimiz ýurdumyzy güýçli depginler bilen ösdürmäge, onuň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde abraýyny, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir” diýip belledi. 

Milli Liderimiz häzirki halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmekde, bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen alymlar hem-de hünärmenler bilen tejribe alyşmakda hem-de häzirki zaman ylmynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda oňyn orny eýelejekdigine ynam bildirdi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň iň oňat tejribelerine laýyklykda işläp gelýän bilim, sport we syýahatçylyk edaralaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de täze häzirki zaman şeýle edaralary döretmek boýunça uly möçberli işler ýaýbaňlandy. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara ülňüleriniň derejesinde döwrebap bilim almak, ýokary derejede ösen giň gözýetimi, hünär babatda ygtybarly bilimi bolan hem-de beden taýdan berk we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýokary derejeli ösen ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki zaman türkmen döwletinde syýahatçylyk ugruny ösdürmäge aýratyn üns berilýär, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Şu gün işe başlan halkara sergisi we ylmy maslahat bu ugurlarda nobatdaky täzelikleri gazanmaga täze itergi berer, olar öňdebaryjy tejribäni hem-de bilim, syýahatçylyk ulgamlarynyň, ýokary netijeler sportunyň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň görkezer. 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan bu ugurlarda uly möçberli özgertmeleriň netijeliligini hem-de dünýä bileleşiginiň innowasion tejribäni alyşmaga çalyşýandygyny “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara maslahatynyň gerimi we oňa gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi aýdyň tassyklaýar. 

Ozal habar berlişi ýaly, bilim ugrundan serginiň we maslahatyň işine daşary ýurt kompaniýalaryň onlarçasy, şol sanda bilim ulgamynda isleg bildirilýän interaktiw kompýuter tehnologiýalaryny, häzirki zaman programma üpjünçiligini, barlaghana enjamlaryny, lingafon tehnikasyny, dürli okuw gollanmalarynyň köp görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşen kompaniýalar gatnaşýarlar. Maslahata şeýle hem iri halkara guramalarynyň we agentlikleriniň birnäçesiniň, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň, döwlet we hususy kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ýerde tanyşdyrylan ýokary we orta hünärment mekdepleriniň köpüsi öz tehniki üpjünçiligi boýunça ýurdumyzyň bilim ulgamynyň nusga alarlyk edaralarynyň hataryna girýär. 

Şu ýerde serginiň we maslahatyň çäklerinde bilim ulgamynyň hünärmenleriniň häzirki gatnaşyklarynyň 23-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde bolan Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipeleri bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürjekdigini bellemek gerek. 

Mälim bolşy ýaly, şonda döwlet Baştutanymyz bu ulgamy düzümi boýunça hem, mazmuny boýunça hem ösen döwletleriň derejesine çykarmak üçin çagalar bilim berlişinden diplomly hünärmenleri taýýarlamaga çenli ähli derejedäki bilim ulgamlaryna özgertmeleriň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtly bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň, ähli bilim edaralarynda internete doly aralaşmagy gazanmagyň, ýokary we ýörite hünärment okuw mekdeplerini ýurdumyzyň çäklerinde gyradeň ýerleşdirmegiň möhümdigini hem belledi. Munuň özi welaýatlarda ýaşlaryň başlangyç mümkinçiliklerini ýokarlandyrar. 

Şunuň bilen bir hatarda, bilimleriň möçberini özleşdirmek üçin häzirki zaman bilim mekdeplerinde okatmagy azyndan 11-12 ýyla ýetirmegiň zerurdygyny dünýä tejribesi görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwyň mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de okatmagyň möhletini 12 ýyla çenli uzaltmak hakyndaky meselä garamak barada görkezme berdi. 

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy tölegli bilim edaralaryny döretmäge hem şertleri döretdi. Şuňa laýyklykda, döwlet Baştutanymyz eýýäm 2013-2014-nji okuw ýylynda tölegli okatmagy ornaşdyrmaga başlamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda mugt döwlet bilim edaralary ýakyn geljekde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasyny düzer. 

Halkara maslahatynyň işiniň beýleki bir ugry barada aýdylanda bolsa, sport we syýahatçylyk ugry boýunça sergä we maslahata daşary ýurtly syýahatçylyk firmalarynyň onlarçasy, şeýle hem sport enjamlaryny we egin-eşiklerini öndürmekde ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, ylmy maslahatyň işine türkmen hünärmenleri bilen bir hatarda, daşary ýurt döwletleriniň 30-a golaýyndan, şol sanda ABŞ-dan, Germaniýadan, Portugaliýadan, Italiýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Polşadan, Çehiýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Ýaponiýadan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşýarlar. 

Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda açyk umumy mejlisi bolan ylmy maslahat soňky iki günde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda guralan mowzuklaýyn toparlaryň dördüsiniň çäklerinde öz işini dowam etdirer. Umuman alnanda, ylmy maslahatyň ähli mejlislerinde iň möhüm meseleler boýunça çykyşlaryň we habarlaryň 200-si diňlener hem-de ara alnyp maslahatlaşylar. 

Üç günde ylmy maslahaty geçirmek bilen bir wagtyň özünde Sergi köşgünde öňdebaryjy tejribäni alyşmak, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak üçin däp boýunça synlaýyş meýdançasy bolup durýan halkara sergisi işlär. Şol döwürde sergä gelip görýänler pawilonlaryň 100-den gowragynda hödürlenen ekspozisiýalar bilen tanşyp, möhüm we gyzykly maglumatlary alyp bilerler. 

Maslahatyň işiniň çäklerinde oňa daşary ýurtlardan gatnaşýanlar üçin okuw mekdepleriniň birnäçesine baryp görmek guralar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary bilen duşuşyklary bolar, şolarda hususan-da, geljegi uly bolan hyzmatdaşlygyň wezipelerini hem ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. 

Wekilçilikli maslahatyň işi 7-nji noýabrda tamamlanar. Şol gün maslahatyň ýapylyş dabarasynda “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisine gatnaşyjylara güwänamalar gowşurylar. 

Degişli makalalar

Ýaş Nesilleriň Türkmen Ylmyna Goşýan Goşandyna Ýokary Baha Berildi

Pekinde «Lookwee» Žurnalynyň „Aşgabat 2017“ Oýunlaryna Bagyşlanan Ýörüte Sany Çapdan Çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach