14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YKDYSADYÝET

Birža täzelikleri.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

ABŞ-dan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen L-0,2-62 belgili dizel ýangyjyny, mazudy, gidroarassalanylan dizel ýangyjyny daşary ýurt walýutasyna satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçen benzini we L-0,5-62 belgili dizel ýangyjyny Daniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Şeýle-de dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçler, nah ýüplük we onuň galyndylary, pagta süýümi, çig ýagly kislotalar, iri şahly mallaryň we dowarlaryň derileri daşary ýurt walýutasyna ýerleşdirildi. Olary Şweýsariýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Belgiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Wirgin adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 229 million 174 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Eýrandan, Moldowadan, Slowakiýadan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan gelen telekeçiler jemi 10 million 179 müň manatlykdan gowrak reňkli we tüýjümek elsüpürgiçleri, tüýjümek halatlary, nah ýüplügi, dürli görnüşdäki süýji önümlerini satyn aldylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Oba Hojalygynda Ulanylýan Ýerleri Sebitleşdirmek Meýilnamasyna Laýyklykda Gök-Bakja Ekinleriniň Hasyly Ýygnalýar

Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy