21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Iň ýaş we zehinli gözel.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Milli Bahar baýramyna bagyşlanyp biziň ýurdymyzyň orta bilim berýän mekdepleriniň başlangyç synplarynyň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilen döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň dowamynda iň ýaş we zehinli gözel kesgitlenildi.

Bu döredijilik bäsleşiginiň geçirilen ýeri bolan Döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda paýtagtda we welaýatlarda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri bolan eýjejik gyzjagazlaryň 12-si bäsleşdi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar aýdym aýdyp tans edip, emin agzalarynyň çözgüdi üçin uly bolmadyk sahna oýunlaryny görkezdiler. Olaryň köpüsi özleriniň adaty mekdep durmuşyny beýan etdiler. Olar öz söýgüli ene-atalarynyň, mähriban mugallymlarynyň keşplerini janlandyrdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň akýürekliligi we göwnaçyklylygy tomaşaçylary we emin agzalaryny maýyl etdi. Şol gün olar ýaşajyk artist gyzjagazlara gowy bahalar goýmak bilen, diňe bäşlik we dörtlik goýmagy gysganmadylar.

Bäsleşik boýunça bellenilen çäreleriň ählisi tamamlanandan soňra onuň düzüminde deň möçberde baha alanlaryň sany köp boldy. Bu bolsa emin agzalaryna üç sany baýrakly orunlaryň we bäsleşigiň baş baýragy bolan Gran-priniň eýelerini kesgitlemekde kynçylyk döretdi. Emin agzalarynyň uzaga çeken ara alnyp maslahaty netijesinde ýüze çykan „arakesmede“ sahna bäsleşikde öz göz öňünde tutmadyk döredijilik çykyşlaryny tomaşaçylara görkezmek üçin ýaşajyk artist gyzjagazlaryň ygtyýaryna berildi.

Emin agzalaryna özleriniň gutarnykly kararlarynyň habar bermek üçin kyrk minut wagt gerek boldy. Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň ikinji synp okuwçysy Şaperi Öwezgeldiýewa bäsleşigiň baş baýragynyň ýeňijisi hökmünde yglan edildi. Adaty üç sany baýrakly orna degişlilikde Daşoguzyň 25-nji orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Jahan Gurbandurdyýewa, Aşgabadyň 68-nji orta mekdebiniň ikinji synp okuwçysy Ogulnar Annamyradowa we Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 15-nji umumy bilim berýän mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Züleýha Täçgullyýewa mynasyp boldylar.

Emin agzalary bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlaryny we ýadigärlik sowgatlaryny gowşurmak bilen, tüýs ýürekden gutladylar. Emin agzalary bäsleşigiň beýleki gatnaşyjylaryny hem bäsleşikde özlerini mynasyp görkezendiklerini belläp, olary hem ruhlandyrdylar. Bu hususanda, mümkin geljekde ýurdyň estarada we sahna ussatlary boljak ýyldyzlarynyň ilkinji döredijilik üstünliklerine hakykatdan hem berilen ýokary bahadyr.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Eýran lazer ýarag synagyndan soň harby türgenleşik geçirýär.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach

Türkmenistanda Güýzlük Bugdaý Ekişine Badalga Berildi