18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we nebit koksuny satyn aldylar. Estoniýaly we owganystanly işewürler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem ýük awtoulagy, arassalanan pagta ýagy, nah ýüplügi, nah ýüplügiň galyndylary, süýümli ulýuk satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Malta, Täjigistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 20 million 82 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Pakistandan gelen işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 376 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 542 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we polimer külkesini (TNGIZT), şeýle hem azyklyk dänäni satyn aldylar.

Degişli makalalar

Lebapgazçykaryş Müdirligi Tebigy Gazyň Çykarylyşyny Artdyrýar

Birża täzelikleri

syrach

“Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlygy-2017” Atly Köpugurly Sergi Öz Işini Tamamlady

turkmenhabargullugy