25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen-Moldowa Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

2015-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-moldowa daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Moldowa tarapynyň wekiliýetine Daşary işler we ýewropa integrasiýasy ministriniň orunbasary jenap Tudor Ulýanowski ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga şeýle hem Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Kiýew ş.) jenap Iona Stewile hem gatnaşdy.     

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ýolbaşçylarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşyklarynyň meselelerini hem-de gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-moldowa hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçen geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we gurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, has takygy ileri tutulýan dürli ugurlar babatynda pudagara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Şeýle hem duşuşygyň barşynda iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň hem-de hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, talyp alyş-çalyşy boýunça we Türkmenistanyň hem-de Moldowanyň bilermenleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň duşuşyklaryny we maslahatlaryny guramak maksady bilen medeni-gumanitar ulgamynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşygynyň giňeldilmegi, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.

Nobatdaky duşuşyklaryň barşynda türkmen-moldowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ilerlemegine ýardam etmäge gönükdirilen täze işewür gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

turkmenhabargullugy

Eýranyň prezidentligi üçin saýlaw tapgyry başlady.

syrach