23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler nah ýüplügi, şeýle hem Russiýadan gelen işewür toparyň wekilleri boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 480 müň dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen täjirler jemi bahasy 2 million 783 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 112 million 400 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanda Bugdaý Hasylynyň Dörtden Bir Bölegi Ýygnaldy

ÝHHG-niň Synçylar Toparynyň Agzalary Türkmenistanyň DIM-nde Duşuşyk Geçirdiler

Täze Howa Menzili