29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Nebitçi II” Bilen “Köpetdag II” Toparlary Eýeleýän…

“Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” toparlary eýeleýän orunlaryny saklap galdy

Şu gün, 17-nji maýda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 9-njy tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag II” “Aşgabat” toparynyň ýaşlar düzümini 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam II” topary Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul edip, 0:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Energetik II” 2:0 hasabynda “Merw II” toparyndan üstün çykdy.

Şeýlelikde, 18 utukdan toplan “Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” toparlary eýeleýän ikinji, üçünji orunlaryny saklap galdylar. Geçiren duşuşyklarynda 24 utuk toplan “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümi ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çempionatyň 9-njy tapgyry 18-nji maýda “Ahal II” hem-de “Altyn Asyr II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Köpetdag II” – “Aşgabat II” – 2:1

Gollar: 11 Elýasberdi Berenow, 63 Arzuw Allaberdiýew (Köpetdag II”) – 45+1 Jumamyrat Jumaýew (“Aşgabat II”)

“Şagadam II” – “Nebitçi II” – 0:3

Gollar: 24 Sapa Arazgylyjew 11 m.j.u., 30 Ýylgaýguly Abdullaýew, 90 Remezan Arazgeldiýew (“Nebitçi II”)

“Energetik II” – “Merw II” – 2:0

Gollar: 61 Rahim Seýidow, 90 Babanyýaz Çaryýew (“Energetik II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Ýoluňyz ak bolsun, 2011-nji ýylyň uçurymlary!

syrach

“Rönesans Holding” Kompaniýasynyň Ýolbaşçysy Geljegi Uly Türkmen Bazarynda Tutýan Ornuny Pugtalandyrmaga Uly Gyzyklanma Bildirýär

turkmenhabargullugy