18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DÜNÝÄ

BMG bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygyň barşynda ýörite wekil BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystanda asuda durmuşy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň tagallalary üçin hoşallyk sözlerini ýetirdi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegi, şeýle hem dünýä we sebitleýin syýasat we howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we BMG-niň ysnyşykly hyzmatdaşlygyny bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak we asudalygy berkitmek, halkara terrorçylygyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, häzirki zamanyň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy durmak, şeýle hem tutuş sebitde mümkin bolan howplary we dartgynlylygy peseltmek boýunça bir bitewi konsepsiýany işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Munuň özi sebitde we tutuş dünýäde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek üçin binýat bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda Owganystany dikeltmek we owgan halkynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin uzakmöhletleýin maksatnamany taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň umumy ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde öz syýasy giňişligini Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça halkara bileleşiginiň işlemegi üçin bermäge taýýardygy baradaky başlangyçlaryna uly üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda hyzmatdaşlygyň, şol sanda sebitleýin möçberdäki hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk tejribesi bellenildi. Şol hyzmatdaşlykda goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde Türkmenistanyň oňyn tejribesi aýratyn zerurdyr. Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ysnyşykly söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklar alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda asuda durmuşy ýola goýmak we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Arasynda Gepleşikler Geçirildi

turkmenhabargullugy

RF Ýanwaryň Ahyrynda OPEC we OPEC Däl Döwletleriň Nebit Çykaryşyna Gözegçilik Boýunça Komitetiň Maslahatyny Geçirmegi Teklip Edýär

turkmenhabargullugy

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde – “Aşgabat 2017” Oýunlary

turkmenhabargullugy