13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

Gazagystan Bütin dünýä söwda guramasyna agza bolmak isleýär

Bütin dünýä söwda guramasyna agza bolmak isleýän Gazagystanyñ ÝB bilen gepleşik etabyny tamamlandygy aýan edildi.

Gazagystanyñ Ykdysadyýet ministri Žanar Aýtžanowa bilen ÝB-niñ Söwda komisary Peter Baliş Gazagystan bilen ÝB-niñ arasyndaky agzalyk gepleşikleriniñ tamamlanmagy bilen baglanşykly teswirnama gol çekişdi.

Gepleşiklerde nebit-gaz önümçiligine maýa goýmak, telekomunikasiýa, gurluşyk, finans ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegi üçin amatly şertiñ ýola goýulmagy meselesinde ylalaşyga gelindi.

ÝB-ne agza ýurtlar bilen Gazagystanyñ arasyndaky söwda mukdarynyñ 2011-nji ýylyñ birinji ýarymynda 28 milliard dollardan geçendigi we şol sanyñ has-da ýokarlandyrylmagynyñ gerekdigi ýatladyldy.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

LIDERLER ÝEWRO SEBITINIÑ DURNUKLYLYGYNYÑ ÝOLA GOÝULMAGY MESELESINDE TUTANÝERLI

syrach

Hytaýyň Ýaramaz Yşaratlarynyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Aşaklaýar