15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

BMG energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek hakynda Rezolýusiýa kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 
17-nji maýda BMG-niň Baş Assableýasynyň 67-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy hem-de Milletler Bilelelişiginiň agzasy bolan döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek barada Rezolýusiýa kabul edildi.

Bu resminama energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna turbageçirijileri we beýleki ulgamlary peýdalanmak bilen ygtybarly geçirmegi üpjün etmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Dünýäniň 71 ýurdunyň bu halkara resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etmegi onuň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär. 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen bu Rezolýusiýa aslyýetinde BMG-niň Halkara bilermenler toparyny döretmek we onuň işlemegi üçin esasy bolup hyzmat edýär. Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara – hukuk usulyny işläp düzmek onuň esasy maksady bolar.

Bu hoş habaryň Türkmenistanyň 4-nji Halkara Gaz Kongresi we bu çără bagyşlanan halkara sergisiniň geçirilýăn günlerine gabat gelmegi has-da begendiriji wakadyr.

Degişli makalalar

Eziz watandaşlar! Edermen Babadaýhanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti we Italiýanyň Premýer-Ministriniň Matteo Bilelikdäki Beýannamasy

syrach