18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Eýranda geçiriljek prezident saýlawlary.

Eýranda 2013-nji ýylyň 14-nji iýununda geçiriljek 11-nji prezident saýlawlarynda ýurduň 7-nji prezidenti saýlanar.

2009-njy ýylyň iýun aýynda geçirlen saýlawlarda prezident Mahmud Ahmedinežad bilen reformaçy tarapy bilen tanalýan Mir Hüseýin Musewi, ýene-de reformaçy toparlardan Mehdi Kerrubi we konserwator Mohsen Rizaýy bäsleşipdi. Ahmedinežad saýlawyň birinji tapgyrynda sesleriň 2/3 bölegini alyp, dini lideriň hem godawy bilen Eýranyň Prezidenti hökmünde saýlanypdy. Şol saýlawlarda sesleriň beýan edilmeginiň yzýanyndan ýurtda uly garşlyklar görkezilip, Musewi bilen Kerrubiniň tarapdarlary saýlawlarda galplyk edilendigini öňe sürip, demonstrasiýalar geçiripdi. Bir aýa golaý dowam eden we köp sanly adamyň ýogalmagyna hem-de ýaralanmagyna sebäp bolan wakalardan soň saýlawyň netijelerinde hiç hili özgertme edilmän, galplyk edilendigi barasyndaky öňe sürmeler ret edildi we Ahmedinežad kasam edip, 2-nji döwür üçin Eýranyň prezidenti hökmünde wezipesine başlaýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Konstitutsiýasynda nygtalmagyna görä prezident dini liderden soň ýurduň 2-nji resmi wezipesi we konstitutsiýanyň düzgünlerini berjaý etmek we gönüden göni dini lideriň ygtyýaryndaky ugurlardan daşgary ýerine ýetiriş organyna ýolbaşçylyk edýär. Prezident 4 ýyl möhlet bilen we gönüden göni halkyň sesleri bilen saýlanýar we kanunlara laýyklykda yzly-yzyna 2 gezek şol wezipä saýlanyp biler.

Eýsem Eýranyň Konstitutsiýasynda Prezidentlige dalaşgärlik nähili kesgitlenýärkä?

Konstitutsiýada prezidentlige dalaşgärlik üçin diýseň geň galdyryjy we üns çekiji käbir şertler göz öňünde tutulýar. Eýranyň Konstitutsiýasynyň 115-nji maddasynda okap-ýazyp bilýän, dini we syýasy geçmişe eýe we aşakdaky şertlere laýyk gelýän erkekler prezidentlige dalaşgärlik üçin ýüz tutup bilerler:

 Asly eýranly bolmak, Eýranyň raýaty bolmak, Dolandyryş ukybyna eýe bolmak, Abraýly, ynamdar we takwa (Alladan gorkýan) bolmak, Eýran Yslam Respublikasynyň esaslaryna we düzgünlerine tabyn we ynamly bolmak, Ýurduň resmi messebine (Şaýy jaferi) degişli bolmak.

Kanunda ünsi çekýän madda laýyklykda dini we syýasy geçmişe eýe bolmadyk adamlar prezidentlige dalaşgär bolup bilmeýärler. İň esasysy konstitutsiýanyň 115-nji maddasynda görkezilşi ýaly Eýran Yslam Respublikasynda diňe şaýy jaferi messebine degişli bolanlar prezident saýlawy üçin dalaşgär bolup bilýärler. Başga bir söz bilen aýdylanda sünni messepler we şaýy messebiniň tapawutly bölümlerine uýýanlar saýlawlar üçin dalaşgär bolup bilmeýärler.

Beýleki tarapdan kanunda dini we syýasy geçmişi bolan erkekler prezidentlige dalaşgärlik üçin ýüz tutup bilerler diýilýär. Emma dini we syýasy geçmişe eýe bolan erkekler kesgitlemesi konkret däl we bu ugurda haýsydyr bir kesgitlenýän aýratynlyk we ölçeg beýan edilmeýär. Şol sanda käbirleri arap dilinde erkekler manysyny aňladýan we kanunda beýan edilýän “rijal” sözüniň hakyky manyda ulanylandygyny we aýallaryň dini taýdan prezidentlige dalaşgär bolup bilmejekdigini öňe sürýän bolsa, käbirleri bolsa kanunda ulanylan “rijal” sözüniň “şahs” manysynda ulanylandygyny öňe sürip, aýallaryň hem prezidentlige dalaşgär bolup biljekdigini aýdýar.

 Emma bu meselede ygtyýarly organ we konstitutsiýany goramakdan jogapkär “Goraýjy geňeş” kanunda “rijal” sözüniň ulanylýandygyna ünsi çekip, aýallaryň dalaşgärligini kabul etmeýär.


Elbetde ýokardaky şertleriň berjaý edilmegi prezidentlige dalaşgär bolmak üçin ýeterlik däl. Konstitutsiýa laýyklykda “Goragçy geňeş” prezident saýlawlaryna gözegçilik etme ygtyýaryna eýedir.

 “Goragçy geňeş”

Goragçy geňeş 6 sanysy ýokary bilimli ruhanydan we 6 sanysy hukukçy jemi 12 adamdan ybarat. Ruhanylar gönüden dini lider tarapyndan bellenýärler. Hukukçylar bolsa kazyýet organy tarapyndan mejlise hödürlenýär we halk wekilleriniň ses bermeginde wezipelerine başlaýar. Yslam geňeşi mejlisinde kabul edilen ähli kararlar, şol sanda ýurtda geçirilen ähli saýlawlar Goragçy geňeş tarapyndan tassyklanylmaly.

Goragçy geňeşiň ilkinji borjy Yslam geňeşi mejlisinde kabul edilen ähli kararlary konstitutsiýa we yslam şerigatyna laýyklyk taýdan serljermek. İkinji borjy bolsa dalaşgärleriň ýüz tutan pursadyndan başlap saýlaw tamamlanýança ýurtda geçirilen ähli saýlawlara gözegçilik etmek we derňemek. Gysgaça aýdylanda Goragçy geňeş öz ygtyýaryna laýyklykda dalaşgärleriň ýüz tutmasyny kabul ýa-da ret edip biler.

 Eýrandaky hakyky güýç: “Dini lider”

Eýranyň Konstitutsiýasynyň 6-njy maddasynda ýurt halkyň sesleri esasynda we saýlawlar arkaly edara edilmeli diýlip ýazylan. Emma görülşi ýaly halkyň sesleri we saýlaw arkaly sözleriniň manysy Eýran Yslam Respublikasynyň Konstitutsiýasynda beýleki demokratik hökümlerden tapawutly. Çünki Eýranyň öz dolanşyk ulgamyndaky kesgitlemä görä Yslam Respublikasy demokratik dolanşyk usuly ýa-da başga bir söz bilen aýdylanda halkyň halky hökümet etmegi manysynda däl. Eýsem Yslam Respublikasy allanyň Dini lider arkaly halka höküm etmegi diýmegi aňladýar. Has düşnükli aýdylanda Dini lider allanyň ýeriň ýüzündäki wekilidir we oňa garşy durmak alla garşy durmaklykdyr. İne şol sebäpli Eýranda iň ýokary we iň beýik karar organy Dini liderdir. Eýranyň Konstitutsiýasynyň 110-njy maddasy Dini lideriň borçlaryndan käbirlerini şeýle beýan edýär:

Referendum buýrugyny bermek, Eýranyň Ýaragly güýçleriniň Serkerdebaşysy, Uruş we parahatçylyk buýrugyny bermek we güýçleriň mobilizlenme permanyny çykarmak, Prezident halk tarapyndan saýlanandan soň wezipä başlamaga barasyndaky buýruga gol çekmek, Prezidenti wezipesinden boşatmak,
 
Görülşi ýaly Dini lideriň ygtyýary we borjy diýseň giň. Şeýle halatda diňe ulgamyň içindäki we sözüň doly manysynda ulgam tarapyndan tassyklanan adamlar (konserwator ýa-da reformaçy tapawudy ýok) prezident ýa-da halk wekilligine dalaşgär bolup bilýär. Halk diňe Dini lider we Goragçy geňeş tarapyndan ähli taraplaýyn tassyklanan birnäçe adamdan birini saýlap bilýär. Oppozision, tapawutly we dürli pikirdir garaýyşlara eýe bolan adamlar Dini lider hem-de Goragçy geňeş tarapyndan tassyklanmaýandygy üçin şeýle adamlaryň dalaşgär bolmagy we saýlanmaklary hem mümkin däldir.

Degişli makalalar

Türkmen-Hindi Syýasy geňeşmeleri Geçirildi

syrach

Пресс-релиз

Göç İdaresi Önemli Duyuru: İstanbul İlindeki İkamet İzni Başvuruları Hakkında Duyuru

turkmenhabargullugy