16.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Boks Boýunça Açyk Birinjilik

Golaýda sportuň boks görnüşi boýunça 2004-2005-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň we Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň Gökje obasynyň 4-nji sport mekdebinde guralan bu ýaryşa 8 topardan 85-den gowrak türgenler 12 agramda bäsleşdiler.

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde M.Yklymow (46 kg.), S.Matmuradow (48 kg.), M.Guljaýew (50 kg.), B.Mämmetgeldiýew (52 kg.), M.Babaýew (54 kg.), G.Ylýasow (57 kg.), B.Çarymyradow (60 kg.), H.Merdanow (63 kg.), Ş.Arazdurdyýew (66 kg.), M.Saryýew (70 kg.), B.Konstantinow (75 kg.), A.Şöhratgeldiýew (+81 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup, ýeňişlerini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere «Olimp» orta sport mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Bu bäsleşik köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazgy edildi.

Döwranberdi AMANBERDIYEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metodisti.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Dokuzynjy Tapgyryň Çäginde Iki Duşuşyk Geçirildi

Türkmen Maldarlary Ot-Iým Taýýarlamak Boýunça Ýyllyk Meýilnamany Ýerine Ýetirdiler

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

turkmenhabargullugy