25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Brent Nebitiniň Barreliniň Bahasy 53,40 Dollara, WTI-niňki 50,53 Dollara Çenli Aşak Düşdi

Brent Nebitiniň Barreliniň Bahasy 53,40 Dollara, WTI-niňki 50,53 Dollara Çenli Aşak Düşdi

Bu gün nebit az-kem aşaklaýar. Brent kysymly nebitiň iýuldaky fýuçersleri Londondaky biržada 7:52 wagtda çenli ýagdaýda 13 sent (0,24 göterim) aşaklap, barrel üçin 53,40 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahalary 7 sent (0,14) aşaklap, barrel üçin 50,53 dollara ýetdi, diýip Finmarket habar berýär.

30-njy martdaky söwda geleşikleriniň netijeleri boýunça Brent kysymly nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,13 dollar (0,25 göterim) aşaklap, barrel üçin 52,83 dollara ýetdi. WTI nebitiniň maýdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýork biržasynda 0,25 dollar (0,5 göterim) ýokarlanyp, barrel üçin 60,60 dollara ýetdi.

Geçen hepdede nebitiň dünýä boýunça bahalary köp mukdardaky ätiýaçalyklaryň bolmagy, şeýle hem nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyklar boýunça nebit bazarynyň ynamsyzlygy netijesinde aşaklamagyny dowam etdi. Netijede WTI kysymly nebitiň bahalary 47,01 dollara, Brent kysymly nebitiň bahalary bolsa 49,64 dollara çenli aşak düşdi.

OPEC ýurtlarynyň nebit çykarylyşyny çäklendirmegi netijesinde bazarda nebitiň orta agyr we agyr turşy kysymlarynyň ýetmezçiligi peýda boldy. şol bir wagtda hem ýeňil we aşa ýeňil kysymlaryň artykmaçlygy ýüze çykdy. Bu kysymlar bilen bolsa köp sanly Ýewropanyň we Aziýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary işläp bilmeýär.

Netijede bazar öňküsinden hem has güýçli deňagramsyzlandy. Çünki aziýa NGIZ-leriniň agyr kysymly nebitiň iberilmegi bilen kynçylyk çekýän döwründe Demirgazyk Amerikan NGIZ-leriniň profilaktiki abatlaýşa çykmagy ýagdaýy kynlaşdyrdy. Netijede Aziýa sarp edijileri üçin häsiýetli bolmadyk sebitlerden nebitiň alynmagy ýokarlanýar.

Demirgazyk deňiz sebitlerinden, Gazagystandan, ABŞ-dan we Braziliýadan Aziýa iberilýän nebitiň möçberi mart aýynda günde 45 mln barrel bolup biler. Russiýadan Ural nebit kysmynyň iberilýän möçberi aprelden iýun aralygynda 10,5 mln barrel bolup rekord derejä çykyp biler. Mart aýynda Aziýa iberilýän nebitiň umumy möçberini «Reýte» 714 mln barrel möçberinde bahalandyrýar. Bu görkeziji 2016-njy ýylyň dekabry bilen deňeşdireniňde 3 göterim ýokarydyr. Bu hem sebitde nebit önümleriniň ätiýaçlyklarynyň artmagyna getirýär.

Saud Arabystany tarapyndan 2017-nji ýylyň martynda Aziýa günde 17,6 mln barrel nebit iberildi. Bu görkeziji 2017-nji ýylyň ýanwaryndan 5 göterim artykdyr. Mundan başga-da, Saudi Aramco kompaniýasy nebitiň ýeňil kysymlarynyň bahalaryny aşaklatdy we aziýaly sarp edijilere 2017-nji ýylyň aprelinde goşmaça ibermeleriň boljakdygyny aýtdy.

Ýeňil hem-de aşa ýeňil kysymly nebitiň önümçiliginiň ýokarlanmagy amerikan NGIZ-lerine esasan Afrikadan import edilýän nebitiň ýeňil kysymyny öz ibermelerine çalyşmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa importyň jemi möçberini azaltdy. Goldman Sachs bankynyň çaklamasyna görä, täze taslamalaryň işe girizilmegi we ABŞ-da buraw işiniň ýokarlanmagy nebitiň çykarylyşynyň günde 1 mln barrel artmagyna we 2018-2019-njy ýyllarda dünýä bazarynda nebite bolan teklibiň artmagyna getirer.

Baker Hughes kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylyň 17-nji martyna çenli ýagdaýda ABŞ-nyň känlerindäki nebit guýularynyň sany 14 birlik ýokarlandy we 631-e deň boldy. 2016-njy ýylyň şu senesinde bu görkeziji 387-ä deňdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň Täze Sport Toplumynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Olimpiýa Şäherjiginde Daşary Ýurtly Sport Hünärmenleri Üçin Açyk Gapylar Güni Geçirildi

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportlary Gowşurmak Dabarasy Boldy