21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SAGLYK

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa maslahatynyň Aşgabat jarnamasy kabul edildi.

Türkmen paýtagtynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde geçirilýän Ýewropa ministrler maslahatynyň işiniň ikinji–jemleýji güni boldy.

BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň 35-den gowragyndan wekilleriniň, BSGG-niň bilermenlerini Aşgabada ýygnan bu wekilçilikli forum Türkmenistanyň Hökümeti we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasy tarapyndan guraldy. Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň, lukmançylyk edaralarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Halkara forumyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, milli Liderimiz ýokanç däl keselleriň öňüni almak meselesiniň örän wajypdygyny nygtady hem-de dünýä derejesinde adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşmaga ymtylmak, şol sanda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen üstünlikli özara hereket etmek bilen Türkmenistanyň yzygiderli çäreleri görýändigini belledi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň temmäkiniň tüssesiniň ýaramaz täsirinden saglygyny goramaga hukugy kanun arkaly goralar diýip milli Liderimiz aýtmak bilen, häzirki döwürdeTürkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň we temmäki önümlerini ulanmagyň täsirinden goramak hakyndaky” Kanunyň kabul edilmäge taýýardygyny habar berdi. Biz bu ugurdaky işi dowam edýäris we Ýewropanyň temmäkiden azat çäk derejesine ýetmek üçin mynasyp goşant goşýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Hereket etmegiň göwrümli innowasion meýilnamasy hökmünde Saglygy goraýşyň “Saglyk-2020” täze Ýewropa syýasatynyň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz häzirki maslahatyň bu ugurda bilelikde işlemäge kuwwatly itergi berjekdigine hem-de täze mümkinçilikleri we geljege gönükdirilen umumy tagallalary birleşdirmäge ýollary açjakdygyna ynam bildirdi. Muňa bolsa ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça kabul edilmegi meýilleşdirilýän Jarnama ýardam etmelidir.

Bölümçe maslahatynda öz gezeginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory hanym Žužanna Ýakab hem eden çykyşynda gün tertibine çykarylan iň wajyp meseleler boýunça çözgütleriň işlenip taýýarlanmagynda häzirki maslahatyň öwrülişikli pursatda öwrüljekdigine hem-de ýokanç däl kesellere /ÝDK/ garşy göreşmek, töwekgelligiň esasy alamatlarynyň täsirini azaltmak boýunça bilelikdäki işleriň täze gözýetimine, täze pikirine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

ÝDK babatda hereket etmegiň ägirt uly meýilnamasy bellenendir diýip, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş direktorynyň edarasynyň Ýerne ýetiriji direktory doktor Hans Troedsson sözüni dowam etdi. Bu meýilnamanyň esasy strategik maksady 2025-nji ýyla çenli agzalan keselden ölüme sezewar bolunmagyny 25 göterim azaltmak bolup durýar.

Geljekde ýurtlar ÝDK boýunça BMG-niň Syýasy Jarnamasyna girizilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde ösüşler, gazanylanlar barada hasabatlary hödürlärler, BMG-niň Baş Assambleýasy bolsa 2014-nji ýylda liderleriň ählisiniň ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek boýunça borçnamalara ygrarlydyklaryny tassyklamaga mümkinçilik berer.

Ýokary wezipeli myhmanlaryň nygtaýyşlary ýaly, öňde duran wezipeleriň uly möçberi ähli ulgamlarda, uzakmöhletleýin milli meýilnamalaryň utgaşdyrylmagynda hem-de köp pudaklaýyn milli strategiýalaryň işlenip taýýarlanmagynda netijeli we gaýragoýulmasyz hereketleri talap edýär. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda hyzmatdaş döwletler we halkara guramalary bilen iň ýygjam hyzmatdaşlyga özüniň taýýardygyny nobatdaky gezek beýan etdi.

Şu gün–4-nji dekabrda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahaty öz işini paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda dowam etdi. Bu ýerde günüň birinji ýarymynda “Milli jogap hereketleriň pugtalanmagy” mowzugy boýunça mejlis geçirildi. Onuň çäklerinde agza döwletleriň, milli saglygy goraýyş ulgamlarynyň degişli tejribeleri hödürlendi. Olar BSGG tarapyndan şu ýyl öňüni alyş hem-de ýokanç däl kesellere garşy göreşmek ulgamynda ýurtlaryň mümkinçiliklerine geçirilen barlaglaryň netijeleri esasynda düzülendir.

Ara alyp maslahatlaşmak üçin, hususan-da, ýokanç däl keseller boýunça, epidgözegçilik boýunça, kardio-metabologik /fiziologik/ töwekgellik, şeýle hem saglygy goraýşyň işgärler mümkinçiligi hem-de ýokary hilli derman serişdelerine elýeterlilik boýunça strategik gollanmalar we milli meýilnamalaryň işlenip taýýarlanmagy ýaly ugurlar boýunça habarlar hödürlenildi.

Agzalan mesele boýunça ýurdumyzdaky toplumlaýyn işler baradaky hasabatda ýokanç däl keselleriniň adamlara we jemgyýete täsirini azaltmak üçin saglygy goraýyş ulgamyndan başlap tä maliýe ulgamyna we halkara gatnaşyklaryna çenli ähli ugurlarda bilelikdäki işleri talap edýän hemmetaraplaýyn çemeleşmäniň zerurdygy bellenildi. Hut şeýle çemeleşmäni Türkmenistan görkezýär. Çünki ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak meselelerine döwletiň gatnaşygy milli abraýyň görkezijisi bolup hyzmat edýär.

Durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny peýdalanmakdan ýokary netijäni almak meýilleşdirilen, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmaga, saglygyny goramaga adamlaryň konstitusion hukugyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş meselelerine örän giň tejribäni ornaşdyrdy.

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek nukdaýnazarynda umumydünýä alamatlary kemala geldi. ÝDK-nyň azaplaryny azaltmagyň wajyp usullarynyň biri bu keseller bilen baglanyşykly bolan howpuň ýagdaýlaryny azaltmaga tagallalary gönükdirmek bolup durýar. Ilkinji nobatda, munuň özi temmäkini ulanmaga garşy göreşmekdir, sagdyn iýmitlenmegi hem-de ýeterlik derejede beden taýdan işjeňligi wagyz etmekdir, şeýle-de keselleri irki döwründe ýüze çykarmak we öz wagtynda bejermek, ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagy we onuň garşysyna göreşmek üçin gözegçilik ulgamyny kemala getirmek boýunça beýleki öňüni alyş çärelerini, işleri geçirmekdir. Ol işler ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň çäklerinde geçirilip bilner.

Anyk maglumatlar şeýle çäreleriň iň oňat täsir ediş serişdelerdigine şaýatlyk edýär. Sebäbi olar öz wagtynda geçirilende has çylşyrymly bejerginiň zerurlygyny azaldyp biler. Şu işleriň esasynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy goýlandyr. Ol maksatnama şu aşakdaky ileri tutulýan wezipeleri özünde jemleýär: ilkinji lukmançylyk kömegini, şol sanda lukmançylyk işgärleriniň hünär taýýarlygyny hem-de gaýtadan taýýarlygyny ösdürmek, anyklaýyş gullugyny hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmek we ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde has uly netije durmuş syýasaty bilen sazlaşyklylykda gazanylýar. Onuň esasy ugurlary jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, döwrebap saglyk düzümleriniň ösdürilmegi bolup durýar. Olar lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana – dynç alyş we sport ulgamyny, syýahatçylylygy özünde jemleýär. Bularyň ählisi iň gymmatly baýlyk hökmünde saglyga uly sarpa goýulýan jemgyýetiň kemala gelmegine gönükdirilendir.

Homatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýşyny innowasiýalar ýoly boýunça ösdürmegi binýatlyk esas hökmünde Watanymyzyň lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmaga düýpli üns berýär. Maslahata gatnaşyjylar “Saglyk-2020” syýasatynyň Ýewropa ýurtlary üçin durmuşa geçirilmeginde peýdalanylyp bilinjek saglygy goramak meseleleri boýunça saglygy goraýyş ulgamynda hem-de pudagara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler.

Häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebitiniň agza döwletleriniň köpüsi umumy wezipeleriň çözülmeginde deňsiz-taýsyz goldaw alýan hem-de täze ýollary açýan “Saglyk-2020” syýasatynyň wezipeleriniň çözülmegine girişýärler. Ol diňe bir saglygy goraýyş pudagyna däl, eýsem-de, olary ilatyň saglygyny goramaga çekip, döwlet dolandyryşynyň hemme ugurlarynyň işine degip geçýär. Bular barada Ýewropa ýurtlarynyň jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň hem-de BSGG-niň Ýewropa edarasynyň hünärmenleriniň mejlisde eden çykyşlarynda aýdyldy.

Mejlisde ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bellenilişi ýaly, saglygy goraýşyň derwaýys meseleleriniň çözülmegi üçin globallaşma, urbanizasiýa, howanyň üýtgemegi we beýlekiler ýaly dürli ugurlara täsirleri hasaba almak arkaly uly möçberde hem-de utgaşykly görnüşde innowasion strategiýalar zerur bolap durýar. Bu syýasat strategiýasy işlenip taýýarlananda gyzyklanma bildiren taraplaryň has giň gatlaklarynyň näçe köp çekilmegi, häzirki wagtda bolşy ýaly, geljekde hem maýa goýumlary saglygy goramaga hem-de keselleriň öňüni almaga gönükdirýän halklaryň saglygynyň we abadançylygynyň bähbidine bilelikdäki işde aýgytly hereketleri teklip edýän we goldaýan hökümetleriň işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Hut şunuň özi hem Türkmenistanyň Ýewropanyň hemme ýurtlary bilen özara hereket etmek üçin giň meýdançalaryň ýene biri bolup durýar.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde milli jogap hereketleriniň esasy ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşmakdan başga-da, mejlise gatnaşyjylar şeýle hem işiň ileri tutulýan ugurlaryny, netijeleri we baha bermegiň gurallaryny hem-de ýetilen belli bir maksatlara gözegçiligi kesgitlemäge üns berdiler.

Mejlis tamamlanandan soň foruma gatnaşyjylar üçin “Raýat jemgyýetiniň orny” atly tanyşdyrylyş geçirildi. Ony BSGG-niň Amerikanyň ýurtlary üçin sebit býurosynyň hormatly direktory jenap Jorj Alleýn geçirdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň işiniň jemleýji çäresi “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi boldy.

Jemleýji resminama gol çekmek dabarasy “Oguzkent” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Bu ýerde saglygy goraýş ministrleri hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň agza döwletleriniň wekilleri tarapyndan bilelikde kabul edilýän Jarnamanyň mazmuny okaldy. Jarnamada taraplaryň adamlara jebir çekdirýän hem-de ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine bökdençlik döredýän ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmegiň bar bolan gurallaryna ygrarlydygy tassyklanylýar. Şeýle hem bu keselleriň köp babatda öňüni alyp bolýandygy bellenilýär. Çünki olar howpuň dört sany umumy alamatlary bilen baglanyşyklydyr /temmäkiniň peýdalanylmagy, alkogolly içgileriň zyýanly ulanylmagy, gündeki iýmitlenmegiň näsagdyn alnyp barylmagy hem-de fiziki işjeňligiň ýeterlik bolmazlygy/.

Ýewropa sebiti üçin 2012-nji ýylda kabul edilen “Saglyk-2020” syýasatynda saglygyň durmuş determinantynyň we durmuş adalatlylygynyň, toparlaýyn ýolbaşçylygyň amala aşyrylmagynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň pugtalandyrylmagynyň ömrüň hemme tapgyrlaryny öz içine almaga esaslanan çemeleşmäniň ornaşdyrylmagynyň we beýlekileriň zerurlygynyň umumy düşünjesi şöhlelendirilendir. Häzirki wagtda BSGG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we onuň garşysyna göreşmek boýunça 2013-nji ýylda kabul eden hereket etmegiň Düýpli meýilnamasy, milli derejede geçirilýän işler, şeýle hem ykdysady birleşmegiň sebitleýin guramalarynyň başlangyçlary bilen bir hatarda ÝDK-nyň öňüni almak we onuň garşysyna göreşmek boýunça bilelikde birnäçe tagallalar edilýär.

“Saglyk-2020” syýasatynyň wezipelerini çözmek boýunça zerur bolan çäreleri amala aşyrmaga ygrarlylyk hem-de hemmeleriň we her bir adamyň saglygyny gowulandyrmaga, saglyk babatda deňsizlikleri azaltmaga, ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmekde öňdebaryjylygy we toparlaýyn strategik ýolbaşçylygy berkitmäge gönükdirilen çäreler Aşgabat jarnamasynda tassyklanylýar.

Häzirki we geljekki nesilleri çilim çekmegiň weýran ediji täsirlerinden goramak boýunça işleri işjeňleşdirmek şol çäreleriň biri bolup durýar. Bu ugurda taraplar Ýewropa sebitiniň ähli ýurtlarynda temmäkä garşy göreşmek boýunça BSGG-nyň Çarçuwaly konwensiýasyny doly amala aşyrmaga gönükdirilen işleri güýçlendirmegi göz öňünde tutýarlar we beýleki ýurtlary oňa goşulmaga çagyrýarlar. Jarnama şeýle hem sebitiň köp sanly ýurtlaryny Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny ýok etmek hakynda teswirnamany tassyklamaga çagyrýar. “Bizi Ýewropa sebitini temmäkiden doly azat etmegiň hatyrasyna işlemek höwesi birleşdirýär” diýlip, resminamada aýdylýar.

Umumy döwlet çemeleşmesiniň esasynda hereket etmek—ýokanç däl keselleriň ýaýramagyny peseltmek bilen jemgyýetiň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň, rowaçlygynyň, jebisliginiň, netijeleri gazanmak üçin ähli ulgamlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň arasyndaky ýakyn özara baglanyşyk bilen şertlendirilen möhüm çäreleriň ýene biri Jarnamada şunuň ýaly kesgitlenendir. Ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça işleri sebit derejesinde we halkara hyzmatdaşlygy arkaly işjeňleşdirmek üçin hereketleriň möhümdigi ykrar edilýär. Ähli strategiýalarda saglyga umumydöwlet çemeleşmeleri we bähbitleri nazara almak ýörelgesini ulanmagyň, şeýle hem 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş babatda gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ýokanç däl keseller meselesine ünsi çekmegiň zerurdygy bellenilýär.

Uzakmöhletleýin esasda saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek hem-de adamlaryň sagdyn we netijeli durmuşy üçin mümkinçilikleri döretmek, ýokanç däl keseller babatda töwekgelçilik ýagdaýlaryndan milli habar beriş we gözegçilik ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik saglygy goraýyş kuwwatyny berkitmäge, onuň innowasion mazmunyny pugtalandyrmaga maýa goýumlaryny gönükdirmek meseleleri hereketleri milli derejede işjeňleşdirmäge degişli edilendir. Bu babatda 2016-njy ýyla dünýä we sebit mandatlaryna laýyklykda maksatlaýyn çelgileri we hereketleriň milli meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak wezipesi goýuldy.

Dabarada bellenilişi ýaly, Türkmenistan Jarnamanyň düzgünlerini tutuşlygyna goldaýar we öz hyzmatdaşlary bilen milli, şeýle hem köptaraplaýyn derejede kabul edilen möhüm borçnamalaryň ýurdumyzda anyk hereketlerde we işlerde amala aşyrylmagy üçin zerur bolan ähli çäreleri görmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistan bu hemmetaraplaýyn işiň köp ugurlary boýunça eýýäm öňde barýar we geljekki hereketleri kesgitlemek we amala aşyrmak babatda öňdebaryjylygyny saklamaga taýýardyr. Biziň ýurdumyz şeýle hem Ýewropany temmäkiden azat sebite öwürmek boýunça işleriň dowam edilmegine öz goşandyny goşmaga meýillidir. Şunda Aşgabat Jarnamasy häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny gowulandyrmak we abadançylygyny artdyrmak boýunça Ýewropa sebitiniň möçberinde şu we beýleki ugurlarda toparlaýyn hereketler üçin itergi bolup hyzmat eder.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler derejesindäki maslahatynyň ýapylyş dabarasy tamamlanandan soň metbugat maslahaty boldy. BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory hanym Žužanna Ýakab duşuşygyň jemlerini jemläp, onuň uly ähmiýetini we ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly hoşallyk sözleri beýan edildi.

BSGG-niň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçysynyň TDH-a beren gürrüňinde belleýşi ýaly, Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi maslahatyň esasy netijesi boldy. Ol geljekki işleriň esasy ugurlaryny berkitdi we Ýewropada jemgyýetçilik saglygy goraýşynyň taryhyna girjek şanly waka öwrüldi. Aşgabat Jarnamasy ugrukdyryjy resminama bolup, onuň esasynda tutuş Ýewropa sebitinde ýokanç däl keseller babatda geljek ýylda çözgütler kabul ediler we hereket ediler. Hanym Žužanna Ýakab Ýewropany temmäkiden azat etmäge bolan ymtylyş baradaky beýannamany Jarnamanyň ähmiýetli bölegi diýip atlandyrdy. “Biz häzirki wagtda doglan çagalarymyzyň eýýäm temmäkiden azat Ýewropada ulalyp ösmegini isleýäris. Şunda Türkmenistan örän gowy görelde bolup temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekmek, ony tassyklamak bilen çäklenmän, eýsem ony ýurduň liderligi we baştutanynyň syýasy ygrarlylygy netijesinde iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar” diýip, ýokary wezipeli myhman aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly liderleriň şu mesele boýunça görkezýän göreldesi Ýewropada örän peýdaly bolup durýar, biz ony temmäkiden azat sebit hökmünde göresimiz gelýär diýip, hanym Žužanna Ýakab sözüni dowam etdi. Bu, elbetde, dowamly iş bolup, biz onuň ertir amala aşmajakdygynya düşünýäris, emma oý-pikirlerimiziň amala aşmagy üçin ähli çäreleri görýäris. Ýewropa sebitinde eýýäm üç ýurt bolup, olar temmäkiniň sarp edilmeginiň ilatyň 5 göterim derejesine we şondan hem az derejä çenli ýetiriljek möhletleri yglan etdiler: Irlandiýa 2025-nji ýyla çenli, Birleşen Patyşalyk (Şotlandiýa) 2034-nji ýyla çenli we Finlýandiýa her ýyl 10 göterim kemeltmegiň hasabyna 2040-njy ýyla çenli möhletleri yglan etdiler.

Ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek boýunça milli meýilnamalary işläp taýýarlamak hem Jarnamanyň möhüm düzgünleri bolup durýar diýip, BSGG-niň Ýewropa edarasynyň direktory sözüni dowam edi. Ol anyk netijeleri ugur edinmek we pudagara gatnaşyklar, şeýle hem olary gazanmagyň monitoringi şol meýilnamalary düzmegiň esasy ýörelgeleri bolmalydyr diýip belledi. Hanym Žužanna Ýakab türkmen döwletiniň Baştutanynyň ilatyň saglygyny goramak wezipelerine syýasy ygrarlylygyny hem-de umumy döwlet çemeleşmesi we pudagara çäreler hökmünde Jarnamada bellenilen meseleleri çözmek ýörelgesini biziň ýurdumyzyň bellän ähli işlerini üstünlikl durmuşa geçirmegiň esasy şerti diýip atlandyrdy.

Özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň saglygy goraýşy, ähli lukmançylyk-durmuş ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, BSGG-niň Ýewropa edarasynyň direktory Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ýokary derejesini we ösüş depginini belledi. Muny bolsa bu ulgamyň işlerini şöhlelendirýän görkezijilerden görmek bolýar. Käbir ugurlarda täsir galdyryjy ösüş bolup, olar – ýurtda gyzzyrmanyň doly öňüniň alynmagy, saglygy goraýşyň täze düzüminiň, täze hassahanalaryň gurulmagy bolup durýar. Olar tehnologik üpjünçiligi we lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýär.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşyjylaryň köpüsi muňa göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Olar şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara lukmançylyk merkezine baryp, anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullary, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary ulanylýan birnäçe edarasynyň işleri bilen tanyşdylar.

Agşam maslahata gatnaşyjylar üçin, olary ajaýyp gözelligi we häzirki zaman binagärliginiň täsin nusgasy bilen haýran galdyran ak mermerli Aşgabadyň gözel ýerleri boýunça gezelenç guraldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ylym, Bilim, Saglygy Goraýyş, Sport Ulgamlary we Jemgyýetçilik Guramalarynyň Meseleleri Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Boas Aziýa Forumynyň Onlaýn-Duşuşygynda Pandemiýa Şertlerinde Ýüze Çykan Wehimleri Ýeňip Geçmek Boýunça Türkmenistanyň Eýeleýän Orny Beýan Edildi

Lukmanlaryň Başarjaňlygy

syrach