28.9 C
Aşkabat
30.04.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan we ÝB energetika boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň mejlisler zalynda energetika ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň özara arkalaşykly hereket etmegine degişli meselelere bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň pudak edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça baş direktoraty Gans Reýniň ýolbaşçylygyndaky wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynyň çalt depgin bilen döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň energetika senagatyny ösdürmek üçin hem oňaýly ýagdaýlar döredildi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň energetika syýasatynyň diňe bir ýakyn onýyllyklarda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary takyk kesgitlenmek bilen çäklenmän, dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmagynyň ýolundaky anyk ädimleri belländigi nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda, häzirki wagtda ÝB-niň ýurtlarynyň ýangyç serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolup, dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň biri hasaplanýan Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, gazyň eksporta iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine hem-de energeýa serişdelerini Ýewraziýa yklymyndaky esasy bazarlara howpsuz we ygtybarly ýagdaýda üstaşyr geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen netijeli we öňdengörüjilikli strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada jikme-jik maglumat berildi.

Häzirki wagtda energetika ulgamyna degişli kärhanalary tehniki taýdan täzeden üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal görlüp-eşidilmedik çäreleriň amala aşyrylýandygyna, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzüminiň dürli desgalaryny gurmak boýunça uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň durmuşa geçirilýändigine, energetika bazarlary üçin oňaýly şertleriň döredilýändigine aýratyn üns berildi, şol çäreler maýa goýumlarynyň has işjeň çekilmegine hem-de energiýa serişdeleriniň howpsuz we ygtybarly ýagdaýda ýetirilmeginiň güýçlendirilmegine degerli ýardam berýär.

Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýan uly möçberli özgertmelere ýokary baha berip, myndan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de Türkmenistanda bileleikdäki taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmagyň maksat edinilýändigini aýtdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri türkmen bazaryny geljegine uly umyt baglanýan bazar hökmünde häsiýetlendirip, şunuň ýaly baha berlende, diňe bir ýangyç serişdeleriniň garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanan örän uly gorlarynyň däl-de, ýurtda işewürlik üçin ähli şertleriň bolmagynyň, şol sanda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilmeginiň, Türkmenistandaky syýasy durnuklylygyň we geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşimeginiň göz öňünde tutulýandygyny bellediler.

Ýewropa Bileleşiginiň halkara derejesinde tehniki taýdan ýardam bermegiň maksatnamasy boýunça Merkezi Aziýadaky gaz geçirijileriň ulgamynda gazyň ýitgilerini azaltmagyň tehnologiýasy we usulyýeti, sebitleýin okuw maksatnamalary bilen üpjün etmek, hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak hem-de tanyşmak üçin iş saparlaryny guramak we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň energetika boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerindäki işinde türkmen energiýa serişdeleriniň, ilkinji nobatda tebigy gazyň dünýä bazaryna ýetirilmegini üpjün etmäge ukyply bolan ýangyç geçiriji we üstaşyr geçiriji düzümi diwersifikasiýa etmek ileri tutulýan strategiki ugurlaryň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşimegini we serişdelere baý bolmagyny göz öňünde tutup aýdanyňda, gaz geçirijileriň kämil ulgamy bu sebiti dünýäde energetiki çig maly çykarmak we üstaşyr geçirmek boýunça iri merkeze öwürmäge mümkinçilik berer. Soňky ýyllarda Türkmenistan köpugurly ýangyç geçiriji düzümi döretmek ugrundaky işiniň depginini has-da güýçlendirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn we täzeçil daşary syýasy strategiýasy diňe bir milli ösüşiň gazanylmagyna ýardam bermek bilen çäklenmän, strategiki jähetden sebitdäki howpsuzlyga we durnuklylyga degişli ulgamda hem möhüm ähmiýetli ýagdaý hasaplanýar. Şunuň ýaly ulgamyň ygtybarly hereket etmegi sebitiň çäkleriniň daşyndaky ýurtlaryň ykdysady, energetiki we ulag-kommunikasion taýdan ösüşine degişli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Türkmenistanyň Prezidenti energetika boýunça hyzmatdaşlyga degişli uly hallkara başlangyçlaryny öňe sürüp, häzirki döwürde ählumumy ösüşe mahsus bolan ýagdaýlara laýyk gelýän täze geosyýasy giňişligiň gurluşyna dünýä bileleşiginiň ünsüni çekýär. Şol başlangyçlaryň we teklipleriň tutuş dünýäde oňlanmagy logika laýyk gelýän we kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň energetika ulgamy boýunça Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň we gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini hem-de munuň energiýa serişdelerini öndürmek we ibermek boýunça ählumumy howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna laýyk gelýändigini biragyzdan bellediler.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Daşoguz Welaýatynyň Gallaçylary Orak Möwsümine Girişdiler

Elektrik Energetikasynyň Mümkinçiligi Artýar