21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Bütindünýä saglyk güni.

 Türkmenistan tutuş halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi ählihalk baýramy hökmünde giňden dabaralandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda has-da işjeň bellenilýär. Şu ýyl şanly sene mynasybetli “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygyna giň gerim berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan bu giň möçberli çäre umumy ruhy galkynyşy döretmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly adamlaryň müňlerçesini bir ýere jemledi. 

Şu gün, Milli senenamamyzyň şanly seneleriniň sanawyna girizilen bu bahar güni Aşgabatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň çäginde gurlan buzly – hokkeý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş, sportuň dürli görnüşleri boýunça köpsanly ýaryşlar guraldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

“Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramydyr. Milli senenamamyza girizilen bu baýram jemgyýetimiziň sagdynlygyny, agzybirligini, jebisligini, ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini özünde jemleýän baýram hökmünde eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda belleýär. 



Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize, öňi bilen bolsa ýaşlara şahsy görelde görkezmek bilen, milli Liderimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleri açýan “Bedenterbiýe we sport hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. 

Köp wagtlap milli saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda “Saglyk” döwlet maksatnamasyn işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda adam ömrüniň uzaklygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak babatda häzirki döwürde paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap lukmançylyk edaralary, dynç alyş öýleri, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümliklerini peýdalanmak arkaly zerur dermanlyk serişdelerini taýýarlaýan dermanhana ulgamy işe girizildi. Ähli welaýatlarda enäniň we çaganyň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezleri guruldy. Bütin dünýä belli Mollagara, Arçman, Ýylysuw, Baýramaly şypahanalarynyň durky täzelendi. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalar toplumy gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistan we türkmen halky üçin ösüşiň hem-de rowaçlygyň eýýamyna öwrülendiginiň anyk subutnamasydyr. 

Sport ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, häzirki zaman sport-sagaldyş desgalarynyň gurluşygyna, syýahatçylyk pudagynyň döwrebap düzüminiň döreldilmegine, bu pudakda bar bolan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ýurdumyz ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. 

“Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” we “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek baradaky Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda onlarça döwrebap sport desgalary, halkara ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurlup ulanmaga berildi we olaryň gurulmagy dowam edýär. 

Ýurdumyzda häzirki döwürde gurulýan umumy bilim berýän mekdepleriň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň taslamalarynda döwrebap türgenleşik enjamlary bolan sport zallary, basketbol, woleýbol meýdançalary, ýüzülýän howuzlary, tennis kortlary möhüm orun eýeleýär. Gökdere jülgesinde we Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda kemala gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde körpe nesliň döwrebap dynç alşy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Bu bolsa adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar eden döwletimiziň ynsan saglygy hakynda edýän aladasyndan aýdyň nyşandyr. Şunuň ýaly yzygiderli alada adam ömrüni uzaldýar we onuň sagdyn hem-de işjeň bolmagyny şertlendirýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylda “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygary astynda ýaýbaňlandyrylýan sport çäreleri ilat arasynda giň goldawa eýe boldy. Oňa mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, ähli welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň zähmetkeşleri işjeň gatnaşýarlar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin çäreleriň ýapylyş dabarasynda V Milli spartakiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam hyzmatdaşlygyň netijesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, buzda typmak, sportuň suwdaky görnüşleri işjeň ösdürilýär. Olimpiýa suw-sport toplumynyň sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgulanmak üçin iki toplumyň şeýle hem köpugurly “Aşgabat” stadionynda awtodromyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Milli Liderimiziň milletiň saglygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýän oňyn syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goladawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň, şeýle hem adaty Fudokan – Şotakan karate-do Bütindünýä federasiýasynyň onunjy danynyň Hormat diplomynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäniň we sportuň giňden wagyz edilmegine goşýan goşandyny hem-de bütindünýä sport hereketiniň dabaralanmagy ugrunda edýän tagallasyny alamatlandyrýar. 



Aziýa Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup şunuň ýaly abraýly ýaryşlary geçirmäge hukuk gazanandygyny aýratyn bellemeli. Munuň özi tutuş dünýäde giň seslenmä eýe boldy we türkmen halkynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryny geçirmek we guramak boýunça ýeterlik tejribe toplady. Soňky ýyllarda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky futbol we hokkeý ýaryşlary, “Dakar” derejesindäki “Ýüpek ýoly-2009” awtoralli, şeýle hem 2013-nji ýylyň mart aýynda türkmen paýtagtynda sambo boýunça Merkezi Aziýanyň bäşinji çempionaty geçirildi. Şu ýylyň iýul aýynda Hazaryň kenarynda windserfing boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry geçiriler. Noýabr aýynda bolsa Aşgabatda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatyna badalga berler. 

Türkmen paýtagtynyň günorta böleginde gurulýan Merkezi Aziýada iň iri Olimpiýa şäherçesi Aziada – 2017-niň geçirilýän ýeri bolar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu taslama ýakyn wagtda Türkmenistany iri halkara sport merkezine öwrer, onda binagärligiň iň gowy däpleri we öňdebaryjy inžener-tehniki pikiri durmuşa geçiriler. Özboluşly toplum dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragyny özünde jemleýär, onuň gurluşygyna üç ýyldan gowrak wagt mundan öň başlandy. Üç tapgyrda amala aşyrylýan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ABŞ-nyň 5 milliarda golaý dollary gönükdirildi. 2014-nji ýylda Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň birinji nobatdakysy, 2015-nji ýylyň dekabrynda bolsa ikinji nobatdakysy tamamlanar. 

Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meseleleri dünýäniň sport dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak babatda hem ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hatarlaryna ýaşlaryň hem-de çagalaryň köpsanlysyny çekmek babatda hem muňa örän ähmiýet berýän milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. 

Şular ýaly derejedäki sport ýaryşynyň Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriljekdigini belläp geçmeli. 2017-nji ýylda boljak oýunlara Aziýanyň ýurtlaryndan başga Okeaniýanyň döwletleri /Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň hem-de Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri/ hem gatnaşar. Umuman, dünýäniň 62 ýurdundan türgenler sportuň 18 görnüşi boýunça bäsleşerler. Şonuň üçin hem Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda şular ýaly çäreleri geçirmekde iň gowy dünýä tejribesini işjeň öwrenmäge aýratyn üns berilýär. 

Geçirilýän işleriň möçberleri geçen hepdede bolan “Aşgabat-Aziada—2017-niň paýtagty” atly halkara sport sergisinde beýan edildi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy şol serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi köşgünde ýaýbaňlanan sergide öz gazanan üstünliklerini we hyzmatlaryny Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Italiýadan, Awstriýadan, Ispaniýadan we beýleki ençeme ýurtlardan gelen kompaniýalar görkezdiler. Halkara sport bileleşigi tarapyndan öňde boljak oýunlara ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigini iki tapgyrda, ýagny 2013-nji ýylyň iýunynda we noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen sport mediýa-forumy hem aýdyň görkezdi. Oňa dünýäniň esasy habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. 

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine geldi, onuň gurluşygyny şäher gurluşygy babatda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan “Polimeks” türk kompaniýasy amala aşyrýar. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň we sport düzüminiň ýolbaşçylary garşyladylar. 

“Polimeks” kompaniýasynyň baştutany Erol Tabanja kompaniýanyň gurýan desgalarynda işleriň ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berip, ýola goýlan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, Olimpiýa şäherçesinde işler göz öňünde tutulan iş meýilnamasy boýunça alnyp barylýar. Häzirki günde gurluşygyň birinji nobatdakysy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy, käbir desgalar bolsa eýýäm ulanmaga doly taýýar edildi. 

Olaryň hatarynda köpugurly sport zaly, düzümine 800 orunlyk metbugat merkezi girýän habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin kaşaň myhmanhana, Işewürlik merkezi we 5 müň orunlyk tomaşaçylar münberleri, kiçi we uly türgenleşik meýdançalary, bir müň orunlyk restoran bar. 

6 müň tomaşaçy üçin niýetlenen münberli welotregi gurmak tamamlanyp barýar. 2014-nji ýylyň dekabrynda 450 orunlyk hormatly myhmanlar üçin myhmanhana /VIP-işgärler/ işe girizmek üçin taýýar bolar. Türgenlere we tomaşaçylara amatly bolmagy üçin Olimpiýa şäherçesinde ähli zerur düzümler, şol sanda medeni-durmuş we söwda merkezleri, myhmanhanalar, restoranlar, garbanyşhanalar, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanalary we başgalar gurlar. Häzirki wagtda Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda gurlan awtoduralgalaryň üçüsi ulanmaga berildi. 

Türgenler üçin myhmanhananyň /ikinji nobatdakysy/, 4 müň tomaşaçy orunlyk üsti ýapyk tennis kortunyň, 5 müň orunlyk üsti ýapyk suw toplumynyň, üsti ýapyk ýeňil atletika toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar, olary 2015-nji ýylyň iýunynda, ýagny başda meýilleşdirilenden has ir tamamlamak bellenildi. Eýýäm şunuň bilen ugurdaş türgenler üçin gurluşygyň üçünji nobatdakysyna girýän myhmanhananyň bina ediljek ýerinde işler alnyp barylýar. 

Olimpiýa şäherçesiniň özboluşly keşbi, ýagny emeli köli, gür bagly ýerleri, tokaý zolaklary, köp sanly suw çüwdürimleri, şol sanda özboluşly yşykly hem-de lazerli yşyklandyryjylary bolar. Olimpiýa şäherçesini elektrik togy bilen üpjün etmek üçin “Ahal” elektrik bekedinden öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly 32 kilometrlik elektrik geçiriji howa ulgamy çekildi, inžener-tehniki kommunikasiýalar we beýleki tehniki desgalar bilen ýerasty geçelgeler guruldy. 12 sany transformator bekedi we 4 sany özbaşdak bug gazanlary toplumyň ähli desgalaryny elektrik hem-de ýylylyk bilen üpjün eder. 

Erol Tabanja Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet bilen geçirilýän işler hakynda hem habar berdi, şol işlere Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryny we beýleki halkara ýaryşlaryny guramaga gatnaşan iň gowy daşary ýurtly hünärmenler çekildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän üsti ýapyk welotrek bilen tanyşdy, ol ýakyn wagtda ulanmaga berler. Ähli ölçegleri boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýän toplumyň umumy meýdany 61 000 inedördül metre barabardyr. Ol bäş gatly binany, uzynlygy 250 metr we ini 7,1 metr bolan welosiped ýodajygyny özünde jemleýär, onuň üst örtügi Finlýandiýadan getirilen häzirki zaman serişdelerinden taýýarlanyldy. 

Döwlet Baştutanymyz toplumyň içki gurluşyny we üpjünçiligini gözden geçirip, türgenler, emin toparlary we tomaşaçylar üçin döredilen ähli ýagdaýlar, şertler bilen gyzyklandy. Olimpiýa welotregiň münberleri 6 müň tomaşaçy üçin niýetlenendir. 

Aýratyn hormatly myhmanlar üçin VIP we CIP eýwanlar, metbugat üçin aýratyn bölüm göz öňünde tutuldy. Düzümleýin desgalaryň hatarynda hammam, sauna we türgenler üçin owkalaýyş otagy, 48 orunlyk restoran, 447 orunlyk 9 sany garbanyşhana, şeýle hem 13 sany naharhana bar, olar bir wagtyň özünde 750 adama hyzmat edip biler. 



Mälim bolşy ýaly, welosport Aziada—2017-ä gatnaşmak üçin yglan edilen sportuň esasy görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen sportuň bu görnüşini ösdürmäge ýurdumyzda kuwwatly itergi aldy. Geçen ýyl “Türkmenistanda 2013-2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasy” kabul edildi, Sport baradaky döwlet komitetiniň ýanynda Milli welosport tehniki merkezi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň, şäherleriniň we etraplarynyň sport mekdeplerinde çagalaryň arasynda welosiped sportuny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň bellenilen meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça ýörite iş topary döredildi. Welosport boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary düzüldi. 

Ýakyn wagtlarda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň çäklerinde Köpetdag şaýolunda erkekleriň arasynda şu günler dowam edýän welosport boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlener. Mundan başga-da, häzirki wagtda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda iri sport çäresi, ýagny köpçülikleýin welosiped ýörüşi guraldy. Ilkinji gezek şular ýaly uly möçberli çäre 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda boldy, ol Türkmenistanda sagaldyş hereketine, welosporty ösdürmegi goldamaga, umuman alnanda, sporty wagyz etmäge, şeýle hem täze ekologiki düşünjäni kemala getirmäge, daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetiň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga çagyryşa goşant boldy. 

Welosiped sportunyň milli mekdebiniň taryhynyň resmi hasabynyň 120 ýyl mundan öň, 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmegi bilen başlandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Şondan bir ýyl soň, sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar hem boldy. Soňra Türkmenistandan bolan türgenler dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda we beýleki halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdiler. Şeýlelik bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welosiped sportunyň öňden gelýän däpleri milli Liderimiziň göreldesi bilen täze mazmuna eýe bolýar. 

Milli Liderimiz täze toplumyň enjamlary hem-de sport abzallary, ýodajyklarynyň örtügi bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ulanylan, halkara derejesiniň talaplaryna laýyk gelýän eminlik ulgamlary hem-de hronemetraž, eminlik ýerlerindäki maglumat beriş tablosy we kompýuter tehnikasy hakynda aýratyn gyzyklanmak bilen sorady. Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşligiň barşynda sport ulgamynyň ýolbaşçylaryna, şol sanda ýaryşlarda adyl eminligi üpjün etmek, eminler toparlary üçin hem, türgenler we tomaşaçylar üçin hem has gowy şertleri döretmek boýunça görkezmeleri berdi. 

Welosipedçileriň ýörite egin-eşikleriniň doly toplumlary, şol sanda baş gaplar, ellikler, dyz örtükleri we başgalar, şeýle hem ýaryş welosipedleriň dürli görnüşleri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz ýaryş welosipedleriniň häzirki zaman kysymlarynyň tehniki häsiýetnamalary bilen gyzyklanyp, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda welosiped ýolunda birnäçe aýlaw edip, olaryň birinde tizligini hem-de hereket edijiligini synap gördi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumdan çykdy we Olimpiýa şäherçesiniň görnüşi açylýan onuň töweregindäki çäkleri gözden geçirdi. Bu ýerde ýörite örtükli welosiped ýodajyklary hem çekilýär, munuň özi welosipedçi türgenlere açyk howada türgenleşikleri geçirmäge we sportuň bu görnüşine höwesekleriň welosipedli gezelençlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

Ägirt uly şäherçede monorelsli ýol gurulýar, ol şäherçäniň giň meýdançasy boýunça örän çalt hereket etmäge mümkinçilik berer. Jemgyýetçilik ulagynyň hut şu görnüşiniň seçilip alynmagy onuň ekologiýa taýdan arassalygy bilen şertlenendir, munuň bolsa saglyk üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. 



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy eýýäm tamamlanan beýleki desga geçmek bilen, degişli ýolbaşçylara şäherçäniň çäklerini abadanlaşdyrmak, bu ýerde iň ýokary ekologiýa ülňüleri standartlary ornaşdyrmak hem-de saklamak, ähli zatlar babatda doly derejedäki amatlylyk bilen utgaşyklylykda göwnejaý howa ýagdaýyny kemala getirmek boýunça görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz başa-baş söweş toplumyna baryp görüp, bu ýerde türgenleriň türgenleşikleri we ýaryşlar üçin şertler bilen jikme-jik tanşyp, sport düşekleriniň hilinden başlap, tomaşaçylar we eminler orunlarynyň ýerleşişine çenli ähli zatlara üns berdi. Hut şu ýerde şu ýylyň noýabr aýynda iri sport wakasy, ýagny, guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler, milli göreş boýunça ýaryşlar hem onuň maksatnamasynda bolar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ony taýýarlamak we geçirmek üçin jogapkär ýolbaşçylara käbir görkezmeleri bermek bilen, öňde boljak dünýä çempionatynyň üstünligi Aziýada-2017-niň, tutuşlygyna alnanda, sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna hyzmat etmelidir. 

Soňra döwlet Baştutanymyz güýç ulanylýan üç bäsleşik üçin topluma geçip, onuň türgenleşik zalyna baryp gördi, şol ýerde boksçylar üçin sahnalar we agyr atletika üçin meýdançalar ýerleşýär. Milli Liderimiz bu ýerde sport enjamlarynyň käbir görnüşlerini, şol sanda boksçylar üçin türgenleşik esbaplaryny hem synap gördi. Türkmenistanyň Prezidenti ýany bilen barýan ýolbaşçylara tabşyryklary berip, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň birkemsiz işlemeginiň, türgenler tarapyndan iň gowy netijeleri gazanmak üçin howa we temperatura düzgüniniň sport lukmançylygynyň ylmy taýdan esaslandyrylan talaplaryna laýyk gelmeginiň zerurdygyna aýratyn üns berdi. 

Soňra milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesiniň esasy üsti ýapyk sahnasyna baryp görüp, bu desganyň aýratynlyklary bilen jikme-jik gyzyklandy. Şunda ýurdumyzyň sport edarasynyň ýolbaşçysyna bu ýerde ýaryşlary geçirmek üçin doly derejede oňaýly şertleri döretmek boýunça görkezmeler berildi. Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Aziýa oýunlarynyň düzümleriniň derejesi boýunça hem oňa gatnaşyjylara hyzmat etmegiň hili boýunça hem abraýly dünýä ýaryşlaryndan kem bolmazlygy üçin iri sport wakalaryny guramakda düýpli esasy döretmeli we iň oňat usullary iş ýüzünde synap görmeli. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň “Aşgabat –Aziada – 2017-niň paýtagty” atly halkara sergisiniň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Fransiýa Respublikasynyň iri sport çäreleri boýunça ilçisi jenap Žan Lewi bilen duşuşygy boldy. 

Wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny paýtagtymyzda geçen giň möçberli sport forumynyň üstünlige beslenendigi bilen gutlady we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Jenap Žan Lewiniň belleýşi ýaly, ol özüniň ilkinji saparyndan 20 ýyl geçenden soň, Türkmenistana gelip görmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Häzirki wagtda men düýbünden başga ýurdy gördüm diýip aýtmak bilen, Žan Lewi şeýle düýpli özgertmelere tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýtdy. Şunda, Fransiýanyň ýurdumyz bilen giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bilidrýändigi bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gönükdirilen daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasy bilen soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Biz Bitarap we Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürip hem-de bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyryp, sport diplomatiýasyny hem işjeň ösdürýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Biz iň oňat daşary ýurt tejribesini çekmek, esasy daşary ýurt hünärmenleri bilen sport babatda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça belli bir maksada gönükdirilen işi geçirýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etmek bilen, mysal hökmünde Aziada 2017-ä taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biri bolan, Aşgabatda geçirilen halkara sport media – forumyny ýatlatdy. Türkmenistanyň Prezidenti ilçä häzirki wagtda geçirilýän köpçülikleýin çäre, ýagny, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda geçirilýän biraýlyk hakynda hem gürrüň berdi. Onuň çäreleri ilatymyzyň örän giň gatlaklaryny gurşap aldy. 

Milli Liderimiz bu çäräniň taglym taraplary barada söz açyp, onuň ruhy, ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini birleşdirýändigini belledi. Bu babatda medeniýet we sport biri-birine örän ýakyndyr, olarda diňe bir şahsyýeti, jemgyýeti terbiýeleýän däl, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan ägirt uly güýç bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Duşuşygyň dowamynda sport babatda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada netijeli pikir alyşmalar boldy, munuň özi Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlygyny nazara almak arkaly aýratyn möhümdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Olimpiýa şäherçesindäki ähli desgalar Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tehniki kadalaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyk derejede gurulýar. Geljekde bu ýerde iri halkara ýaryşlary, dünýäniň we Aziýanyň çempionaty, milli we sebit derejede sportuň dürli görnüşleri boýunça kuboklar ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Şeýlelikde, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ýokary gazananlarynyň ösdürilmegine, ýokary hünärli türgenleriň hem-de dünýä derejesindäki ýygyndy toparlaryň taýýarlanmagyna kuwwatly itergi berer diýip, milli Liderimiz belledi. 

Bu iş ençeme garyşyk ulgamlary hem gurşap alýar. Sebäbi ýurdumyzda halkara sport durmuşyny işjeňleşdirmek syýahatçylyk ugruna hem, hyzmat ediş ulgamyna hem täze depgin berýär. Şu günler dürli ýurtlardan bilermenler – aşpezler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziadanyň tagamlary” atly halkara okuw maslahatyna ýygnanýarlar. 

Biziň döwletimiz geljekde hem sport babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, hünärmenleriň özara gatnaşyklaryna, ugurlaryň giň topary boýunça tejribe alyşmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Biz ähli netijeli gatnaşyklar üçin açykdyrys, biz şu nukdaýnazardan Aziada – 2017-ä gatnaşmak üçin ýurtlaryň uly möçberini çekmek boýunça, şeýle hem onuň düzümine girýän sportuň görnüşleriniň sanawyny giňeltmek boýunça iş alyp barýarys. 

Şunda Aziada diňe sport babatda biziň ösüşimiziň basgançaklarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy, biz geljekde hem häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek babatda, şol sanda ýurdumyzda ozal ulanylmadyk sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin işleri dowam etdireris, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hem ýurdumyzyň iri sport merkezi bolar. Atçylyk sport, şeýle hem syýahatçylyk ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. 



Sporty ösdürmekde hem-de onuň häzirki zaman düzümini kemala getirmekde, şeýle hem sebitlerde iri sport toplumlaryny gurmakda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha bermek bilen, Fransiýa Respublikasynyň ýokary wezipeli wekili sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň talapkär wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyza bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, sportuň basketbol, futbol, welosiped, uly tennis, regbi we beýleki meşhur görnüşlerini ösdürmek üçin özara gatnaşyklar babatda anyk teklipler aýdyldy. 

Türkmenistanyň daglary we deňzi, uçgyraksyz sähralary öz içine alýan ajaýyp tebigatynyň, şeýle hem abadan ekologiýasynyň, arassa howasynyň bardygyny belläp, Žan Lewi Türkmenistan bu gün Merkezi Aziýanyň Şweýsariýasyna öwrülýär diýip belledi. Bularyň hemmesi durmuş durnuklylygy, ýurtda asuda ýagdaý bilen birlikde kuwwatly ykdysadyýetiň saýasynda halkara derejesindäki sport çärelerini geçirmek üçin ajaýyp şertleri döredýär. Bu bolsa milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň nobatdaky netijesi bolup, şol syýasatda sport strategik ugra eýe boldy. 

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we Fransiýanyň ilçisi sport lukmançylygy, doping gözegçilik babatda özara gatnaşyklar ýaly meseleleri gozgadylar. Biz sport netijeleriniň we ýeňişleriniň arassalygy ugrunda çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz munuň mynasyp, güýçli we asylly adamlaryň nesibesi bolup, ýurdumyz olara buýsanýar diýip belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýan halkara sport hereketiniň döredijilikli maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

Duşuşyga Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pýer Lebowiç gatnaşdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyk tamamlanandan soň, türgenleşik geçirdi. 

Mälim bolşy ýaly, şahsy göreldesi bilen ildeşlerimizi sagdyn durmuş ýörelgesine ruhlandyrýan döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri bilen gyzyklanýar. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz at münmegi, ýeňil atletika, gündogar başa-baş söweşleri bilen meşgullanmagy, welo we awtomobil ýaryşlary bilen gyzyklanyp, hokkeý, tennis oýunlaryny yzygiderli oýnaýar, Saglyk ýodasyna çykýar. 

Ine, bu gün hem — Bütindünýä saglyk güni hormatly Prezidentimiz döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes zala geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz öz egindeşleri bilen dürli maşklary öz içine alýan türgenleşigi geçirdi. Onuň barşynda milli Liderimiz hemişe bolşy ýaly, beden taýdan taplanmagyň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesini görkezdi. Döwlet Baştutanymyz oňa örän düýpli çemeleşýär. 

Hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülmelidir. Sebäbi yzygiderli beden maşklary işe bolan ukyplylygy artdyryp, ynsany döredijilik işine höweslendirýär. 

Sport–bu güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr. Hut şonuň üçin häzir Türkmenistanda sport köpsanly tarapdarlaryna, jemgyýetde möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça sport biraýlygynyň çäklerinde geçirilen köpçülikleýin çäreler hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle çäreleriň biri paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilip, bu ýere Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylary ýygnandylar. Olar dürli sport ýaryşlaryna – futbol, foleýbol, tennis we beýleki toparlaýyn oýunlara gatnaşdylar. 

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň demirgazyk bölegine geldi, bu ýerde Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň çäginde buzly-hokkeý toplumy bina edildi. 

Täze gyş sport merkeziniň ýanynda uly baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, köpsanly ýaşlar – türgenler we talyplar ýygnandylar. 

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly şatlyk duýgusy bilen mähirli garşyladylar. Sport lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sport üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandy. “Milli sport galýar belende” diýen aýdymda türkmen sportunyň täze belentlikleri wasp edilip, hokkeý oýnuna bagyşlanan tansly çykyş ýerine ýetirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, sport toplumynyň baş girelgesine barýar. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, binanyň giň eýwanyna girdi. 

Bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” hokkeý toparynyň oýunçylarynyň sport lybaslaryndan, olaryň gazanan ýeňişlerine şaýatlyk edýän hormat hatlaryndan, kuboklardan ybarat bolan ýörite sergi ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň gyşky oýunlar sportunyň ýylýazgysynda aýdyň sahypany şöhlelendirýän bu sergi örän täsirli guralypdyr. Onda toparyň eýelän kubogyndan başga-da, bu ýerde hokkeýçileriň nikaplary, tuwalgalary, egin-eşikleri, ellikleri, hokkeý taýaklary we beýleki zatlary, şeýle hem şarflar, ruçkalar, nyşanly breloklar, sowgatlyklar, mahlasy, hokkeý ýaryşlaryna mahsus bolan ähli zatlar goýlupdyr. Olaryň köpüsiniň öz ýurdumyzda öndürilendigini bellemek gerek.

Türkmen türgenleri hokkeý bilen meşgullanmak mümkinçiligine täzelikde eýe boldy. 2011-nji ýylda paýtagtymyzda gyşky oýunlar sport toplumynyň açylmagy bilen hokkeý sportunyň türkmen mekdebi ilkinji ynamly ädimlerini ädip başlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýuça halkara ýaryşynyň esaslandyrylmagy ýurdumyzyň türgenleriniň sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Ýurdumyzda ýylsaýyn ussat hokkeý toparlary döredilýär, milli derejedäki dürli ýaryşlar guralýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň 2013-2014-nji ýyllar möwsüminiň çempionatynda Türkmenistanyň IIM-niň “Galkan” sport topary ynamly ýeňiş gazandy. 

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hokkeý tuwalgasyna gol çekýär. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň IIM-niň “Galkan” gyş sport merkezini açmak kararyna gelendigini aýdyp, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagy astynda degişli Karara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara merkeziň sport ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýetiniň bolmagy, onda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmasy esasynda “Aga-Gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurup ulanmaga beren täze gyşky sport merkezi ähli görkezijiler we tehniki enjamlaşdyrylyşy babatda döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. Granit daşy we mermer bilen örtülen üç gatly desganyň özboluşly binagärlik keşbe eýedigini bellemeli. Onda dürli ýaryşlary, türgenleşikleri we sport baýramçylyklaryny geçirmek üçin niýetlenen 630 tomaşaçy orunlyk buzly stadion bar. 

Binanyň birinji we ikinji gatlarynda myhmanlar üçin dynç alyş otaglary, edara ediş gulluk otaglary, fitobar, geýim çalşyrylýan we lukmanyň, tälimçileriň, eminleriň otaglary bar. Mundan başga-da, ýöriteleşdirilen dynç alyş otagy, hammam, owkalama otaglary, türgenleşik zaly, kömekçi we tehniki desgalar merkeziň hyzmatynda. Binanyň üçünji gatynda geýim çalşyrylýan we suwa düşülýän otag bolup, bu ýerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen türgenleşik zaly bar. Mundan başga-da, transformatory we žizel ýangyjy bilen işleýän bekedi, ýyladyş we suw ulgamy binanyň durmuş üpjünçiligini ýola goýýar. Şeýle hem bu ýerde üsti ýapyk awtoduralga bar. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. 

…Milli Liderimiz we dabaranyň beýleki myhmanlary gyş sport merkeziniň buzly meýdançasyna baryp, özleri üçin niýetlenen ýerlere geçip oturýarlar. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy baýramçylyk dabarasynyň başlanandygyny alamatlandyrýar. Ony ýaş figuralaýyn typyjylaryň görkezme çykyşlary açýar. Soňra buz üstündäki tansçylaryň ornuna hokkeýçiler çykýarlar. Oýun başlanýar, mähelläni sport joşguny gurşap alýar. 

Oýnuň birinji döwri tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhowy kabul etdi. Milli Liderimize özüniň çuňňur hormatyny beýan etmek üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. 

Soňky ýyllarda täze derejä çykan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellemek bilen, ilçi Belarus Respublimkasynyň Türkmenistan bilen ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem ol dostlukly Türkmenistanyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady babatda uly üstünlikleri gazanýandygyny hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giňden ykrar etmegine mynasyp bolandygyny aýtdy. 

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň ýolbaşçylaryna we halkyna mähirli sözlerini aýtdy we Türkmenistanyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. 

Türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri hakynda bolan pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygy ykdysadyýet ulgamynda bolşy ýaly, gumanitar pudakda hem mundan beýläk-de netijeli ösdürmek barada aýtdylar. Çünki bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede durmuşa geçirilmegi her bir tarapyň milli bähbitlerine laýyk gelýär. Belarusly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda dürli pudaklar boýunça amala aşyrylýn iri we ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täzeçillik çemeleşmelere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Däbe öwrülen gatnaşyklary berkitmekden başga-da, biziň ýurtlarymyz täze söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda hem uly serişdelere eýedir. Ençeme belarus kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň sebitiň hojalyk gatnaşyklary we üstaşyr kommunikasiýalar ulgamyna işjeň giren geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaga uly gyzyklanmasy hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Gumanitar hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly ilçisi medeniýet ulgamynda, ylym, bilim ugurlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklayň giňeldirmegi barada aýtdylar. 

Sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gürrüňdeşligiň özenini düzdi. türkmen paýtagtynda hasap boýunça eýýäm üçünji buzly sport toplumynyň açylmagy Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşlerini ösdürmek meseleleriniň biziň ýurdumyzda yzygiderli çözülmegi bilen haýran galdrýar diýip,ilsi belledi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň maýynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Oňa Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan türkmen türgenleri hormatly myhman hökmünde çagyrylar. 

Çakylyk şu günki oýunda ýeňiş gazanan topara gowşurylar diýip, Oleg Tabanýuhow aýtdy. Şol toparyň oýunçylary dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň tomaşaçylary bolmak, dünýäniň öňde hokkeýçilerini görmek bilen çäklenmän,eýsem belarus paýtagtynyň buzly köşklerinde Minsk toparlary bilen duşuşyklary geçiriler, beýleki sport toplumlaryna baryp görerler, olar üçin gyzykly gezelençler guralar. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we belarusly diplomat iki döwletleriň arasyndaky taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

Hokkeý oýny barada aýdylanda bolsa, bu gün buzly meýdança Türkmenistanyň ussat hokkeýçileri – ýurdumyzyň häzirki çempiony “Galkan” we Aşgabat şäheriniň toparlar ýygyndysy çykdylar. 

Ýer eýeleri—”Galkanyň” hokkeýçileri oýnuň ilkinji sekuntlaryndan aýgytly hereket edip, paýtagtyň toparyna tarap hüjüme grişdiler. Hüjüm çalasyn, tehniki taýdan sowatly hüjümçileriň we goragçylaryň tutuş düzümi tarapyndan amala aşyryldy. Oýnuň şeýle artykmaçlygy tiz wagtdan hokkeý topunyň tora salynmagyna getirdi. 

“Galkan” hasaby açyp, oýnuň ýagdaýyny üýtgetmän saklady, emma paýtagtymyzyň hokkeýçileri munuň tersine, öz meýdanyndan hüjüme başlap, bäsdeşiniň derwezesine zarbany güýçlendirip başladylar. Oýnuň häsiýeti onuň tiz wagtdan deňme-deň boljaklygy barada oýlandyrýar, emma “Galkan” IIM-niň hokkeýçileri üçin bu aýratyn baýramçylyk güni ýeňijiniň sowukganlylygyny saklap, aşgabatlylaryň hüjüminden ussatlarça goranyp, ikinji şaýbany tora salmak pursatyny gowulandyrmagy başardy. Bu ýagdaý oýnuň ykbalyny kesgitledi. 

“Galkanlylar” hüjümlerini yzly-yzyna geçirip, paýtagtly hokkeýçileriň badyny alyp, olary öz derwezesiniň ýanynda oýnamagy mejbur etdiler. Gapma-garşylyk Aşgabat ýygyndysynyň derwezesine şaýbalaryň yzygiderli salynmagy bilen tamamlandy. Netijede oýnuň emini jürlewügini çalyp, oýnuň birinji ýarymynyň tamamlanandygyny yglan edende elektron tabloda ýurdumyzyň häzirki çempionynyň peýdasyna uly hasap – 5:0 belgileri ýazyldy. 

Soňky wakalar oýnuň birinji döwründe gazanylan hasabyň tötänlik däldigini tassyklady. 

Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparynyň oýunçylary gowşak oýnady diýip aýdyp bolmaz. Olar seýrek hem bolsa hüjümlerini doguml geçirip, “Galkan” ýaly güýçli topardan hem ýeňilmejek bolup, tutanýerli goranmagy başardylar. Emma häzirki çempion bu gün öz ussatlygyny görkezdi. “Galkanlylar” oýnuň ikinji ýarymynda hem, üçünji ýarymyndan hem buz meýdançasynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi dowam edip, her bir hereketleri bilen Türkmenistanda häzir diňe özleriniň güýçlüdigini subut etdiler. 

Munuň şeýledigini oýnuň ikinji we üçünji döwürleri hem aýdyň tassyklady. Oýnuň jemleýji hasaby 9:2 bolup, “Galkanyň” peýdasyna tamamlandy. 

Janköýerler öz söýgüli toparyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşy aldylar. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow onuň kapitanyna Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň adyndan Minskide geçiriljek şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionatyna çakylygy gowşurdy. 

Döwrebap buzly toplumyň eýelerine öwrülen günüň gahrymanlarynyň adyna gutlaglar beýan edilýär. Bu ýerde sport ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredildi. 

“Galkan” toparynyň tälimçisi hokkeý toparynyň oýunçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gyş sport merkezini açyp berendigi, sport belentliklerini eýelemek üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikler, ýurdumyzyň sport şöhratyny artdyrýandygy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýär. 

Şanly waka—”Galkan” gyş sport merkeziniň ulanmaga berilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyz onuň eýelerine IIM-iň “Galkan” we “Nesil” toparlary üçin ýöriteleşdirilen awtobuslaryň açarlaryny gowşurýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň çäginde goýlan awtoulaglaryň ýanyna bardy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1001 harby bölüminiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda düzümiň taryhynda ulanylan awtoulaglar bilen tanşyp, olaryň üstüniň ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleri goýupdy. 

Ine, bu gün hem şol wezipelere laýyklykda, hormatly Prezidentimize täze dikeldilen “GAZ-21”, “GAZ-24” ulaglary we “Mersedes -Benz” ulagynyň irki görnüşi görkezildi. 

Milli Liderimiz “GAZ-21” ulagyna münüp, ony sürüp gördi hem-de onuň ýagdaýyna we ulanyş häsiýetnamasyna baha berdi. 

Döwlet Baştutanymyz geçmişde meşhurlyga eýe bolan awtoulaglaryň üstüni ýetirmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyryp, degişli ýolbaşçylara ýüzlendi we şeýle awtoulaglaryň dürli derejedäki taryhy-medeni çäreler geçirilende ulanylyp boljakdygyny aýtdy. Taryhy döwre degişli bolan kinofilmler surata düşürilende ýa-da bu döwür bilen baglanyşykly şekilli aýdymlar taýýarlanylanda bu awtoulaglaryň uly ähmiýetiniň boljakdygyny aýdyp, olaryň ulanylmagynda düşürilen filmleriň ýa-da beýleki sýužetleriň ähmiýetli, çuňňur manyly boljakdygy barada birnäçe pikirler aýdyp, şeýle usulyň ulanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny nygtady. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmeleri Bütindünýä saglyk güni bilen ýene bir gezek gutaldy we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Dürli öwüşginli dabaralara we ajaýyp wakalara beslenen Bütindünýä saglyk güni “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly ählihalk çäresine ruhy we watançylyk duýgusyny goşup, türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesiniň, olimpiýa hereketiniň esasyny düzýän Sport, Parahatçylyk, Dostluk, Döredijilik we Rowaçlyk ýaly gymmatlyklaryň töweregine jebisleşdirdi.

Degişli makalalar

Aşgabatda «Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygy» Atly Tema Boýunça Brifing Geçirildi

ANSAT we Mi-17-1W Lukmançylyk Dikuçarlary Barada

Dümewden Nädip Goranmaly

turkmenhabargullugy