21.5 C
Aşkabat
29.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Çölleşmäge Gözegçiligiň Milli Ulgamy

Çölleşmäge Gözegçiligiň Milli Ulgamy

Çöller Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 80 göterimini tutýar, ekerançylyk ýerlerem, tebigy ýerlerem çölleşmäge sezewar bolýar. Sil gelmegi, tozanly tüweleýler, Hazar we Aral deňizleriniň derejesiniň üýtgemegi ýaly tebigy ýagdaýlar oňa sebäp bolýan şertlerdir. Ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek üçin ýurdumyzda tebigy serişdeleri dikeltmk we olardan rejeli peýdalanmak boýunça çäreleriň toplumy işlenilip taýýarlanylýar. Bu köpugurly işde ylmy-barlag institutlary we önümçilik guramalary daşky gurşawa gözegçilik ulgamyna uly ähmiýet berýärler. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty ekologiýa taýdan abatlygy goramaga niýetlenen çäreler toplumyny işläp taýýarlady. Bu işiň durmuşa geçirilişi barada Institutyň esasy ylmy işgär Aman Babaýew şeýle gürrüň berýär.

-Türkmenistan 1996-njy ýylda BMG-nyň çölleşmäge garşy Konwensiýasyny ilkinjileriň biri bolup tassyklady we eýýäm bir ýyldan bu ugurda Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirip ugrady. Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa, onuň çäklerinde bolsa Milli tokaý maksatnamasy amala aşyrylýar, Aralyň töwereklerinde, „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda maksatlaýyn çäreler dowam etdirilýär. Ýurtda ýerleriň zaýalanmagyna we çölleşmäge garşy, çägeleri berkitmek, demir we gara ýollar gurlandan soňky ýerli şertleri öwrenmek hem-de olar gurlanda we ulanylanda tebigaty goraýyş çärelerini işläp taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýada özboluşly tejribe toplanyldy.

Çölleşmäniň, aýratynam hojalyk binalarynyň golaýynda dürli ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak, ir öňüni almak, derrew baha bermek we kartografiýalaşdyrmak islendik jojalyk işlerinde, tebigaty goraýyş çärelerinde zerur şertlerdir.

Toplanan maglumatlaryň esasynda dikeldiş işlerini geçirmek boýunça maslahatlar işlenilip taýýarlanylýar.

Aerokosmos we geografik maglumatlar ulgamynyň işjeň ulanylmagy alymlara amatsyz howa şertli barmasy kyn ýerlere gözegçilik edip, ylmy barlaglara çykdajylary ep-esli azaldyp anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Gözegçilik barlaglarynda uzak aralykdan barlag usullary we GIS-tehnologiýalar, kosmosdan alnan suratlar giňişleýin ulanylýar.

Fotosuratlaryň deňeşdirilmesi çölleşme ýagdaýyny anyklamaga we olaryň geljekde nä derejä ýetjekdigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda çöli öwrenmek maglumatlarynyň esasynda geoekologiýa ýagadýynyň kartasy düzülýär, ol howany öwrenijileriň, biologlaryň, geograflaryň, geologlaryň, ýol gurujylaryň, nebitdir gaz çykaryjylaryň işinde ýakyn kömekçi bolar.

Uzak aralykdan geçirilýän barlaglaryň esasy netijesi—binýatlyk we tematiki kartanyň düzülmegidir. Häzirki wagtda ýurduň dürli sebitleriniň daşky gurşawynyň ýagdaýyny görkezýän dürli ölçegli kartalar düzüldi, olar tebigy serişdeleri dolandyrmak we ýerleriň zaýalanmagyna garşy gyssagly hem-de uzak möhletleýin gözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

ÇÖHDMI-niň köp ýyllyk ylmy barlaglary ösümlikler ösýän ýerleriň zaýalanmagy, çägeleriň şemalyň täsiri bilen pytramagy, ýerleriň şorlaşmagy, öri meýdanlaryny suw basmagy, suwuň zaýalanmagy, tehnogen çölleşme ýaly çölleşmegiň dürli görnüşleriniň barlaglarynyň milli gözegçiligniň konsepsiýasynyň işlenilip taýýarlanmagy üçin esas boldy. Suwarylýan ýerlerde toplumlaýyn toprak-melioratiw barlaglar geçirilýär. Netijede ýer, suw, öri serişdeleri boýunça giňişleýin maglumatlar toplanyldy.

Bilelikdäki ylmy işlere uly üns berilýär. ÇÖHDMI-niň, Biologiýa we derman serişdelri institutynyň hemde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň hünärmenleriniň tagallasy bilen ençeme ýyl bäri Garagumyň, şol sanda „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň zeýkeşler ulgamynyň ugrundaky özleşdirilmedik ýerleriň geobotaniki häsiýetlerini düzmek boýunça işler alnyp barylýar.

Çölleşme ýagdaýyna gözegçilik etmekde ýurdumyzyň Araly halas etmek halkara gaznasyna (AHEHG) başlyklyk etmeginiň jähtinden Aral bilen serhetleşýän sebite aýratyn üns berilýär. Bilelikdäki bu işe ÇÖHDMI-den başga-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Gidrometeorologiýa baradaky Döwlet komitetiniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň we onuň YBI -nyň, Statistika baradaky döwlet kpmitetiniň, ýurudumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Hyzmatdaşlaryň arasynda AHEHG-niň sebitleýin edaralarynyň biriniň –Durnukly ösüş boýunça döwletara iş toparynyň Ylmy-habarlar merkezi bar, onuň üstüne daşky gurşawy goramak we BMG-nyň serhetara ähmiýetli tebigaty goramak konwensiýalaryny durmuşa geçirmek babatda hereketlerini utgaşdyrmak boýunça sebitdäki hyzmatdaşlygy dolandyrmak meselesi ýüklenildi. Institutda toplanan ylmy maglumatlar Magtymguly adyndaky TDU-nyň „ekologiýa gözegçiligi“, „ekologik taslama“ we „ekologik ekspertiza“ ýaly umumy sapaklarynda ulanylýar.

 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplary Takyk Ylymlar we Ekologiýa Ugrundan Bäsleşdiler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Tarpa-Taýyn Aradan Çykdy

Üstünlige Ýetmek Üçin 10 Basgançak

turkmenhabargullugy