19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Halkara Nebit we Gaz Uniwersitetiniň Talyplary-Patent Alan Ylmy Işleriň Awtorlary

Halkara Nebit we Gaz Uniwersitetiniň Talyplary-Patent Alan Ylmy Işleriň Awtorlary

Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň döwlet bäsleşiginiň kollektiwleýin öňdebaryjylarynyň biridir. Leýla Ýoldaşewa, Aýjahan Mürzäýewa, Döwran Nurmämmedow we Atamyrat Hojageldiýew dagy iň gowy ylmy taslamalaryň awtrolary diýlip ykrar edildi. Iki ikinji we üçünji ýere mynasyp görlen işleriň üçüsi, şol sanda şäher gurluşyk maksatnamalarynyň jähtinden daşky gurşawy goramak bilen baglanşyklydyr.

Uniwersitetiň ikinji ýyl talyby Atamyrat Hojageldiýew türkmen dilinde kompýuter düwmesiniň programmalaýyn üpjünçiligni işläp taýaýrlanlygy üçin birinji orna mynasyp boldy. Programma bu ulgamda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy tarapydan patentleşdirilen ilkinji milli enjamydyr.

Uniwersitetiň maglumatlar we maglumatlar tehnologiýasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Maksat Çüriýew bilen söhbetdeşligimizde ol programmalýyn üpjünçiligi döretmäge dürli kafedralaryň hünärmenleriniň çekilendigini belledi. Olaryň biri- nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň ýaş mugallymy Ýeňiş Ýazlyýewdir, ol ýokary okuw mekdebinde okuw sagatlaryny awtomatiki usulda hasaplaýan programmany işläp taýýarlady.

Bu programma okuw meýilnamalarynyň elektron resminamalaryny özbaşdak deňeşdirýär, dersleri bölüşdirýär, sagat sanlarynyň hasaplaýar we Microsoft Word görnüşde rejelemek we çap etmek üçin hasabat döredýär. Patentleşdirilen programma okuwy amatlaşdyrmakda üstünlikli ulanylýar.

„Maglumatlary işläp taýaýrlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy“ hünäri boýunça 2-nji ýyl talyby Oraz Orazow latyn harplarynyna kybapdaş türkmen interfeýsli «Antiplagiat» progarmmasyny işläp taýýarlady. Ol referaty, makalany, awtorlyk işi, kiçeňräk kitapçany seljermäge we awtorynyň kimligi barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär.

Şowly işleriň arasynda ikinji ýyl talyby Altyn Ýazmyradowanyň işläp taýýarlan daşary ýurt dillerini öwretmegiň interaktiw multimediýa ulgamy, şeýle hem 2-nji ýyl talyby Ýazmyrat Gulmämmedowyň kompýuter programmalaryny çaltlaşdyrmak bilen baglanşykly taslamasy bar.

Uniwersitetde hereket edýän „Inženerçilik akademiýasy“, fakultetleriň ýanyndaky ylmy-barlaglar merkezleri, şeýle hem kafedralaryň ýanyndaky talyplar gurnaklary bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy mümkinçiligni berkitmäge mümkinçilik berýär.Umuman, talyplar we mugallymlar soňky döwürde programmalryň 20-sini işläp taýýarladylar, olaryň 8-sine patent berildi.

Bilim ulgamyna innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň ylma islegini höweslendirmäge ýardam edýär. Ýylsaýyn talyplaryň, ýaş mugallymlaryň we beýleki hünärmenleriň geljegi uly amaly barlaglara işjeň gatnaşýanlarynyň sany barha artýar.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti köp ugurlar, şol sanda kompýuter tehnologiýalary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Okuwlar döwrebap ugurlara görä gurnalan we programmalary döretmäge gönükdirilen. Talyplar IT-önümiň algoritmini we ony doly düzmäge gyzyklanýarlar. Dürli önümçilik ugurlaryny awtomatlaşdyrmak işi-de özüne çekijidir.

Her ýyl Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň howandarlygynda geçirilýän dürli imtellektual bäsleşikleri, şol sanda Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň ylmy bäsleşigi programmalaşdyrmak endiginiň kämilleşmegine ýardam edýär.

Programmalşdyrmak babatda ylmy taslamalar döwlet we halkara derejelerindäki bäsleşiklerdir ylmy maslahatlara hödürlendi. Golaýda Gazagystanyň Gökşetau şäherinde geçirilen „Bazar we önümçiligiň netijeliligi“ forumynyň çäklerinde guralan bäsleşigiň netijeleri belli boldy. Ýaş türkmen programmaçylarynyň işleri Gyrgyzystandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Ukrainadan, Russiýa Federasiýasyndan gelen awtorlaryň işleri bilen bäsleşip, baýrakly orunlaryň üçüsini eýeledi.

Degişli makalalar

Kikboksing Boýunça Aziýa Çempionaty Wideo

Türkmenistan-Dünýä Energetikasynyň Durnukly Ösüşiniň Strategik Merkezi

Astrahan Oblastynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany» Temasyndan Çagalaryň Arasynda Döredijilik Gözden Geçirilişiniň Jemi Jemlenildi

turkmenhabargullugy