28.9 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Daşary Ykdysady Işiň Möhüm Wezipeleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny ornaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda ady agzalan maksatnamanyň ähmiýeti barada çykyşlar hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamanyň birinji çärýekde ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ady agzalan konseptual resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça daşary ykdysady işleri toplumlaýyn esasda ösdürmek, şeýle hem onuň syýasy-hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Şonuň bilen birlikde maksatnama Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen, halkara guramalary bilen, şol sanda maliýe we ykdysady düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.

Degişli ugurda bellenilen sepgitlere ýetmegiň ugurlaryny takyk kesgitleýän maksatnama döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda tassyklanyldy.

Onda geljek ýyllar üçin amala aşyrylmagy kesgitlenen wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna», halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky maksatnamalara, kanunlara we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna doly laýyk gelýär.

Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara giňişliginde geçirilýän syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 100-den gowrak döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Ady agzalan resminamanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, mejlise gatnaşyjylar onuň zerurlygynyň Bitarap Watanymyzyň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulmagy bilen şertlendirilendir diýip bellediler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, işlenilip taýýarlanylan bu strategik meýilnama ozaly bilen degişli ugry düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklaryny berkitmek üçin amatly hukuk, dolandyryş, maliýe gurşawyny döretmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Konseptual resminama dürli pudaklara daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin bazar gurallaryny netijeli peýdalanmak, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiň innowasion ýoluna düşmegi bilen içerki ätiýaçlyklary, şeýle hem daşary döwletleriň we kompaniýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen netijeli başlangyçlary we iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň, şeýle hem şol ýylyň oktýabrynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň» kabul edilmegi daşary ykdysady gatnaşyklaryň täze sepgitlerine çykmaga itergi berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, halkara we döwletara derejelerinde kabul edilen teklipleriň we çözgütleriň, şol sanda Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, aýry-aýry ugurlar boýunça strategiýalary we konsepsiýalary işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek möhüm çäreleriň hatarynda durýar. Şeýlelikde, ilatyň maliýe-ykdysady sowatlylygyny ýokarlandyrmak, senagatyň eksport ugurlaryna ýardam etmek syýasatyny, hyzmatlar ulgamyny, hususy pudagy ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi goldamak boýunça meýilnamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli ministrlikler we edaralar tarapyndan şol wezipeleri çözmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Şeýle hem geljek ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň işini innowasion esasda ýola goýmak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil we nyrh görkezijileri boýunça daşary bazarlardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin anyk çäreler görüldi.

Resminamalary resmileşdirmek we maglumatlary bermek boýunça halkara iş tejribesinde ulanylýan «Bir penjire» ulgamyny döretmek maksatnamada aýratyn ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda görülýän çärelere aýratyn üns berildi.

Öňde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hususy pudagyň paýyny yzygiderli artdyrmak seredilýän resminamada esasy ugurlaryň biri hökmünde seçilip alyndy. Çykyş edenler soňky ýyllarda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işewürler düzümleriniň derejesinde hem sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, degişli ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler.

Ýygnananlaryň birmeňzeş pikirine görä, maksatnamanyň hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli ugurda öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Şunda daşary ykdysady işlere gatnaşyjylar bilen söwda, maýa goýum hem-de ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk ýaly usullar we gurallar aýratyn zerur bolup durýar.

***

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasy bilen gatnaşyklaryny ösdürýär

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň BSG bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň söwda we eksport kuwwatyny artdyrmaga degişli alnyp barylýan üstünlikli ýörelgesi bilen baglylykda garalýar.

Mälim bolşy ýaly, halkara söwdasyny ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä söwda guramasy täze söwda ylalaşyklarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň bu halkara düzümine girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ýörite hökümet topary döredildi. Onuň mejlisleriniň, şeýle hem ady agzalan guramanyň wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen geňeşmeleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň BSG-ä synçy derejesinde gatnaşmagynyň ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigi nygtaldy.

Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Türkmenistanda halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlykda BSG-niň ýörelgelerini nazarda tutup, kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär.

Toparyň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, milli halk hojalyk toplumynyň halkara ykdysady gatnaşyklara goşulyşmak işini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň umumy kabul edilen ýörelgelerini peýdalanmagyň esasynda üstünlikli çözülip bilner.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar.

Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli ulgamlardyr. Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilenden soň, döwlete ähli halkara guramalarynyň has amatly şertleri degişli bolýar, ykdysady ýeňillikler berilýär.

Şeýlelikde, BSG-ä girmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň dünýäde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen birlikde, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has oňaýly peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir. Bu bolsa, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ykdysady derejesiniň ýokarlanmagyna getirer, karzlaryň we maýa goýumlaryň gelmegine kömek eder.
***

Ýurdumyzda öndürilýän önümler halkara bazarynda eýeleýän ornuny berkidýär

Şu gün Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň (HSB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler hem-de Dubaýda geçiriljek EKSPO halkara sergisiniň ähmiýetini bellediler.

Onlaýn-gepleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler.

Şeýle hem jenap D.Kerkentzes şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň işine gatnaşmaga çagyryldy.

Gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi.

Ýurdumyzyň pudaklarynyň we hususy kärhanalarynyň önümleriniň yzygiderli hereket edýän onlaýn-sergilerini döretmek meseleleri 10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle usulyň möhümdigini belledi, munuň özi ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyk gelýär hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Bu şeýle hem halkara işewür toparlaryny ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, senagatlaşdyrmak işiniň hem-de ýurdumyzyň senagatyny we hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň netijeleri bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan Halkara sergileri hakynda Konwensiýa gatnaşyjy hem-de Halkara sergiler býurosynyň agzasy hökmünde degişli ugurda öňdebaryjy işläp düzmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlykda tejribe alyşmak, iň gowy işleri öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy strategiýany amala aşyrmagy bilen baglylykda, geçirilýän bilelikdäki çäre halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýurdumyzyň dünýäniň sergiler giňişligine, şol sanda wirtual sergilere gatnaşmagyna ýardam eder diýip, bellediler.
***

Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky türkmen-ukrain geňeşmeleri

Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky türkmen-ukrain geňeşmeleri geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça mundan beýläkki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Geňeşmelere gatnaşanlar deňhukuklylyk, netijelilik esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalaryny tassyklap, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler.

Özara pikire görä, bilelikdäki bu topar eýýäm özüni ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň anyk guraly hökmünde görkezdi.

Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistan Ukraina üçin Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaşlaryň biridir.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň gerimi daşary ýurtly kompaniýalaryň işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagynyň hasabyna ukrain işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda işlemegini giňeltmäge bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berýär.

Taraplar häzirki zaman türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgamyna hem uly üns berdiler. Bellenilişi ýaly, iki halkyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy özara Medeniýet günleriniň geçirilmegine, wekiliýetleriň Türkmenistanda hem-de Ukrainada geçirilýän dürli çärelere gatnaşmagyna ýardam berýär.

Şeýle hem ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy.

Halkara meseleleriniň möhüm ugurlary hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar döwrüň möhüm meselelerini, ilkinji nobatda, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge degişli meseleleriň çözülmegine iki ýurduň eýerýän ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň ýakynlygyny nygtadylar.

Onlaýn duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak hem-de hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini amala aşyrmaga ýardam berýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek babatda pikirlerini aýtdylar. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanda Umumy Bahasy ABŞ-nyň 48 Milliard Dollaryna Deň Bolan Iri Desgalaryň 1900-e Golaýy Gurulýar

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Orak Möwsüminiň Barşyna we Medeniýet Hepdeligine Taýýarlyk Baradaky Meselelere Garaldy

turkmenhabargullugy

Prezident Aleksandr Lukaşenko: Biz Iki Halka Uly Peýda Getirýän Ägirt Uly Taslamany Amala Aşyrdyk

turkmenhabargullugy