20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

“Türkmenpoçta” Poçta Aragatnaşyk Kompaniýasy

Kompaniýa Barada

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy özüniň esasy ösüşini dörän gününden, ýagny 1993-nji ýylyň aprel aýyndan alyp gaýdýar. Häzirki zamanda kompaniýanyň işini döwrebap talaplara görä guramak meselesini öňde goýýar. Türkmenistan döwletiniň 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-synda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edilip, döwletiň poçta ugrundan operatory bolup çykyş edýär. Bu bolsa örän gysga wagtyň içinde dünýäniň 190-dan gowrak ýurduna hat-habarlary, poçta ýollamalaryny ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik berdi. Dünýäniň ähli poçta edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we bütin dünýäniň poçta markalaryndan özboluşly toplum döredildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy poçta markalarynyň ýüzlerçesini çykardy. Olarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy, taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti we sungaty, türkmen türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi dürli öwüşgünlerde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyndaky üstünlikler şöhlelenýär. Poçta hyzmatynyň hiliniň dünýä ülňelerine laýyk gelmegi üçin 1996-njy ýyldan “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy göndermeleri eltmegi çaltlandyrmak maksady bilen, EMS Express Mail Service geçirijilerine birleşdirilip, 3-4 günüň dowamynda göndermeler ýer togalagynyň islendik nokadyna ýetirilýär. Mälim bolşy ýaly, hyzmatyň şu görnüşi müşderileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän hat-habarlaryň, göndermeleriň sanynyň barha artmagyna täsirini ýetirdi. “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy häzirki wagtda şu aşakdaky hyzmatlary giň gerimde müşderilere hödürleýär.

Poçta pul geçirimini kabul etmek
Poçta pul geçirimini tölemek
Gymmaty yglan edilen hat habarlary kabul etmek
Posylka ýollamalary kabul etmek
Abuna ýazylşygy kabul etmek
GDA döwletleriniň arasynda pul geçirimleri kabul etmek
Lomaý we ownuk söwda işleri (konselýar we hojalyk harytlary)
Telefon tölegleriniň halkara gepleşigini we abonent töleglerini kabul etmek
Kommunal hyzmatlaryny kabul etmek
Gaýry hyzmatlar (posylkalry, kiçi paketleri, banderollary gaplamak, tikmek we satlyk blanka görnüşlerini ýerlemek.)
Çaparçylyk hyzmaty
EMS hyzmaty (Express Mail Service)

Häzirki wagtda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynda 2000-den gowrak adam işläp, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Olar hat-habarlary we döwürleýin neşirleri eýelerine wagtynda gowşurmaklygy üpjün edýärler. Awtoulaglaryň kömegi bilen her gün ýurdymyzyň şäherleriniň arasyna, hatlary we ýollamalary niýetlenilen ýerine ýetirýärler. Şeýlelik-de, Türkmenistanyň iň çetki, barmasy kyn etraplaryna-da poçta ýollamalary öz wagtynda gowşurylýar. Her günde ýurdumyzyň ähli künjeginde çap edilen neşirleri ýetirilýär.

Çeşme: turkmenpost.gov.tm

 

Degişli makalalar

Pekinde HHR Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Dabaraly Çäre Geçirildi

Bildiriş

turkmenhabargullugy

Badhyz we Köýtendag Döwlet Goraghanalarynyň Çäkleri Giňeldildi

syrach