26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Daşoguz Welaýaty: Gök Ekinleriň Ekişi, Gurluşyk Materiallarynyň Önümçiligi we Agaç Oturdylyşy

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary kartoşka ekişine girişdiler. Şu ýyl bu ekini ýetişdirmek üçin 4 müň gektar ýer bölünip berildi. Ortaça hasyllylygy her gektardan 140 sentner bolanda şonça meýdandan 56 müň tonna kartoşka ýygnamak göz öňünde tutulýar. Bu ekini ýetişdirmekde uly tejribe toplan Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň daýhanlary demirgazyk sebitde kartoşka ýetişdirmekde öňde barýarlar.

Şol bir wagtyň özünde welaýatda düýp sogan ekişiniň depgini hem ýokarlanýar. Bu ekiniň hem meýdany artdyrylyp, 875 gektara ýetirildi.

***
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň düzüminde kuwwatlylygy ýylda 3 müň kub metr demir-beton önümlerini, şol sanda dürli diametrli turbalary çykarýan önümçilik peýda bolar.

Häzirki wagtda beton garyjy merkez we edara jaýy gurulýar. 2 gektara golaý ýerde gurulýan binalaryň arasynda önümçilik binasy, ammarlar, awtoulag duralgasy, beýleki ugurdaş binalar bolar.

Daşoguz welaýatynda ýerleşýän we ozaldan gurluşyk pudagynda işleýän iri hususy kärhanalar kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde täze önümçilikleri, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalary döretmegiň hasabyna işiň çägini giňeldýärler.

Mysal üçin, «Ýüpek ýoly» hojalyk jemgyýetiniň süýt-ýag önümlerini çykarýan kärhanasy bar, indi ol iri maldarçylyk fermasyny gurýar. «Altyn gala gurluşyk», «Altyn tug», «Zemin açary» we beýleki husuy kärhanalar döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanylmaga berlen ýerlerde ýyladyşhana hojalygyny gurdylar.

«Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasy-da oba hojalyk önümlerini öndürmäge gyzyklanma bildirdi. Bu şahsy düzüm demir-beton önümlerini öndürýän karhana bilen birlikde 7 gektar ýerde ýyladyşhana hem gurýar.

***
Daşoguza bezeg berýän gülleriň arasynda şu ýyl gortenziýa we geran hem peýda bolar. Şäheriň arassalygy we abadançylygy trestiniň hünärmenleriniň tagallalary bilen kärhananyň ýyladyşhana hojalygynda ýetişdirilen bu güller, şeýle hem barhotka, petuniýa, katarantus, pion we landşaft bezeginde ulanylýan beýleki güller köçeleriň arasyndaky zolaklarda, aýmançalarda, demirgazyk sebitiň dolandyryş merkeziniň merkezi şaýollarynyň hem-de köçeleriniň gyralaryna ekiler.

Pürli, ýaprakly agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň dürli görnüşleri şäheriň seýilgählerine hem-de baglaryna bezeg berýär. Daşoguzyň baglarydyr seýilgählerinde tuýanyň, dagdanyň, deregiň, tuduň, hatda mydama gök öwsüp oturan Arizona serwisiniň hem dürli görnüşleri bar.

Soňky ýyllarda daşoguzly «ýaşyl dizaýnerler» keseligine ösýän arçany we bezeglik zirki ileri tutýarlar. Güller we agaç nahallary trestiň düzümindäki bäş gektar meýdany tutýan gülçülik ýyladyşhanasyndan hem-de bezeg agaçlary ýetişdirilýän nahalhanadan alynýar.

Degişli makalalar

Türkmenbaşynyň Deňiz Portunyň Işi Rowaçlanýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary