18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Daşoguzda täze sport mekdebi açyldy.

Daşoguz welaýatynyň merkezinde durmuş maksatly täze desgalaryň ýene biri ulanmaga berildi. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda 365 orunlyk sport mekdebi öz gapylaryny giňden açdy. 

Täze binanyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda we ýaňlanan ruhubelent aýdym-sazlarda sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan we ony işjeň wagyz edýän, adamyň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyň beýany boldy. Diňe şu ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde welaýatda dürli häzirki zaman sport desgalarynyň ençemesi guruldy. Bu bolsa sebitde bedenterbiýe we sport hereketini giňeltmäge, ýaşlaryň sportda ýokary netijeler gazanmaga bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şol sport desgalarynyň bir bölegi welaýat merkezinde bina edildi. Şu gün ulanmaga berilýän Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze sport mekdebi we düýpli abatlanyp durky täzelelen Al-Horezmi köçesiniň ugrunda ýerleşýän bedenterbiýe – sagaldyş merkezi olaryň üstüni ýetirdi. 

Täze sport desgasyny Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň 2-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk müdirliginiň işgärleri bina etdiler. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerler bilen birlikde, bina alty gektar meýdany eýeleýär. Şäherde gurlan beýleki iri binalar bilen birlikde, welaýat merkeziniň çalt depginler bilen ösýän ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän täze mekdep dürli maksatly desgalardan ybarat bolan binagärlik toplumynaň bezegine öwrüldi. Ol özboluşly bezegi bilen tapawutlanýar.Binanyň gurluşygynda ulanylan häzirki zaman gurluşyk materiallary onuň keşbine aýratyn öwüşgin çaýdy. 

Bu mekdep biziň ýurdumyzda şunuň ýaly desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär. Onuň häzirki zaman sport abzallary bilen enjamlaşdyrylan zallarynda tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda birbada sportuň dürli görnüşleri bilen, şeýle hem sagaldyş maşklary bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredilipdir. Mekdebiň tomaşaçy münberli esasy sport zalyny sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, türgenleşikleri geçirmek üçin üýtgedip bolýar. Bu ýerde eminler üçin we lukmançylyk otaglary ýerleşdirilipdir. 

Binanyň içinde ýerleşýän uly we kiçi howdanlarda türgenleşik hem-de suw-sport ýaryşlaryny geçirmekden başga-da, ýüzmegi öwretmek maksady bilen türgenleşikler geçiriler. Mekdebiň ýanaşyk ýerlerinde gurnalan açyk meýdançalarda sportuň dürli görnüşderi, şol sanda futbol oýnamak üçin ýörite meýdança we ylgaw ýodajyklary bar. 

Asylly däbe görä, täze sport mekdebiniň açylyş dabarasyna hormatly ýaşulular, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde aýdym-saz ýaňlandy, ýaşajyk türgenler we döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Taý boksy boýunça ýurduň ýygyndy toparyna ilkinji saýlama ýaryşlar.

syrach

Türkmen Gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” Ýaryşynda Gazanan Bäş Medaly

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişi amala aşyrdy.

syrach