16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň gündelik wezipeleri we derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 21-nji dekabrda biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni bellenip geçilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň halkyň hakydasynda ebedi galjak bitiren beýik hyzmatlaryny belläp, bu ajaýyp ynsanyň ýagty ýadygärligini hatyralamak, onuň kümmetine zyýarat etmek isleýänleriň ählisiniň ertir Gypjaga baryp, zyýarat edip biljekdiklerini aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksiniň 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda girizilýän şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň hukuk binýadyny döredendigini belledi. 

Ýokarda agzalan Kodekse laýyklykda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesiniň taslamalary, şol sanda pensiýa ýaşy dolan raýatlar üçin garaşylýan ömrüniň ortaça dowamlylygyny kesgitlemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň şertli toplaýyş usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini maýa goýuma gönükdirmegiň tertibiniň taslamalary işlenip taýýarlanylmalydyr. Hökümetiň Baştutanynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda degişli düzümler tarapyndan bu resminamalary taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem-de “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanan “Eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň buhgalterçilik hasaba alnyşynda hasapda durýan esasy gorlaryna (serişdelerine) gaýtadan nyrh kesmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hasabatyň çäklerinde şu günler ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň üstünlikli geçirilýändigi barada habar berildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlarynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararyna laýyklykda geçirilýär. Bu ähmiýetli çäräniň geçirilmegi bilen baglylykda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan gymmat bahaly metallardan-altyndan we kümüşden ýasalan ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy diýip, hökümetiň Baştytanynyň orunbasary aýtdy we döwlet Baştutanymyza olaryň ilkinji nusgalaryny gowşurdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrüň talabyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän pensiýa üpjünçilik ulgamyny döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygyny nygtap, degişli resminamalar görkezilen meseleleri içgin öwrenmegiň we seljermegiň möhümdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz “Eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň buhgalterçilik hasaba alnyşynda hasapda durýan esasy gorlaryna (serişdelerine) gaýtadan nyrh kesmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny, umuman, makullap, degişli resminama gol çekdi we wise-premýere onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, geçen ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işleriň tejribesi bize döwlet dolandyryş ulgamynda ýene-de bir edarany – ýurdumyzyň ykdysadyýetini töwekgelçiliklerden goramaga mümkinçilik berjek agentligi döretmegiň zerurdygyny görkezýär diýip belledi. Häzirki döwürde dünýäniň ýurtlarynyň köpüsinde Hökümetiň ýanynda ýa-da garaşsyz edara görnüşli tarap hökmünde şular ýaly agentlikler döredildi. Bu edaralaryň maksady belli bir möçberde töleg alyp, firmalara işlemek isleýän döwletlerinde maýa goýumlaryny goýmagyň maksadalaýykdygy ýa-da däldigi barada teklipleri bermekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu edaralara örän giň ygtyýarlyklar berilýär. Islendik ýurtda döredilen şeýle agentlikler bilen ylalaşmazdan, hiç bir firmanyň beýleki islendik ýurtda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlaryny goýmaga hukugy ýokdur. Bu düzgüni bozan firmalara, adatça, uly möçberde pul jerimeleri salynýar. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzda hem şeýle agentligi döretmegiň zerurdygyny aýtdy we şeýle edara döredilenden soň, onuň üstüne Türkmenistanda işlemek isleýän daşary ýurt kompaniýalaryny barlamak we maksadalaýyk hasaplanan ýagdaýynda, olara biziň ýurdumyzda işlemäge ygtyýar bermek wezipesini ýüklemegiň dogry boljakdygyny nygtady. Mundan başga-da, bu edaranyň ýene-de bir wezipesi ýurdumyzda dürli firmalar we kompaniýalar tarapyndan gurulýan desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmekden hem-de bu möhletleriň bozulmagy sebäpli, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çekýän ýitgileriniň öňüni almak bilen bagly işleri amala aşyrmakdan ybaratdyr. 

Täze dörediljek agentlik ýurdumyzda maýa goýumlaryny goýmak isleýän daşary ýurt firmalarynyň işi bilen bagly ýüze çykyp biljek ähli töwekgelçilikleri doly öwrenmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mysal üçin, ýurdumyzda işlemek isleýän firmalaryň işinde birnäçe içerki we daşarky töwekgelçilikler bolup biler. Şol töwekgelçilikleriň hatarynda, ilkinji nobatda, syýasy töwekgelçilikleri görkezmek bolar. Bu töwekgelçilikler kompaniýanyň baş dolandyryş edarasynyň ýerleşýän ýurdundaky syýasy ýagdaý bilen baglydyr. Şeýle hem, şol firmalaryň işi bilen bagly kanunçylyk taýdan ýüze çykyp biljek töwekgelçilikler bar. Töwekgelçilikleriň bu topary firmalaryň işleýän ýurdunda täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy namalaryň kabul edilmegi sebäpli, öňki hereket edýän kadalaryň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýar diýip, milli Liderimiz belledi. 

Firmalaryň işinde tebigy töwekgelçilikler hem döräp biler. Şeýle töwekgelçilikler bolup biljek tebigy betbagtçylyklar bilen baglydyr.Aýry-aýry sebitleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly döreýän sebitleýin töwekgelçilikleri hem göz öňünde tutmaly. Bulardan başga-da, firmalaryň işinde pudaklaýyn töwekgelçilikler hem döreýär. Pudaklaýyn töwekgelçilikler firmanyň ösüşi, onuň işi alyp barşynyň aýratynlyklary bilen baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda döretmek teklip edilýän şeýle agentligiň işi ýokarda görkezilen ýagdaýlardan ugur alnyp guralmalydyr. Ýurdumyzda islendik taslamany amala aşyrmak boýunça geçirilýän bäsleşiklerde ýeňiş gazanan firma baradaky ähli maglumatlar, bäsleşigiň netijeleri yglan edilmänkä, ilkinji nobatda, täze dörediljek agentlige iberilmelidir. 

Şol agentligiň işgärleriniň zerur bolan halatda ýurdumyzda işlemek isleýän islendik daşary ýurt kompaniýasynyň işi bilen tanyşmaga hukugy bolmalydyr. Eger zerur bolan halatda, agentligiň işgärleri firmanyň baş edarasyna baryp, onuň işi bilen ýerinde tanyşmalydyrlar. Şeýle işleriň netijesinde, şol firmanyň ýurdumyzda işlejek döwründe döräp biljek ähli töwekgelçilikleri öwrenmelidirler. Eger-de, şeýle düýpli seljermeden soň, daşary ýurt firmasy barada oňyn netijä gelinse, onda firmanyň gatnaşan bäsleşiginiň jemleri agentlik tarapyndan hökman tassyklanmalydyr hem-de çap edilmelidir. Firma barada oňyn netijä gelinmedik halatda bolsa, bu firma bäsleşikden aýrylmalydyr hem-de täze bäsleşik yglan edilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Goçyýewe ýüzlenip, şeýle edaranyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň düzüminde döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we şeýle agentligi döretmek baradaky kararyň taslamasyny taýýarlamagy hem-de ony Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemegi tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow obasenagat toplumynda hem-de beýleki gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda güýzlük galla ekinlerine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň doly möçberde ýerine ýetirilýändigi bellenildi. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary şaly hasylyny ýygnamak işini doly tamamladylar. 

Mundan başga-da, şu ýyl tabşyrylan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilişi, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, zeýkeş ulgamlaryny arassalamak, şeýle hem suw howdanlarynda suwlaryň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýteirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalarynyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýardygyny habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek babatda bar bolan uly kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak maksadynda ýerlerdäki we oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlaryndaky işleriň ýagdaýynyň jikme-jik öwrenilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz obasenagaat toplumyny dolandyrmagyň has kämil usullaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny we ylmyň iň soňky gazananlaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak, ähli pudaklaýyn düzümleriň ösdürilmegini höweslendirmek boýunça çäreleriň ähmiýetini aýratyn nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem möwsümleýin meýdan işlerini guramak, şol sanda galla ekinlerine ideg etmek hem-de ýazky gowaça ekişine taýýarlyk görmek, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerini çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maldarçylykdaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň adyna düýpli bellikleriň birnäçesini aýtdy. Geçirilen köp sanly barlaglaryň, şol sanda prokuratura edaralar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu Assosiasiýada uly düzgün bozmalar yzygiderli ýüze çykarylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu düzgün bozmalar Assosiasiýa hakynda häzirki hereket edýän Düzgünnamanyň köp bölümleriniň düşnüksiz bolmagy bilen baglydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna “Türkmenmallary” assosiasiýasyny ýapyp, onuň binýadynda täze döwlet edarasyny döretmek babatda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz maldarçylyga ylmyň iň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, “Türkmenmallary” assosiýasiýasynyň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny akademiki Instituta öwürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz munuň ylmy-barlag işini işjeňleşdirmäge, ony maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk wezipelerini çözmäge gönükdirmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, bu meseleler bilen bagly ähli resminamalary taýýarlamak hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretmek üçin hödürlemek babatda görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow ýurdumyzda 2013-nji ýylda pile taýýarlamak boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpekçilik pudagynyň çig mal binýadyny berkitmek, şeýle hem ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda degişli welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde geçirilýän işleriň netijesinde alynýan piläniň möçberi ýüpek kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmäge hem-de ondan taýýarlanan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip düzülen 2013-nji ýylda pile öndürmegiň meýilnamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýüpekçiligini ösdürmek boýunça çäreleriň mundan beýläk-de yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini nygtady we degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we welaýatlaryň häkimlikleri 2013-nji ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda çig pile öndürmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi. 

Ýüpekçilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän senetleriniň biridir, bu babatda halkymyz ýokary ussatlyk we kämillik derejesine ýetdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň esasy wezipämiz ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň milli däplerini üstünlikli dowam etdirmekden we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ulanyp, ony häzirki zaman derejesine çykarmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan geçirilýän işler, şeýle hem Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň 17-18-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen nobatdaky maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Iki günlük duşuşyk döwlet Baştutanynyň Buýrugyna laýyklykda ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak ugrundaky işi amala aşyrmak maksady bilen guraldy. 

Wise-premýeriň, daşary işler ministriniň nygtaýşy ýaly, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Biziň ýurdumyz bu ugurda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär hem-de iri forumlaryň işine işjeň gatnaşýar. Şol forumlaryň hatarynda Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýylda Tähranda we 2010-njy ýylda Bakuwda bolup geçen duşuşyklary görkezmek bolar. 

2003-nji ýylyň noýabrynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýa hem-de 2010-njy ýylda Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi ylalaşykly we netijeli bilelikdäki işiň aýdyň netijesi boldy. Bu resminamalarda beýan edilen halkara – hukuk esasy geçen ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekilen degişli Teswirnamada öz beýanyny tapdy. Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Moskwa şäherinde Hazarýaka ýurtlarynyň tebigaty goramak ministrleriniň 4-nji maslahatynda agzalan konwensiýa degişli bolan 2-nji Teswirnama seredilendigi bellenildi. Türkmenistan we Eýran taraplary bu resminama gol çekdiler. 

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, şeýle hem birnäçe täze döwletara resminamalaryny – Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak we peýdalanmak hakyndaky ylalaşygy hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we netijelerini aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamalaryny taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan görkezilen resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy we 2011-nji ýylyň oktýabr – noýabr aýlarynda Hazarýaka döwletleriniň degişli düzümlerine iberildi. 

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen hünärmenleriň birinji duşuşygynda, şeýle hem şu günler türkmen paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygynyň barşynda Hazar deňziniň biologik serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hazardaky çäreleriň hukuk binýadyny ösdürmek bilen bir hatarda, Türkmenistan bu deňiz bilen bagly aragatnaşyklaryň täze görnüşlerini ýola goýmak, has takygy Hazarýaka ýurtlaryň hünärmenleriniň, alymlarynyň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň we degişli kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gepleşikleri guramagy maksada laýyk hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden Hazar ekologiýa forumynyň yzygiderli geçirilmegi we onuň hemişelik hereket edýän gepleşik guraly bolmagy barada öňe süren başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hazarýaka ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän tebigaty goramak baradaky gepleşikler üçin esas bolup hyzmat edýär. 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Hazarýaka ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki ýörite iş toparynyň mejlisiniň netijeleri barada hasabat berip, mejlisiň barşynda jikme-jik we gyzyklanma bildirilip pikir alşylandygyny belledi. Şonda taraplaryň her biri garalýan meseleleriň ählisi boýunça garaýyşlar babatda mundan beýläk-de ylalaşygyň gazanylmagyna gönükdirilen tekliplerini beýan etdi. Parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga mahsus şertlerde Hazar deňziniň sebitini ösdürmek köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli goňşuçylyga eýerýän Hazarýaka döwletleriň ählisiniň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň gutarnykly teksti boýunça işiň tiz tamamlanmagyna özara gyzyklanma bildirilýändigini bellediler, şeýle hem deňziň ýakasyndaky bäş ýurduň Hazarda durmuşyň we işiň dürli ugurlary boýunça özara gatnaşyklarynyň ygtybarly hukuk binýadyna öwrüljek bu esasy resminamanyň konseptual düzgünleri boýunça özara kabul ederlikli çözgütlerini gözläp tapmagy dowam etdirmegiň maksat edinilýändigi aýdyldy. 

Hazarýaka ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary soňky ýyllarda bilelikde amala aşyrylan işiň netijeliliginiň ýokarlanandygyny kanagatlanma bilen belläp, Hazara degişli meseleleriň bilelikde ara alyp maslahatlaşylmagynyň taraplaryň garaýyşlaryny has-da ýakynlaşdyrmaga we ylalaşyga gelmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berendigini bellediler. Hususan-da, Hazarýaka ýurtlaryň Prezidentleri tarapyndan ylalaşyklaryň gazanylmagy netijesinde syýasy, hukuk häsiýetli düýpli resminamalar kabul edildi, şolarda esasy ýörelgeler we dürli ugurlar boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly çemeleşmeler öz beýanyny tapdy, munuň özi Hazara degişli meseleleriň dürli jähetleriniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen täze halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak ugrundaky bilelikdäki işiň ilerlemegine degerli ýardam berdi. 

Duşuşygyň barşynda, Hazarda özara ylalaşykly hereketleri amala aşyrmak üçin zerur bolan köptaraplaýyn hukuk resminamalaryny gijikdirmän taýýarlamagyň we kabul etmegiň möhümdigi nygtaldy, türkmen tarapy Hazarýaka döwletleriniň wekiliýetleriniň ählisiniň Hazar deňzinde gidrometeorologiýa ulgamynda Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň üstünde işlemegi tamamlamaga çagyrdy. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Hazarýaka ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki ýörite iş toparynyň indiki mejlisini 2013-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynda geçirmek barada ylalaşyldy. 

Hasabaty jemläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk binýady döretmäge gönükdirilen esasy resminama hökmünde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň amatly nusgasynyň gözlenmegine ygrarlydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hazar meselelerini halkara hukugyna degişli ählumumy kadalar, birek-birege hormat goýmagyň we hyzmatdaşlaryň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň ýörelgeleri esasynda diňe diplomatiki ýollar arkaly çözülmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýändigini aýtdy. 

Milli Liderimiz Hazar deňzinde ekologik abadançylygy, biologik dürlüligi aýawly saklamak we baý tebigy gorlardan netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleleriň döwlet syýasatynda ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, Türkmenistanyň şu ugurda amala aşyrýan işlerini giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi. Parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň şu ýylyň 22-nji dekabrynda geçiriljek nobatdaky on ýedinji maslahatyna taýýarlyk görülýär. Deputatlaryň garamagyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hukuk özgertmeleri jähtinden işlenip taýýarlanan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi hödürlener. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini belledi. Halkara hukuk kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman kanynçylyk binýadynyň döredilmegi türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň, giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisini üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajyp şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli parlamentiň deputatlarynyň orny baradaky meselelere ünsi çekdi we bu ugurda işi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzda 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2012-2016-njy ýyllar üçin medeniýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şol sanda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we olaryň döredijilik işini goldamak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän ýylyň ilkinji aýynyň şanly senelerine bagyşlanan çäreler barada aýdyp, hususan-da, ýanwar aýynyň başynda çagalar üçin däp bolan täze ýyl baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini belledi we şol çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny, olaryň körpe türkmenistanlylaryň durmuşynda ajaýyp we ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki meýilnamalary hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ýakyn geljekde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän we häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalarda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýdyldy. Hususan-da, wise-premýer Döwlet serhet gullugynyň merkezi edara binasyny hem-de Serhet institutynyň binalar toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi we munuň özi köp sanly gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalanandygyny alamatlandyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşygyň hilini ýokarlandyrmak, täze ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, işleriň öz möhletinde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. 

Serhet gullugy üçin täze desgalaryň gurluşygynyň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy- enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ony täze tehnikalaryň hasabyna kämilleşdirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary gündelik iş tejribesine ornaşdyrmagyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýandygyny aýtdy. Şu jähetden milli Liderimiz Serhet institutynyň täze binasy serhetçileriň hatarlaryny ýokary hünärli harby gullukçylar bilen ýetirmek ýaly çynlakaý hem-de jogapkärli wezipäni çözmäge gönükdirilen häzirki zaman okuw-usulyýet merkezine öwrülmelidir diýip belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R. Seýitkulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

Sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, wise-premýer welaýatyň çäginde ulag-aragatnaşyk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, hususan-da, Türkmenabatda täze halkara howa menziliniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi. Şeýle hem Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsini we Amyderýanyň iki kenaryny baglanyşdyrýan Atamyrat-Kerkiçi täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada aýdyldy, bu ýerde köprini gurmak we onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak boýunça işleriň jemleýji tapgyry amala aşyrylýar. 

Hasabat bermegiň barşynda, wise-premýer döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hem aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenilen giň möçberli wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ähmiýetiniň has-da artýandygyny belläp, bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de hiliň talap edilýän derejä ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz döwrebap we halkara ülňülerine laýyk gelýän ulag-aragatnaşyk düzümini döretmegiň ýurdumyzyň ykdysady we serişdeler babatdaky ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanmakda wajyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny belläp, täze taryhy eýýamda sebitdäki we dünýädäki ähli ýurtlar bilen özara peýdaly söwda-ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirýän Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ugurlarynyň esasy düzümi hökmünde köprüleri, awtoulag we beýleki ýollaryň gurluşygynyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ulag düzümine degişli täze desgalaryň ulanmaga berilmeginiň diňe bir Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzda batly depgin bilen döredilýän transmilli ulag geçelgesiniň wajyp bölegine öwrüljekdigini belledi. 

Mejlisiň barşynda, milli Liderimiz daşary döwletleriň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlary ösdürmek boýunça ylmy-tehniki taýdan gazananlaryny öwrenmegiň zerurdygyny belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny hem-de milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, olaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň möhüm orny eýelejekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de ylym, bilim ulgamynyň ösdürilmegine, ýurdumyzyň alymlarynyň zähmetiniň mynasyp derejede höweslendirilmegine, ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berjekdigini we munuň halk hojalygyny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine ýardam berjekdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy hakyndaky” Karara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ylmy toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatlary geçirmegi hem-de bu Gaznanyň işiniň esasy ugurlaryny jikme-jik kesgitlemegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen, ýurdumyzyň ylmynyň ösdürilmegine oňyn täsiri boljak Gaznanyň ähmiýeti hem-de onuň eýeleýän orny hakynda adamlaryň aňyna giňişleýin maglumatlary ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. 

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň gazturbinaly elektrostansiýalary satyn almagy hakyndaky” Kararyň we “Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň balyk tutujy gämileri satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ony tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmagyň derwaýysdygyny belledi we munuň olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etjekdigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gaz çykaryjy pudakda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, munuň öz gezeginde uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny özleşdirmek we olary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň ýokarlandyrylmagyny, degişli senagat düzüminiň döredilmegini talap edýär diýip belledi. 

Degişli resminama gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kuwwatly gazturbinaly elektrostansiýalaryň gurulmagynyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň elektrik energiýasyna bolan barha ösýän isleglerini üpjün etmäge we degişlilikde pudagyň eksport kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. 

Ýurdumyzyň balyk hojalygyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz pudagyň meýilnamalary Türkmenistanyň ýurduň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek ýaly ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bilen berk baglanyşyklydyr diýip belledi. 

Ýurdumyzyň häzirki zaman balykçylyk hojalygynyň kemala getirilmegi balyk tutulyşynyň, şol sanda Hazar deňzindäki möçberlerini artdyrmagyň kesgitleýji şerti bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz degişli resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti üçin täze balyk tutujy enjamlar we sowadyjylar bilen üpjün edilen iki sany kuwwatly gämi, şeýle hem ýöriteleşdirilen köpugurly balyk tutujy gämi satyn alnar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. 

Hususan-da, önümi paýlaşmak şerti bilen, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) işläp taýýarlan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägindäki ýataklarda gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we düzümi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyndaky giň möçberli taslamalaryň, öňi bilen bolsa, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky baý uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ulgamynda alnyp barylýan işleriň derwaýys ähmiýetiniň bardygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde, şol sanda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýa etmekde bu sebite möhüm orun degişlidir. Türkmen tebigy gazynyň ägirt uly möçberleriniň eksport edilýän ugry bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi hut şu ýerden öz gözbaşyny alýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygynyň, sebitleýin we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýy bolup durýan energetika howpsuzlygyny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, döwletara ylalaşyklarda göz öňünde tutulan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň geçirijilik ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna degişli mesele barada durup geçip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çärelerini göwnejaý, dabaraly we ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, adamlaryň oňat dynç almagy we baýramçylygy şatlykly bellemegi üçin olaryň esasy wezipesiniň tutuş ýurdumyz boýunça tertip-düzgüniň berjaý edilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady. 

Hususan-da, jemagat hojalygy, elektrik energiýasy we suw bilen üpjünçilik ulgamynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, çörek dükanlarynyň we zerur bolan beýleki ähli gulluklaryň talaba laýyk, bökdençsiz işlemegini üpjün etmek barada aýdyldy. 

Bulardan başga-da, milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara 25-nji dekabra çenli ilata zähmet haklaryny, pensiýalary we kömek pullaryny doly tölemek, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli köpçülikleýin dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegini guramak barada anyk tabşyryklary berdi. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer ýük gelip gowuşdy

syrach

31-nji Ýanwarda Döwlet Eýeçiligindäki Desgalary Hususylaşdyrmak Boýunça Satuw Geçiriler