21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşoguzly halyçylar 1490 metr haly dokamagy başardylar.

Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli „Türkmenhaly“ Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň däp boýunça her ýylda geçirýän bäsligine özleriniň iň gowy işleriniň üçüsini hödürlediler. Dört inedördül metr halyda gadymy „örtmen“ nagşy şekillendirilipdir, „Galkynyş“ göli dokalan beýleki iki halyda bolsa, türkmen milli halyçylyk sungatynyň gadymy we häzirki zaman däpleri sazlaşykly berilýär. El hünäriniň netijesi bolan halynyň her inedördül metrinde 290 müň sany çitim çitilipdir.

Daşoguzly haly ussatlarynyň dokan halylary bu günki gün „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalaryny, Aşgabat we Daşoguz şäherleriniň Ruhýet Köşklerini bezeýär.

Daşoguzly ezber elli halyçylar şu ýylyň diňe soňky dört aýynda 1490 inedördül metr haly önümlerini dokamagy başardylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Wideoşekilli Iş Maslahatynda Welaýatlary Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Meselesine Seredildi

FIFA-nyň Referisi Çary Gurbanow: «Wideo Kömek Ulgamy Adalatly Netije Çykarmaga Mümkinçilik Berer»

Hazaryň Kenarýaka Zolagynyň Ýataklary Işlenilýär