29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiñ ýeñijisi Şwesiýa boldy.

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwda geçirlen 57-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiñ ýeñijisi Şwesiýa boldy.

42 ýurduñ gatnaşmagynda Bakuwda geçirlen we 5 gün dowam eden Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginde Ýuforýa atly aýdymy bilen Şwesiýaly Loren ýeñiji boldy.

57-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginde hemmeleriñ ünsüni özüne çekmegi başaran Russiýanyñ wekili “Buranowskiýe babuşki” ady bilen tanalýan rus garry eneleri bolsa bäsleşikde 2-nji orny eýeledi.

Serbiýa bolsa bäsleşikde 3-nji orny eýeledi.

azerbaýjanly aýdymçy Sabina Babaýewa bolsa dördünji ýeri eýeledi.

Türkiýäniñ wekili Jan Bonomo bolsa 7-nji orny eýeledi. 



Bu 57-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine telewideniýe arkaly tutuş dünýä boýunça 100 milliondan hem gowrak adamyň tomaşa edendigi habar berilýär.

Azerbaýjanda geçirilen bu halkara festiwala Ermenistan gatnaşmakdan ýüz öwürdi.  Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly konfliktler sebäpli Azerbaýjan bilen Ermenistanyň gatnaşyklary dartgynly bolmagynda galýar.

Geljek ýyl 58-nji Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşigi Şwesiýada geçirler. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ukrainada mitingler güni.

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Ähmiýetli Wakalarynyň Üstünde Durlup Geçildi

turkmenhabargullugy

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach