19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Daşoguzyň Beki Seýtäkow Adyndaky Mugallymçylyk Mekdebiniň Döredilenine 90 Ýyl Doldy

Daşoguzyň Beki Seýtäkow Adyndaky Mugallymçylyk Mekdebiniň Döredilenine 90 Ýyl Doldy

Ýurdumyzda iň baýry okuw jaýlarynyň biri 1927-nji ýylda mugallymçylyk tehnikumy diýlip döredilipdi. Üç ýyldan soň başlangyç synp mugallymy diýip diplom alanlaryň ýüzüsi onuň ilkinji uçurymlary bolupdy. Mekdep işlän döwründe umumy bilim berýän mekdepler üçin başlangyç synp mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralry üçin terbiýeçileriň ýigrimi müň bäş ýüzden gowragyny taýýarlady. Onuň uçurymlarynyň arasynda ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan tanymal ylym, edebiýat we beýleki pudaklaryň işgärleri bar. Mekdep Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Saparmet Hojaýew, Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow ýaly we beýleki tanymal uçurymlaryna guwanýar.

Häzirki wagtda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde ýurduň beýleki bilim edaralarynda bolşy ýaly, dünýäde gazanylananlar we milli mugallymçylyk däpleri göz öňünde tutulyp, okuwçylaryň hemmetaraplaýyn intellektual we beden taýdan ösmegi üçin zerur şertleriň ählisi döredilen. Okuw prosesi interaktiw usullary we bilim täzeliklerini giňden ulanmaga esaslanýar. Dürli okuw-usulýet we çeper edebiýatlar, şeýle hem pudaga degişli elektron neşirler ýygnalan kitaphana geljekki mugallymlaryň hyzmatynda.

Daşoduz welaýatynda, ýurduň beýleki sebitlerindäki ýaly, dürli bilim edaralary kändir. Häzir bu ýerde oba hojalyk instituty, sungat, lukmançylyk, maliýe, oba hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýörüteleşdirilen mekdepleriň birnäçesi, umumy bilim berýän mekdepleriň 500-den gowragy bar. Innowasion ösüş we multilingiwallyk konsepsiýasyna laýyyklykda bilim bermek işine multimediýa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, takyk ylymlary we maglumatlar tehnologiýalaryny, daşary ýurt dillerini öwrenmäge, şeýle hem okuwçylaryň we talyplaryň döredijilik hem-de ylmy-barlaglara endiklerini höweslendirmäge uly üns berilýär.

Degişli makalalar

Göçme sergi ýola düşdi.

syrach

2018 Yılı Türkmenistan’da «Türkmenistan Büyük İpek Yolu’nun Kalbi» Yılı Olarak İlan Edildi

Kanadanyň Täze Ilçisi Ynanç Hatynyň Nusgalaryny Gowşurdy